Yhlasb
29.07.2020 00:39
Salam dostlar bu habary eşidipdiñizmi? Bu ýyl Türkmenistanda Lebap welaýatynda 23 kg bolan garpyz ýetişdirildi. Bu garpyzy Lebap welaýatynyñ ýaşaýjysy Gülzada Allaberenowa ýoldaşy Halmyrat Hüseýinow bilen ýetişdirdi.

Maşgala başy mehanizator bolup işleýär, Gülzada gelneje bolsa pagta we bugdaý ýetişdirýän daýhan birleşiginden kärendesine ýer alýar.2011-nji ýyldan bäri ýoldaşy bilen bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Olar birnäçe gezek ýurdumyzda iñ uly bakja ekinlerini ýetişdirmek boýunça konkurslarda ýeñiş gazandylar. Olaryñ aýtmagyna göre iñ uly ýetişdiren garpyzlary 25 kg bolupdyr.

Ýeri gelende aýtsak dünýädäki iñ uly garpyz rekordy 159 kg-dyr. Bu garpyz ABŞ-da ýetişdirilipdir we Ginnesiñ rekordlar kitabyna hem girizilendir.

Gülzada Allaberenowa- Uly garpyzlary ýetişdirmek biziñ hobbimiz boldy. Munuñ üçin bir düýpde bir miwe goýýarys, ýöne artykmaç dökün bermeýäris- diýip aýtdy.

Bu ýyl hem maşgala ýarym gektar meýdana garpyz, şonça meýdana hem gawunyñ dürli sortkaryny ekdiler. Alynan bol hasyly satmaga Türkmenistandaky söwda nokatlaryna iberýärler.

Çeşme: türkmenportal.com
Bellik: bu saýtda rus dilinde ýazylypdyr. Sözme-söz bolmasada başardygymdan türkmen diline terjime etdim.
4
515
Blume?
29 Iýul 2020
Ay duyn bizem birini yolduk yone 22 kg boldy

Adamlar gaty ichgysgynclai gelenim yany welin eyyam gidesim gelip dur.Ovrenmelinin gyzygy gun gunden gacyamy ya menin gownumemi
Myhman Myhman
29 Iýul 2020
Dogri ????? al menenem bir like
Yhlasb
29 Iýul 2020
erkintank,bu suratdaky däl bolaýmasa , siziñki näçe kg boldy?
erkintank
29 Iýul 2020
Menem yetisdirdim munun yaly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.