SEDA
Pynhan görkli sen ýaly gyz
Diňe düýşde görülýändir.
Hem kemmagal,
ýöne şahyr
Ýigitlere berilýändir.
Men saňa ýarym diýerdim,
Men saňa ýa:ry:m diýerdim.
Sensiz ýarty galyp, dilber,
Çekdim yşkyň bitin derdin.
Ýaşlyk düýne sary gitdi,
Söýgi düýşe sary gitdi.
Gijäm—gara basyrganma,
Gündizlerim—sary ýitgi.
Gujagymda owsun atan
Derýamdyň sen, men hanadym.
Boşap galdym,
Kim köp gördi
Humaý mähriňden gananym!?
Halyň niçik, ýatan bagtym,
Del gapyda bir ýat bile?
Tüweleý deý ýanan bagryň
Daraýarmyň perýat bile?
Meni şindem ýatlaýarmyň
Günler ýanyp ýaşanynda?
Güýzde sary sapak bolup
Murgap derýa ýatanynda?
Gije—Leýliniň ahy deý
Gara saçyn ýaýanynda,
Solgun güýz sessiz agy deý
Gamgyn ýagyş ýaganynda?
Ýatla meni,
ýaşla didäň,
Ýatda meni, eýleme terk!
Aglaşmasaň,
ýalňyz meniň
Agym bilen egsilmez dert!
Odum öçüp—ýylysy däl,
Garaört ýeri galypdyr.
Posaň yzy deý sähere
Gam duman deý garylypdyr.
Aýlar geçer, günler geçer,
Kä undaryn,
Aglaryn kä.
Gynanamok eger-eger
Sensiz ömür geçende nä...😕
— Nobatguly Rejebow.