Yhlasb
27.07.2020 00:04
Salam dostlar bu postumda size adamlaryñ köpüsiniñ ýalñyş bildigi ýa-da üns bermeden dogrudyr diýip pikir etdigi zatlar barada gürrüñ bermekçi. Bu gün birisini aýdyp geçmekçi soñra islänler tapylsa dowamy hem bolar.

Bu günki temamyz adamlaryñ gorkýan jandarlary barada. Siz haýsy jandardan gorkýarsyñyz? Näme üçin gorkýarsyñyz? Gorkmak adamda we beýleki jandarlarda doga bar bolan bir refleksdir. Meselem eliñizi oda ýakynlaşdyrsañyz eliñizi çekmeden duryp bilmersiñiz. Bu refleksler sizi janyñyza howp salyp biljek zatlardan goramak üçin zerurdyr.

Geleliñ asyl temamyza näme üçin jandarlardan gorkýarys bizi öldürip biljekdikleri üçinmi? Onda gorkmagyñyz gerekli zat akula ýa-da ýolbars bolup bilermi? Dünýäde akulalar ýylda ortaça 6 adamyñ ölümine sebäp bolýarlar. Möjekler 10 adamyñ ölümine, ýolbarslar bolsa bir ýylda ortaça 22 adamyñ ölüme sebäp bolýarlar.
Piller-500 ölüme, gurçuklar-700 ölüme,krokodiller-1000 ölüme ýylda sebäp bolýarlar.
Sese siñekleri-10000 ölüme sebäp bolýar. Itler-35 müñe, ýylanlar bolsa 100 müñe ýetýär.

Bu jandar ýylda ortaça 437000 adamyñ ölmegine sebäp bolýar. Onuñ haýsy jandardygyny bilýäñizmi? Adamlar. Gynandyryjy bir zat özümiz özümize duşman. We iñ gorkmagyñyz gerekli ýagny iñ köp adamyñ ölümine sebäp bolýan jandarlar bolsa çybynlardyr. Olar sebäpli ýylda.750000 adam aradan çykýar.

Adamyñ iñ güýçli we köne duýgularyndan biri gorkudyr.

Indi gorkýan jandaryñyzy täzeden pikirlenip görüñ! Tema gyzykly bolan bolsa bir zatlar öwrenen bolsañyz like basmagy unutmañ!


9
823
BagtyýarGeldiýew
28 Iýul 2020
Myhman Myhman,howwala derisini sypyryp otda gowurup iyibermeli eken
Berdi s ý
28 Iýul 2020
Meni jandarlardan diñe hudaýaty ( богомол ) gorkuzyp bilýa. Sebäbi sag yada çep egniñde birden peýda bolyany üçin. A ýone ozuni gorenim üçin kan gorkamok.
Gunay
27 Iýul 2020
Hytaylylar adam tutyp iymeseler sukur edin
Aýjagaz?
27 Iýul 2020
Hytaylara iyya yylany gurbagany yarganaty mena blmk olar sondada yasayarlar gen galyjy zat
ideallider
27 Iýul 2020
Jandar hem bolmasa Iň beter Alladan gorkýan. Galanzadyň bir alajy tapylar.
Myhman Myhman
27 Iýul 2020
Yylan name iyilyami
BagtyýarGeldiýew
27 Iýul 2020
Mena on yylannan gorkyadym sebabi kici wagtym meni cakypdy bizem ony tutup iydik sonnon son yylannanam gorkamok
Gunay
27 Iýul 2020
Men hemme hawdandan gorkyan cynymy aydayyn dasdan gorsemem yuzum apak bolup bedenim sowaya bilemok name ucin
Blume?
27 Iýul 2020
Ay mena dine Möýden gorkyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.