SENSIZ
Baglar bar abraýyn dökdüler sensiz.
Bulutlar gar bolup çökdüler sensiz –
Sensiz öz-özüni asdy şagalaň.
Isle — ýer ýumrukla.
Isle — çabalan.
Ölseň — ýeriňkidiň, ölmeseň — meňki.
A ýeriň dört gezek üýtgedi reňki.
Süýndi ykmanda ýel dilini sallap.
Geçdi ýolagçy ýyl elini salgap.
Suwdan çykarylan balyga döndüm.
Dyza çökerilen şalyga döndüm.
Gijeler bir ýyllap gysgalmadylar.
Dostlar göwünligin gysganmadylar.
Bir semiz kalendar gutardy igläp.
Aglardan giç bu gün.
Gülerden irräk.
@... ŞIRALY NURMYRADOW