Tayler
26.05.2025 19:39
ÖMRÜMIŇ BIR ÝYLY

Hoşlaşdym,
Ömrümiň ýene bir ýylyn
Ugratdym, geçmişe ýolladym bu gün.
O menden hoşalmy ýa-da närazy
Bilmedim, biljegem bolmadym bu
gün.

Gitdi,
Ne ýylgyrdy, ne gaşyn bürdi,
Ne-de bir gaňrylyp seretdi maňa.
Ýa menden sypanna begendi juda,
Ýa-da agraslygyn göz etdi maňa.

Hawa, ol dil ýarman,
Syr bermän gitdi...
Men bolsam penjiräň geçip öňüne,
Oň yzyndan garap galdym, tisgindim,
Ýeten wagty adamlaryň deňine.

Oýlandym: «Gör, olar näme diýerkän
Çekindim: «Oň ýüzün dalarlar
hökman».
Bir gowy zat, salamyny aldylar
Hemem ýol berdiler gaşlaryn çytman.

Diýdiler: «Başarsaň, ýagşylyk etdiň,
Şükür, ýamanlyg-a görmedik senden.
Hasyly azyrak berdiň sen oňa,
Nätjekd-ä, goý, onam görsün
özünden».

Soňam edep bilen saldylar ýola,
O bolsa ýene-de howlukdy, gitdi.
Kem-kemden giňişlik gerdi perdesin,
Gözýetime siňdi, gözümden ýitdi.
O gitdi...
«Nätjek-dä, görsün özünden»
Wah, şu jümle welin gulagmy gazap,
Beýnimi, ýüregmi mynçgap başlady,
Sähelçe pursatda çekdim kän azap.

Alaç ýok, geçeni geçdi bilmeli,
Öz eden günäňi çekmeli özüň.
Pursat bar, belki-de, geljekki günler
Hasylsyz ýylyňam dolar öwezin.

Ýöne bir kişini ynjaldan bolsam,
Ýa nähak iteklän bolsam men oda,
Şoň öwezin welin dolup bolmazdy,
Bejerip bolmazdy ömürylla-da.

Penjiräň öňünden aýryldym ahyr,
Azajyk teselli berdi şo pikir.
...Ýamanlyk etmedim özümden özgä,
Ah, şuňa-da şükür,
Şuňa-da şükür.

Italmaz Nuryýew.
6
74
Tayler
25.05.2025 10:27
BOLMAN-DA

Bolman-da...
Bir gezek aglaýandyr-a?!
Elewredip ýürek atly külbesin.
Wyždanymy ýa namysy saklaýar,
Ýollarynyň yza gaýdyp gelmesin.

Bolman-da...
Bir gezek ölýändirem-ä?!
Maňlaýa ýazylan çapraz täleýde.
Aýralygyň ahy zaryn çekýändir,
Gulagyndan şuwlap geçen kä ýelde.

Hasratyn unudyp ýylgyrýandyram,
Geçen bagtly günleň satirasyna.
Bolman-da...
Bir gezek ýatlaýandyr-a?!
Ol meni çyn söýgiň hatyrasyna.

Author: Nurmuhammet HAŞYROW
7
55
Tayler
21.05.2025 08:35
ÝÜREKDEŞE...😊❤

Ýene-de oýamyň gijäň ýarymy?
Ýene-de bimaza edýärmi gussaň?
Ýene-de dört diwar gysyp-gowuryp,
Ýene-de depäňe ýakynmy asman?

Ýene bir nokady gözleriň bilen,
Deşäýjek bolýaňmy?
Ýüregiň go:rmy?
Kalbyň dyrmalanyp, göwnüň döwülip,
Başyň dumanlymy?
Gursagyň darmy?

Ýene ýel düşdümi naçar ýüregňe?
Damarlaň dartylyp, kirşe döndümi?
Birsydyrgyn günler ýaly pikirler,
Çakylyksyz gelip ukyň böldümi?

Köňlüň kapasadan boşaýsam diýip,
Ýöne el-aýagyň bagly ýalymy?
Ýene-de birahat edýärmi dünýä,
Ýene-de oýamyň gijäň ýarymy?

— Sapa Hommadow.
6
89
Tayler
20.05.2025 10:49
Açyş

Didämiñ owasyn, süpürýän zol-zol,
Gözöñümde galan keşbiñ aýrara.
Şer bolmady diýsek, aýrylmagymyz,
Soña-baka öwrülmedi haýra-da.

Belki, ýyldyzlarda günä-de ýokdur,
Ýolumyza çykmagynda üýtgeşik.
"Sähetlisi" diýlip, alynan şenbe,
Täleýmizi başarmady üýtgedip.

Biziñ aýrylmagmyz bize aýandyr,
Özgeler güman,
çak,
töhmet daşarlar.
Gursagymda sorag bolup gizlenen
Seni - goşgularmy okap açarlar.

Düşünerler maña,
diñe şondan soñ,
Berçigen ýüregmiñ çiş bolandygna.
Hemem meñ ir giden söýgümiñ gaýdyp
Gelmegi üçinem giç bolandygna!

@... Nurmuhammet HAŞYROW
5
44
Tayler
13.05.2025 22:13
SENSIZ

Baglar bar abraýyn dökdüler sensiz.
Bulutlar gar bolup çökdüler sensiz –
Sensiz öz-özüni asdy şagalaň.
Isle — ýer ýumrukla.
Isle — çabalan.

Ölseň — ýeriňkidiň, ölmeseň — meňki.
A ýeriň dört gezek üýtgedi reňki.
Süýndi ykmanda ýel dilini sallap.
Geçdi ýolagçy ýyl elini salgap.

Suwdan çykarylan balyga döndüm.
Dyza çökerilen şalyga döndüm.
Gijeler bir ýyllap gysgalmadylar.
Dostlar göwünligin gysganmadylar.

Bir semiz kalendar gutardy igläp.
Aglardan giç bu gün.
Gülerden irräk.

@... ŞIRALY NURMYRADOW
7
113
Tayler
07.05.2025 18:26
Ir säher “Ertiriň haýyr” diýmedim,
Hal-ahwalyň soramadym ýygydan.
Düşünýän, kän gezek igenensiňem
Bolmanyma “hyýaldaky ýigidiň”.

Gujak-gujak gül bermedim iller deý,
Doglan günüň ýatdan çykdy kä pille.
Meni “şahyr” diýip söýenem bolsaň,
Şahyrlarça wasp etmedim käkilleň.

Ýöne sen meň bilen deň bolma, dünýäm,
Wah, nädeýin, perwaýsyz men dogluşdan.
Kä bildirip, kä bilniksiz ynjansyň,
Haýyş, meni bagyşlawer, ýalňyşsam.

Uçursyz mähre zar gyzlyk dünýäňe
Ýazgarma büs-bütin girmänim üçin.
Ýazgarmakçy bolsaň hökman bir zatda,
Ýazgar, seni söýüp irmänim üçin!

©Sapa HOMMADOW
8
100
Tayler
03.05.2025 11:59
SEDA


Pynhan görkli sen ýaly gyz

Diňe düýşde görülýändir.

Hem kemmagal,

ýöne şahyr

Ýigitlere berilýändir.


Men saňa ýarym diýerdim,

Men saňa ýa:ry:m diýerdim.

Sensiz ýarty galyp, dilber,

Çekdim yşkyň bitin derdin.


Ýaşlyk düýne sary gitdi,

Söýgi düýşe sary gitdi.

Gijäm—gara basyrganma,

Gündizlerim—sary ýitgi.


Gujagymda owsun atan

Derýamdyň sen, men hanadym.

Boşap galdym,

Kim köp gördi

Humaý mähriňden gananym!?


Halyň niçik, ýatan bagtym,

Del gapyda bir ýat bile?

Tüweleý deý ýanan bagryň

Daraýarmyň perýat bile?

Meni şindem ýatlaýarmyň

Günler ýanyp ýaşanynda?

Güýzde sary sapak bolup

Murgap derýa ýatanynda?


Gije—Leýliniň ahy deý

Gara saçyn ýaýanynda,

Solgun güýz sessiz agy deý

Gamgyn ýagyş ýaganynda?


Ýatla meni,

ýaşla didäň,

Ýatda meni, eýleme terk!

Aglaşmasaň,

ýalňyz meniň

Agym bilen egsilmez dert!


Odum öçüp—ýylysy däl,

Garaört ýeri galypdyr.

Posaň yzy deý sähere

Gam duman deý garylypdyr.


Aýlar geçer, günler geçer,

Kä undaryn,

Aglaryn kä.

Gynanamok eger-eger

Sensiz ömür geçende nä...😕

— Nobatguly Rejebow.
7
101
Tayler
29.04.2025 17:23
Adamlary birleşdirýän duýgulary, aýra salýan bolsa pikirleridir.

Gýote
13
227
Tayler
25.04.2025 18:45
Gerek däl. Ötägit. Özüň aklama,
Barybir öz pikirlemden dänmerin.
Meň duýgulam barmaz seniň aklyňa,
Keseki doldurar dolmadyk ýeriň.

"O dünýede hökman duşarys!" diýme,
Şu dünýede gören görgim azmy nä.
Sen zerarly şine ýardy beýnimde
Saňa duşanymdan soňky bar günä.

Ynsap, behişt hakda gürrüň otardyň,
Göz aýlap gördüňmi ylahy ylma?
Gitdiň.
Men maňlaýym tutdum oturdym,
Şol ýerde bir maňlaýyma ýazylma.

Ýogsa How enäniň edenin edip,
Ýene meni düşürersiň şu ýere.
Menem Adam ýaly, ugruňa gidip
Haýyrly pikirlem çalşaryn şere.

Şonuň üçin duşma dagy-duwara,
Sen bar bolsaň jennet maňa haramdyr.
Derdim hakda gürlärin men suwara,
Her setirim ruhumdaky ýaramdyr.

Ýaşa, ýaýna, adamlardan ýaşynma,
Ýaşa dünýäň gowuz ýerin dolduryp.
Hyrydarlaň kän bolsa-da daşyňda,
Menem seni gazanmandym ýol urup.

Eýýup ruhum sabyr eder bar günlem,
Men özümi hiç beladan goramok.
Söýýänimi subut etmändim, indem
Ýigrenýänim üçin ötünç soramok.

Seýitmyrat Geldiýew
6
125
Tayler
20.04.2025 12:34
«Dama-dama köl bolarmyş» diýdiler.

Bu yşk, dama-dama umman bolaýdy...

Barlygyň kem däldi, ýoklugyň weli,

Durnamyň üstüne urnam bolaýdy.


Tutuş durky sabyr bilen salyhat,

Kämil eken, Söýgi diýlen halypa.

Ähli ugradany birje sahypa,

Okap, dünýä içre dünýäm bolaýdy.


Onsoň parhyn bilmän ýaz bilen gyşyň,

Bak, nirä ugrady köňül argyşym?!

Çägin tapdym ýalan bilen ýalňyşyň,

Ýaka tutup, hersi bir ýan bolaýdy.


Köplenç asmanda ýerleşip ýören,

Hyýala derdinip, ýeňleşip ýören,

Özi-özi bilen gürleşip ýören,

Göwnüm şu sözleri diýýän bolaýdy:

«Taryp edip bilýän, öwüp bilmeýän.
Syndyryp bilýärin, döwüp bilmeýän».

Diýdiler: «Sen onda söýüp bilmeýäň».

Menden başgalaram «söýýän»bolaýdy...

Aýgül Garaýewa
8
146