Bolan waka hökman doly okañ!
12-13 ýaşlarymdadym. Gijäñ ýary daşardan eşidilen goha ýerimden turdum, meniñ otagymyñ penjiresi goñşular tarapa bakyp duransoñ ses maña has gaty eşidilýärdi. Derrew penjireden seretdim goñşymyz içip gelipdir, aýalyna azar berýä, ýerime geçip ýatjak boldum ýöne olañ gohy ýatmaga goýanokdy. Ahyry çydaman penjiräni açyp ,, Gohuñyzy goýaýyñ! '' diýip gygyrdym. Olar maña seredip sessiz durdular soñra goñşymyz maña tarap ýöremäge başlady, oñ gelýänini görüp penjiräni ýapdym. Birnäçe gezek açmaga synanyşdy soñra ýene-de aýalynyñ ýanyna gaýtdy. Aýalyny öllür ýaly urup öýe girip gitdi, soñra eli bir zatly daşaryk çykdy. Aýalyna söwünip oña tarap golaýlanda elindäkiniñ pyçakdygyny bildim. Ol şol gelşine aýalynyñ garnyndan pyçagy sokdy, meñ ýüregim ýaryldy. Aýaly görgüli meñ penjiräme tarap ylgady ýoldaşy hem yzyndan gelýärdi. Aýaly ýüzüni meñ aýnama tutup : ,,Kömek ediñ! '' diýende, adamsy aýalynyñ saçyndan tutup, damagyna pyçagy diräp, birden pyçagy çekip göýberdi. Onuñ boýnundan syçran gan meñ aýnamyñ ýüzüni tutdy. Men bar sesim bilen gygyryp kakamyñ jaýyna tarap ylgadym. Ol adam meñ penjirämi döwüp içerik girdi, men bolsa kakam dagyny turuzdum. Kakam gapyny açanda men gepimi düşündürip bilmän sakawlap durdum. Ol ylgap gelip kakamyñ garnyndan 2-3 gezek pyçagy sokdy, soñra ýerinden turan ejemiñem garnyndan 3-4 gezek pyçagy sokdy. Soñra meniñ yzymdan ylgamaga başlady. Meniñ hem gorkyma elim-aýagym saññyldap durdy. Zordan gaçjak bolamda ol meni tutup bir gyra zyñyp goýberdi. Men oña :,, Daýy beýtmäýdä meni öldürme diýip'' ýalbardym. Ol maña : ,, Sen hemme zady gördüñ sen diri galsañ polisiýa meni tapar '' diýip maña hem pyçagyny urmaga başlady... gözümi açsam ýerimde ýatyryn hiç hili pyçak yzy hem ýok . Penjireden seretsem ol gelneje hem sygyr sagyp oturan eken. Kakam işe gidipdir, ejemem :,, turduñmy oglum'' diýip meñ ýanyma geldi. Düýşüm eken.
Şeýle postlaryñ dowamy üçin like basmagy unutmañ!