Seni hemmäñ söýjek wagtam bor elbet,
Olam janyñ teni terklän mahaly.
Ruhuñ guşlar kimin ganatyn ýaýyp,
Jesediñi ýere örklän mahaly.
Şondan soñ ýigrenýän tapylmaz seni,
Sebäp ne sesiñ bar, ne üýn, ne hiliñ.
Hiç kimiñ şanyna gözüñ dikilmez,
Özüñ bilen gider ýiti zehiniñ.
Böwet däl sen indi ynsan ýoluna,
Hiç kişiniñ abraýyna şärik däl.
Çykasyñ ýok ,,ägirtleriñ '' alnyna,
Ýa ussatdan ozup barýan şägirt däl.
Çyndan akan gözýaş gymmata düşer,
Ruh,imanyñ barjasyny gadaklar.
,,Merhum'' bolar iñ bir şöhratly adyñ,
Ýaltananlar ,, öli '' diýip gödeklär.
Ýigrenilmegmize özümiz sebäp,
Ýa ylahdan gelen artykmaç ukyp,
Garaz Ýalançyda ,, öli '' bolmasañ,
Ýakañy göýbermez basdaşdyr, rakyp.
Kerim Hally