Tayler
20.04.2025 12:34
«Dama-dama köl bolarmyş» diýdiler.

Bu yşk, dama-dama umman bolaýdy...

Barlygyň kem däldi, ýoklugyň weli,

Durnamyň üstüne urnam bolaýdy.


Tutuş durky sabyr bilen salyhat,

Kämil eken, Söýgi diýlen halypa.

Ähli ugradany birje sahypa,

Okap, dünýä içre dünýäm bolaýdy.


Onsoň parhyn bilmän ýaz bilen gyşyň,

Bak, nirä ugrady köňül argyşym?!

Çägin tapdym ýalan bilen ýalňyşyň,

Ýaka tutup, hersi bir ýan bolaýdy.


Köplenç asmanda ýerleşip ýören,

Hyýala derdinip, ýeňleşip ýören,

Özi-özi bilen gürleşip ýören,

Göwnüm şu sözleri diýýän bolaýdy:

«Taryp edip bilýän, öwüp bilmeýän.
Syndyryp bilýärin, döwüp bilmeýän».

Diýdiler: «Sen onda söýüp bilmeýäň».

Menden başgalaram «söýýän»bolaýdy...

Aýgül Garaýewa
8
147
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.