Tayler
26.05.2025 19:39
ÖMRÜMIŇ BIR ÝYLY

Hoşlaşdym,
Ömrümiň ýene bir ýylyn
Ugratdym, geçmişe ýolladym bu gün.
O menden hoşalmy ýa-da närazy
Bilmedim, biljegem bolmadym bu
gün.

Gitdi,
Ne ýylgyrdy, ne gaşyn bürdi,
Ne-de bir gaňrylyp seretdi maňa.
Ýa menden sypanna begendi juda,
Ýa-da agraslygyn göz etdi maňa.

Hawa, ol dil ýarman,
Syr bermän gitdi...
Men bolsam penjiräň geçip öňüne,
Oň yzyndan garap galdym, tisgindim,
Ýeten wagty adamlaryň deňine.

Oýlandym: «Gör, olar näme diýerkän
Çekindim: «Oň ýüzün dalarlar
hökman».
Bir gowy zat, salamyny aldylar
Hemem ýol berdiler gaşlaryn çytman.

Diýdiler: «Başarsaň, ýagşylyk etdiň,
Şükür, ýamanlyg-a görmedik senden.
Hasyly azyrak berdiň sen oňa,
Nätjekd-ä, goý, onam görsün
özünden».

Soňam edep bilen saldylar ýola,
O bolsa ýene-de howlukdy, gitdi.
Kem-kemden giňişlik gerdi perdesin,
Gözýetime siňdi, gözümden ýitdi.
O gitdi...
«Nätjek-dä, görsün özünden»
Wah, şu jümle welin gulagmy gazap,
Beýnimi, ýüregmi mynçgap başlady,
Sähelçe pursatda çekdim kän azap.

Alaç ýok, geçeni geçdi bilmeli,
Öz eden günäňi çekmeli özüň.
Pursat bar, belki-de, geljekki günler
Hasylsyz ýylyňam dolar öwezin.

Ýöne bir kişini ynjaldan bolsam,
Ýa nähak iteklän bolsam men oda,
Şoň öwezin welin dolup bolmazdy,
Bejerip bolmazdy ömürylla-da.

Penjiräň öňünden aýryldym ahyr,
Azajyk teselli berdi şo pikir.
...Ýamanlyk etmedim özümden özgä,
Ah, şuňa-da şükür,
Şuňa-da şükür.

Italmaz Nuryýew.
6
71
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.