Yhlasb
Yhlasb
29.07.2020 00:39
Salam dostlar bu habary eşidipdiñizmi? Bu ýyl Türkmenistanda Lebap welaýatynda 23 kg bolan garpyz ýetişdirildi. Bu garpyzy Lebap welaýatynyñ ýaşaýjysy Gülzada Allaberenowa ýoldaşy Halmyrat Hüseýinow
Yhlasb
28.07.2020 23:59
Adam üçin iñ uly howp uly maksatlar goýup pesine ýetmek däldir, has pes maksat goýup şonuñ bilen çäklenmekdir-Michelangelo
4
374
Yhlasb
Yhlasb
27.07.2020 00:04
Salam dostlar bu postumda size adamlaryñ köpüsiniñ ýalñyş bildigi ýa-da üns bermeden dogrudyr diýip pikir etdigi zatlar barada gürrüñ bermekçi. Bu gün birisini aýdyp geçmekçi soñra islänler tapylsa
Yhlasb
26.07.2020 21:18
-Kapitan Kuk Antarktidadan başga ähli gury ýere aýak basan ilkinji adamdyr.
-Adam diñe swetofora garaşmak bilen ömrüniñ 2 hepdesini geçirýär.
-Orta asyrlarda çagalara ertirlikde piwo beripdirler.
-Germaniýada sürüjiler köplenç jerimeleri kanuny bozanlary üçin däl-de polisiýalara sögünenleri üçin töleýärler.
-Arylar hiç haçan ýatmaýarlar.
-Gök kitleriñ ýüregi toyota sienna awtomobiliniñ ululygy bilen deñdir.
7
649
Yhlasb
25.07.2020 20:08
Salam dostlar bu gün size bir sorag bermekçi her kim aşakdan öz teswirini ýazsyn bir günden soñra jogabyny aýtmakçy.

Ýagny berjek bolýan soragym o diýen kynam däl. Bilşimiz ýaly Ýer öz okunyñ daşyndan 24 sagatda bir gezek aýlanýar. Egerde biz ýerden bagly däl ýagdaýda galyp bilsek meselem wertelýot ýa-da howa şary arkaly ýokarda birnäçe wagt galsak we soñra ýere düşenimizde başga bir ýerde bolup bilerismi? Ýer aşakda aýlansa we biz gelenimizde başga ýerde bilerismi? Eger bolar diýýän bolsañyz onda näme üçin bu ýoly ulanmaýarys? Bolmaz diýýän bolsañyz hem näme üçin bolmaz?

Düşünensiñiz diýip umyt edýän bu sorag siz üçin gyzyklymy?Gyzykly bolsa like basmagy unutmañ!
12
1 723
Yhlasb
24.07.2020 03:37
Mendeleev-iñ periodik sistemasyna täze element goşuldy.
Elementiñ ady: gyz
Simwoly:gz
Massasy:ýürek edip sorap bolmaýar
Fiziki häsiýetleri:
1.Sähelçe zada gaýnap dökülýär.
2.Gowy, ýakymly sözler aýtsañ çalt ereýär.
3.Ýalñyş hereket etseñ partlama häsiýeti bar.
Himiki häsiýetleri:
1.Keýpine reaksiýa girýär.
2.Ýokary derejede durnuksyz.(hemmesi däl)
3.Altyn,kümüş ýaly elementlere ýakynlyk duýýar.

Tebigaty:gaty gymmat we çylşyrymly häsiýete eýe.
4
1 152
Yhlasb
23.07.2020 00:35
Bir gün biri jigisini taksa mündürmäge getiripdir. Taksiste:-bu çaga gaty köp gepleýändir, üns bermersiñizdä diýipdir. Taksistem bolýa diýip alypdyr. Ýola düşenlerinden soñ ýañky çaga gürlemäge başlapdyr: - eger kakam öküz, ejem sygyr bolan bolsa onda men gölejik bolardym, eger kakam horaz, ejem towuk bolan bolsa men jüýjejik bolardym diýip gürläp gidip otyr diýýä.
Taksistiñem gahary gelip kakañ narkaman, ejenem gutaran däli bolan bolsa näme bolardyñ? diýse.
Çaga:- taksist bolardym ? ?????
6
1 392
Yhlasb
22.07.2020 23:04
Kimiñ ýadyna düşýä köçe futbolunyñ düzgünleri:

1.Oýun haçanda oýunçylar ýadanda gutarýar.
2.Emin ýok
3.Iki sany kerpiçden derweze ýasalýar.
4.Penalti haçanda ýykylan oýunçy ýykylyp gatyrak sögünende bellenýär.
5.Akyla gelmejek hasap (23-35)
6.Haçanda pökginiñ eýesi gaty görende, oýun tamamlanýar.
7. Iñ semizi derwezä durmaly. ????

Başga nähili düzgünler bardy goşup bilersiñiz meñä ýadyma düşýäni şular. ???
7
1 013
Yhlasb
22.07.2020 10:28
Seni hemmäñ söýjek wagtam bor elbet,
Olam janyñ teni terklän mahaly.
Ruhuñ guşlar kimin ganatyn ýaýyp,
Jesediñi ýere örklän mahaly.

Şondan soñ ýigrenýän tapylmaz seni,
Sebäp ne sesiñ bar, ne üýn, ne hiliñ.
Hiç kimiñ şanyna gözüñ dikilmez,
Özüñ bilen gider ýiti zehiniñ.

Böwet däl sen indi ynsan ýoluna,
Hiç kişiniñ abraýyna şärik däl.
Çykasyñ ýok ,,ägirtleriñ '' alnyna,
Ýa ussatdan ozup barýan şägirt däl.

Çyndan akan gözýaş gymmata düşer,
Ruh,imanyñ barjasyny gadaklar.
,,Merhum'' bolar iñ bir şöhratly adyñ,
Ýaltananlar ,, öli '' diýip gödeklär.

Ýigrenilmegmize özümiz sebäp,
Ýa ylahdan gelen artykmaç ukyp,
Garaz Ýalançyda ,, öli '' bolmasañ,
Ýakañy göýbermez basdaşdyr, rakyp.

Kerim Hally
12
881
Yhlasb
21.07.2020 15:16
Bolan waka hökman doly okañ!

12-13 ýaşlarymdadym. Gijäñ ýary daşardan eşidilen goha ýerimden turdum, meniñ otagymyñ penjiresi goñşular tarapa bakyp duransoñ ses maña has gaty eşidilýärdi. Derrew penjireden seretdim goñşymyz içip gelipdir, aýalyna azar berýä, ýerime geçip ýatjak boldum ýöne olañ gohy ýatmaga goýanokdy. Ahyry çydaman penjiräni açyp ,, Gohuñyzy goýaýyñ! '' diýip gygyrdym. Olar maña seredip sessiz durdular soñra goñşymyz maña tarap ýöremäge başlady, oñ gelýänini görüp penjiräni ýapdym. Birnäçe gezek açmaga synanyşdy soñra ýene-de aýalynyñ ýanyna gaýtdy. Aýalyny öllür ýaly urup öýe girip gitdi, soñra eli bir zatly daşaryk çykdy. Aýalyna söwünip oña tarap golaýlanda elindäkiniñ pyçakdygyny bildim. Ol şol gelşine aýalynyñ garnyndan pyçagy sokdy, meñ ýüregim ýaryldy. Aýaly görgüli meñ penjiräme tarap ylgady ýoldaşy hem yzyndan gelýärdi. Aýaly ýüzüni meñ aýnama tutup : ,,Kömek ediñ! '' diýende, adamsy aýalynyñ saçyndan tutup, damagyna pyçagy diräp, birden pyçagy çekip göýberdi. Onuñ boýnundan syçran gan meñ aýnamyñ ýüzüni tutdy. Men bar sesim bilen gygyryp kakamyñ jaýyna tarap ylgadym. Ol adam meñ penjirämi döwüp içerik girdi, men bolsa kakam dagyny turuzdum. Kakam gapyny açanda men gepimi düşündürip bilmän sakawlap durdum. Ol ylgap gelip kakamyñ garnyndan 2-3 gezek pyçagy sokdy, soñra ýerinden turan ejemiñem garnyndan 3-4 gezek pyçagy sokdy. Soñra meniñ yzymdan ylgamaga başlady. Meniñ hem gorkyma elim-aýagym saññyldap durdy. Zordan gaçjak bolamda ol meni tutup bir gyra zyñyp goýberdi. Men oña :,, Daýy beýtmäýdä meni öldürme diýip'' ýalbardym. Ol maña : ,, Sen hemme zady gördüñ sen diri galsañ polisiýa meni tapar '' diýip maña hem pyçagyny urmaga başlady... gözümi açsam ýerimde ýatyryn hiç hili pyçak yzy hem ýok . Penjireden seretsem ol gelneje hem sygyr sagyp oturan eken. Kakam işe gidipdir, ejemem :,, turduñmy oglum'' diýip meñ ýanyma geldi. Düýşüm eken.

Şeýle postlaryñ dowamy üçin like basmagy unutmañ!
8
1 035