Relax
05.01.2024 08:25
Eger-de adam başaryanyndan has köp etjek bolmaga synanyşmasa,onda oña hiç haçan nämä ukyplydygyny yüze çykarmak başartmaz.
(Wilgelm Genri).


Üstünlik ir turana däl-de,şähdaçyk halda oyanana gelyär.
(Marsel Aşar).


Bizi gurşap alyan dünyä-biziñ pikirimiziñ aynasydyr.
(Riçard Bah)


Herki zadyñ başy hem ayagy bardyr.Kimde-kim islendik zadyñ başyna hem ayagyna dogry düşünyän bolsa,şol hakykata golay durandyr.
(Konfusiy).


Umumy dil tapjak bolsañ,öz diliñi biraz dişlemeli bolarsyñ.
(P.S.Turanow)


Yeke özüñ akylly bolanyñdan,ähli kişi bilen samasyk bolanyñ gowudyr.
(Baltasar Grasian)


Men üstünlige garaşyp biljek däl we şonsuz yola düşdüm.
(Jonatan Winters)


44
306
Relax
03.01.2024 18:23

Soňky sözler


Himik talybyň soňky sözi:"Ynanyň, professor bu cyndanam gyzykly reaksi....".


Paraşýutistiň soňky sözi:"Bäh, kim alyp bökdikä meň paraşuty.....".


Tam boýagcynyň soňky sözi:"Bu zat meni göterjek ýaly....".


Astronawtyň soňky sözi:"Ýok. Hemme zat gowy. Bu kislorad entek maňa 30 minutlap ýeter...".


Birinji gezek granat zyňýn esgeriň soňky sözi:"Näcä cenli sanamaly diýdiňiz, ýoldaş kapitaa....".


Ýük awtoulagynyň sürüjisiniň soňky sözi:"Bu köpri entek köp wagt cökmän durar....".


Kafedaky aşpeziň soňky sözi:"Birhili garbanyşhanadaky adamlaryň sesleri ýatdyla....".


Formula 1 capyşyjy sürüjiniň soňky sözi:"Bäh, ýaňky tekeri calşan mehanik onuň aýaly bilen ýatyp-turanymy bilmändir öýdýän....".


Kit tutýanyň soňky sözi:"Ine, indi ol biziň garmagymyzda....".


Garawulyň soňky sözi:"Kim bar ol ýerde...".


Sürüjiniň soňky sözi:"Ertir tormozymy barlatmasam....".


Poliseýskiniň soňky sözi:"6 patron, olar hemme oklaryny atdylar...".


Welosipedciniň soňky sözi:"Bärde, bu kamaz maňa ýol bermeli....".


Pyýadanyň soňky sözi:"Ýöredik, ýaşyl ýandy...".


Elektrigiň soňky sözi:"Şu wagt bärde tok ýok bolmal....".


Biologyň soňky sözi:"Bu ýylana men belet. Onuň zäheri öldürmeýä....".


Sapýoryň soňky sözi:"Dogry, gyzyl. Gyzyly kes.....".


Himigiň soňky sözi:"Şuny birneme gyzdyrsak näm....".


Aňtawcynyň soňky sözi:"Jogap ýönekeý. Ganhor siz....".


Oýlap tapyjynyň soňky sözi:"Hany bu mehanizmi barlap göreli....".


Awto instruktoryň soňky sözi:"Hany indi özüň synanşyp gör.....".


Gassabyň soňky sözi:"Dost, şool pycagy zyňsana.....".


Beýleki hünärmenleriň soňky sözi:"Päsgel berme, maňa işimi öwretme.....".

39
390
Relax
31.12.2023 18:54

Salam Öwrenmeli agzalary

Hemmañiziñ ýetip gelýän täze ýylñyz bilen gutlamak bilen geljek täze ýylda ýüzüňizde ýylgyryş we ýüregiňizde söýgi ýakynlaryňyz bilen bagtly, agzybir we asuda Täze ýyly garşy almagyňyzy we bütin ýyly gözellik bilen geçirmegiňizi arzuw edýärin!
- Bosagada geljek - 2024-nji ýyl! Geljek ýylyň her bir güni bagtyýar pursatlara beslensin.Aý, gün we ýyldyzlar ýaly arzuwlaryňyz hemişe şöhle saçmagyny dowam etsin.Geljek ýyl öýüňiziň gapysyny ilkinji bolup söýgi, üstünlik we bagt kaksyn. Durmuş size elmydama garaşylmadyk şatlyklary bagyş etsin!
Goý, geljek Täze ýylda kynçylyklaryňyz çäge zerresi ýaly kiçi, bagtly günleriňiz deňiz ýaly uly bolsun! Gözleriňizden diňe bagt gözýaşlary aksyn! Täze ýylyňyz gutly bolsun!
50
307
Relax
25.12.2023 23:10

1. Ýoluň egriliginden gorkma,päliň egriliginden gork.

2. Ol ýoluna näler seretjekdi,arman garny oňa basjak ýerini görkezmedi.

3. Wezipesi ulaldygyça,adamyň halkyna hyzmat etmek mümkinçiligi köpelýär. A käte nähili bolýar? Onuň wezipesi beýgeldigiçe ,halkyň oňa hyzmat etmek aladasy köpelýär.

4. Göroglyny gowy görýänim hakykat. Ýöne ony öwjek bolsam... Bezirgen ýadyma düşýär.

5. Käte käbir adamlara \" Ol mert,zor,nähili ýagdaýa düşse-de olaryň bir gezegem aglanyny gören ýok \"— diýýärler.

Megerem olar aglamaýandyklary üçin däl-de ,aglaýandygyny bildirmeýändikleri üçin zordurlar.

6 . Sen meni bagyşla,Eşek! Käbir deýýus adamlary saňa meňzedip men seniň mertebäňi peseldýärin.

7. Şalaryň halyna ýüregim awaýar. Şadyklaryna aşa gümra bolup,olar adamdyklaryny ýatdan çykarýarlar.

8. Hapa ýere kän barsaň,burnyň hem hapa öwrenişýär.

9. Iller \"sen,sen\" diýýän bolsa,saňa \"men,men\" diýmegiň geregi ýok.

10. Sen il üçin ýaşabilseň,il seiň üçin ýaşabiler.

11. Goýunlar şeýle bir ýuwaş,şonuň üçinem süriň başyny geçi çekýär.

12. Bilbile iň gözel gül gerek.Ara welin ballyja.

13.Puly gazanmagy öwrenmezden owal sowmany öwrenmeli.

14.Ýigrenmelimi ýigrenmeýänim üçin özümi ýigrenýärin.

15.Onuň senden beýikligi, onuň hakykatdanam beýikligini aňlatmaýar

39
338
Relax
24.12.2023 20:40

Täsin maglumatlar


* Pişikler üçin ýedinji gatdan bökmek,otuz ikinji gatdan bökmekden has howplydyr.


* Bir bakteriýadan bir günüň dowamynda iki müň tonna bakteriya emele gelýär.


* Şagallar keýigi tutandan soň aýagyndan iýip başlaýarlar.


* 2500 m çuňlukda we 3000 gyzgynlykda ýaşaýan bakteriýalar hem bardyr.


* Içegelerde dört ýüzden hem köp bakteriýa ýaşaýar.Ol bakteriýalaryň jemi sany biziň öýjüklerimiziň sanyndan köpdir.


* Enelik deňiz atlary ýumurtgany atalyk deňiz atlaryna berýär.Olar hem 6-8 hepde göterýärler we nesliň dowamy ata deňiz atynyň torbasynda gözüni açýar.(dogulýar).


* Bir ary ketegindäki 30.000 bal arysyny 30 sany eşek arysy 3 sagatda öldürip bilýär.Muňa garamazdan, 300 bal arysy,eşek arysynyň daşynda uçan wagty 50-600gyzgynlyga çydap bilmeýän eşek arysy bolar.


* Günde 1 metre çenli ösüp bilýän çyrmaşyk ösümlikler hem bar.


* Aýy ýaryş atlary ýaly çalt ylgap bilýärler.Sagatda 60km geçmäge ukyplydyr.Ak aýylaryň 3 metr boýy bolup,olaryň agramy 1tonnadyr.


* Möjekler çagalaryna berjek iýmitlerini 30 km ýol ýörese-de aşgazanynda saklap bilýärler.


* Bürgüt uçanda 350 km/sag tizlikde uçup bilýär.


* Bir bakteriýa 1 sekuntda öz daşyndan 100 gezek aýlanyp bilýär.


* Dazzarkeller 4 km uzaklykdan hem ýatan keýikleriň ölümi ýa-da ukuda bolup bolmadygyny duýup bilýärler.


* Erkek çybynlar ösümlik suwuny,ene çybynlar adamyň we haýwanyň ganyny içýärler .


* Balyklar suwda bökenlerinde 10 metr beýiklige böküp bilýärler.

40
324
Relax
23.12.2023 09:48
Aýaz Baba aslynda kim?

Çagalygymyzyñ iñ ajaýyp pursatlarnyñ biridir Täze Ýylda Aýaz Baba garaşmak Ýöne Onuñ bary ýogy bedenterbiýe mugallymmyzdygyny eşidende bar höwesim gaçypdy ýöne gamgyn bolmagyñyza gerek ýok sebäbi Aýaz Baba hekaýasy beýle ýasama hekaýa dal Aýaz Baba Marfalogiýasy gadym dowirden bari dunyan heme yerine yayrandyr Bizin Ayaz Baba diyan kisimiz Anadoluda ýasap gecen Aziz Nikola diyen adamdyr Aziz Nikola öñki döwirde hristan azizlary ýaly mukkades sayyljak ýaly ynancly kişidi Aýaz Babanyñ dünýade iñ meşhur ady Santa Klousdyr başgada Papa Noel we Yewropa Amerika dowletlerinde esasy Kris Kingle ady bilen ulanylýar Aydylmagyna gora onun taryhy mundan onki senelere Pagan ynanjyndan başlap Musure çenli baryp ýetýär.Ýewropada Pagan dini meşhurlygyny ýitirensoñ Hristian dine geçmäge başladylar Ýöne Pagan dinindaki hekayalary üýtgedip Hristian dinine geçdiler.Aziz Nikola IV asyrda Likyanyn (Antalya)Myra (Demre) diýen ýerinde ýaşap geçipdir.Ýaşlygynda Palestina we Musure syýahat etdi.Gaty jomart gowy adam bolupdyr.Garyp düşen 3 gyza kömek edip pularny tölap durmuşa cykarandygyna we öldrip duzly suwa salnan 3 cagany direldendigine ynanylýar. Çagalara süýji sowgat berilmegine degişli yananç bolsa Golandiya hekaysy bolan Sinterss klas hekayasydyr Galandiyañ immigrantlarnyñ üsti bilen Amerika ýaýrady sinterklass ady bolsa soñra santaclousa owrildi ynanja görä AyazBaba cagalara gije sowgat berer eken Yewropada 6njiy dekabyrda çagalara sowgat beren AyazBabanyn guni belenilyar . Ol deñizçileriñ,söwdagärleriñ,okuwçylaryñ,çagalaryñ goragçysydyr.Aýaz Baba gür saçly gür sakaly ulakan garrynly çişik bir adam eken. 1931 nji yylda bolsa ony Coco Cola firmasy ony gyzyl eşikli gara kemerli ak sakgaly yumsak gyzyl şapkaly edip gorkezdi we şondan şoñ şol görnüş ýaýrady.Aýaz Baba şondan soñ meşhur bolup has köp döwlete ýaýrady we kabul edildi. Aýaz Baba yananlar ýalñyşmady...ýetip gelýän täze ýylñyz bilen:))
72
664
Relax
20.12.2023 20:41
....Iki adam sögüşse,içinde akyllysy günäkärdir.Eger haýwan bilen adam oňuşmasa adam günäkärdir,eger halypa bilen şägirt oňuşmasa,halypa günäkärdir.
—Eger är-heleý oňuşmasa haýsy günäkär bolýandyra-a ?—diýip,hemişe wäşiräk Gelen aga syrly ýylgyryp,töweregine seretdi.
—Ýa senem Gelen aga,äşgär zady soraýaň-aýt. " Han azsa,iline azar biýr,aýal azsa ärine"—diýilenidir.Ýöne aýal adama naçar diýilýändir.Ol enedir.Ähli öýüň,maşgalaň keşigem enäniň başyndadyr.Enede hiç hili günä bolup bilmez.
Ata Durdyew.

*****

Otrisatel gahryman diýýäris. Şol termin gahrymanlary parhlandyrmak üçin ulanylýan bolaýmasa, terbiýeleýjilik babatda otrisatel gahryman ýok. Sebäbi, otrisatel gahryman özüne okyjynyň ýigrenjini oýarýan bolsa položitellige öwrülýär.

* * * * * * * *

Gowy hekaýa üzüm agajyna çalymdaş. Suwy, döküni kem ýa artyk berilmedik hem hakyky bagban tarapyndan ýetişdirilen üzüm agajynyň üç-dört sany dokmaňyz hoşasy bolýar. Ol hoşalar onçakly gür bolmadyk saralyp ugran ýapraklaryň arasyndan görnüp durýar. Hekaýada hem sözleriň, ýagny saralan ýapraklaryň arasynda üç-dört sany (köp bolsa has-da gowy) gowy epizod, detal, ýagny dokmaňyz hoşa bolmaly. Şol hoşalaryň ýok ýerinde saralanu-saralmadyk ýapraklar näçe köp bolsa-da, üzüm däl-de, ýapraga bezelen boş agaç bolýar. Şonuň üçinem prozada ýazylmasy kyn eser hekaýa. Sebäbi hekaýanyň mazmunyny poweste ýerleşdirmek kyn däl. Emma powesti hekaýa saljak bolsaň welin, ýapragy kän, hoşasy az üzüm agajy ýaly bir zat döreýär.

* * * * * * *

Edebi döredijilik bilen meşgullanýan adamlary iki topara—ýazyja hem ýazýança bölmek bolar. Sözüň doly manysyndaky ýazyjy az. Meniň eserleri bilen tanyş türkmen ýazyjylarym, şol sanda meniň özümem ýazyjy däl, ýöne ýazýançy. Biz ähli adamzada degişli problemalar hakda oýlanyp bilmän, diňe durmuşyň maýdaja wakalaryny kagyza geçirýäris. Bizde giň örüli duýgy hem-de düýpli pelsepe ýok.

* * * * *

Biz kemsowat bolanymyz sebäpli özümiziň kemsowatdygymyza-da akyl ýetirmäge sowadymyz ýetmeýär. Akyly ýuka adam hiç mahal özüni sowatsyz hasaplamaýar, özünden göwni hoş bolýar.
Atajan Tagan

* * * * *

Dürli-dümen.

Elbetde,peşeden bolar pil ýasap,
Ýöne juda gymmat düşer bu hasap.

***

"Dostum,açygyny aýdaýyn saňa,
Hergiz açyk gürrüň et diýme maňa"

***

Ýeňdi,ýeňmesine jedelsiz ýeňdi,
Ýöne ynandyryp bilmeýşi geňdi?

***

"Dostuň bahsyny bil,bahasyny bil"
Diýip,öz günüme goýaňok meni.
Men onuň bahasyny bilip nädeýin,
Näme,satjak bolup durunmy ony?!
41
154
Relax
18.12.2023 21:21

Simpsonlar bu gezek 2024-nji ýyldaky öñden görüjüligi bilen metbugat gün tertibinde öz ornuny aldy.


Simpsonlar täze ônden görüjilik bilen metbugat gün tertibinde öz ornuny aldy. Bütin dünýäde gyzyklanma bilen tomaşa edilen serialda 2024-nji ýylda “gün tupany” ssenarisi görkezildi. Birden tupandan soň, ähli elektroniki zatlar häsiýetlerini ýitirýär. Ilkinji şertlere gaýdyp gelýäris. 1989-njy ýylyň 17-nji dekabrynda ABŞ-da ýaýlyma başlanan we 33 ýyl bäri işleýän “Simpsons” animasion seriýasy, bütin dünýäde uly janköýer bazasyna eýedir. Koronawirus barada bilýän Donald Trump, prezident saýlawynda ýeňlişe sezewar boldy, akylly sagatlara, Ebola wirusyna, at etini nahar bişirmekde ulanmagyna, Essex Beatles-iň iki muşdagy Pol Makkartniden Beatles-e iberen hatyna jogap alandyklaryny habar berdi. 50 ýyl ozal Simpsonyň öñden görüjilik diňe käbirleri bar. “Fox” -yň Disneýe satylmagy, Leýdi Gaga Super Bowlda, Angliýanyň iň beýik binasy bolan “The Shard” -da çykyş edýär we gurluşygy 2009-njy ýylda başlandy, 1995-nji ýylda Simpsonyň Beýrut partlamasynda Londonyň asmanynda peýda boldy. Smartfonlar we Kobe Braýantyň ölümi ýaly sahnalar bütin dünýäde uly täsir galdyrdy. “SOLAR FLARE” sahnasy bir waka boldy Käbir maglumatlara görä, her 100 ýylda bir gezek bolup geçýän tebigy hadysalar bolan gün tupanlary, bütin dünýäde elektrik togunyň kesilmegine sebäp boljak derejede güýçli diýilýär. Häzirki zaman üçin gaty zyýanly hasaplanýan bu tupan “Simpsons” -da hem görkezildi. “Simpsons” -yň soňky bölüminde sahnada birden partlama boldy we ähli elektron enjamlary ulanyp bolmaýar. Bu seriýadaky gahrymanlaryň saç maşynkalaryn ýerine gaýçy, smartfonlaryň ýerine kagyz we galam ulanýandygy baradaky jikme-jiklikler ünsden düşmedi. Partlamadan soň tutuş dünýä garaňky düşýär we gijeki klubda hezil edýän adam ýaragyny çykarýar.

39
320
Relax
16.12.2023 21:58

Internediñ garañky tarapy

Internet älemi bize her wagt peýdaly bolandyr. Internet şuwagt iñ uly kömekçi we güýmenje. Biz internetden islän zadymyzy gözledip, alyp, öwrenip bilýäs. Doslarmyz bilen, ýakynlarmyz bilen hatda Dünýä bilen tapan zatlarymyzy paýlaşyp bilýäs. Indi internet diñe şundan ybaratmy ? Internediñ soñy barmy ? Nirde ? Internediñ gutarýan ýerinde näme bar ? Internediñ gizlinýerleri ? Internediñ düýbi, garañky internet, görünmeýän internet diýip öñ eşdipmidiñiz ? Geliñ onda internet nirde dynýa nirden başlap nirä çenli dowam etýär bile öwreneliñ.

Internet 1962 nji ýylda döredildi. Ýöne o wagt ne saýt bardy, nede bir serwis. Hiç zat ýokdy diñe Amerika uruşda habarlaşmak üçin ejiz bir serwis ýöretýärdi. Internede şo wagtlar diñe şo serwis degişlidi. A şuwagt bolsa internet gaty uly, hatda artykmajy bilen bilgiler saýtlar serwisler daşyna çogmuş ýagdaýda dur. Oñ bilen ýetinmän garañky, gizlin böleklerem bar. Internetde gezip ýörsiñiz ýöne içinden hiç çykyp bilýän dälsiñiz soñy ýokdyr. Saýtlara girip gutaryp bilmersiniz. Internet gutarar ýaly däl diýip pikir eden bolsañyz gerek. Ýöne siz intek ýañy başynda 8 bölegiñ 1 nji böleginden çykyp bileñzok. Özem her bölek gitdigiçe ulalýar. Biz internediñ 5 % ulanýas a 95 % internediñ garañky bölegine ýagny Deep Webe degişli. O ýerlere google hem ýakynlaşyp bilenok.

Internet 8 bölekden durýar.

1 nji bölek - Surface Web

Ýagny biziñ girýän internedimiz. Facebook, Twitter, Google degişli

2 nji bölek - Bergie Web

Google tarapyndan ýapylan, gadagan edilen saýtlar, girmesi kynyrak bolan internet diýsek bolar.

3 nji bölek - Deep Web

Internediñ düýbi. Şundan soñ Proxy ulanmaly bolýañyz. Hemmäñiz tanaýanyñyz intek Deep Web hem 3 nji bölege degişli. Bu iki bölüme bölünýär. Birinjisi Onion domenine eýe bolman gözleg motorlary tarapyndan gadagan edilen saýtlardyr. Ikinjisi bolsa Tor Onion bölümi. Ine hemme zat şu ýerde başlanýar. Girmesi gaty kyndyr. Umuman bu barada aýtjak bolsak gaty uly tema. Gysgaça düşündirip geçeýin. Jynsy gatnaşyklar, adam öldirme, ganhorlar, kellekeserler, hackerler, ogrylar, psikopatlar, ýasama pasportlar, bank kodlar, satlyk kartlar, satlyk her hili görülmedik ýaraglar, intek eşdilmedik neşelere çenli bar. Umuman erbetlikleriñ ýeri. Deep web hem ikä bölünýär. Deep web we Dark Web. Dark web Deep webiñ girmedik saytlaryna girýär. Ýagny Deep Webden hem erbet. Iñ erbet zatlar şo ýerde bar. Aklyñyza gelmejek hemme erbetlikleriñ toplanan ýeridir. Şundan añyryk girmek has kyndyr. Şuña zordan käbir adamlar girýär.

4 nji bölek - Charter Web

Bu hem iki bölüme bölünýär. Birinjisi Tor ulanylyp Toryn üsti bilen girilmeýän bölümdir. Tor size köp zatlary açman biler. Ikinji bölümi bolsa kyndyr. Sebäbi indi Tor hem bu bölüme girmäne kömek edip bilenok. Toryñ hem güýji ýetenok. Bu bölüme girmek üçin käbir interaktiw gözegçiler wajyp bolup biler. Ýada belli kompýuterler.


5 nji bölek - Mariana Web

Girmek mümkin däl diýen ýalydyr. Bu bölek barada köp bilgimiz ýokdyr. Sebäbi intek girilen däldir. Bu bölege girmek üçin şuwagtky tehnologiýa ýeterli däldir. Kuantum tehnologiýasy bilen işleýän internet gerekdir. Bilinen iñ howply bölekdir. Adyny iñ çuñ çukur bolan Mariana çukuryndan alyp gaýtýar. Bölegiñ düýbi belli däldir ýöne muñam soñy bardyr. Içindäki saýtlaryñ dünýäni üýtgedip biljegi aýdylýar. Uly internede eýe bolan AR-GE labarotorlaryñ bu bölege girip bilgi paýlaşandygy aýdyldy. Bärde tapylan bilgilerin janly ýaşaýşy üýtgedip biljek güýçdedigi aýdylýar. Käbir ýurtlaryñ we hacker gruplaryñ girdigi aýdylýar ýöne doly belli däldir.

6 njy bölek - RDOS

Bu bölüme hiç girip bolmasada içinden syzan videolar we suratlar bardyr. Düşünip bolmaýan akyl almajak bolgusyz videolar bardyr. Käbirini youtubede tapyp bilersiñiz ýöne köpüsi youtube üstünden pozulandyr. Girmek üçin her saýdyñ yzyna RDOS domeni gerekdirm. Bu iñ gizli we domendir. Meselem biz saýdyñady.com gitse Deep webde saydynady.onion gitýar. A bu ýerde saydynady.rdos gitýär.

7 nji bölek - The Fog/Virus Soup

Içinde näme bardygy asla belli däl. Hiç kim giren däldir. Iñ professional interaktiwleriñ, hackerlerinem girip biljegi bölek däldir. Bu bölek uruş meydançasy diýip atlandyrylýar. Ýagny bu bölege haçanam bolsa bir wagt girilse 8 nji bölege ýetmek üçin uruşarlar. Umuman uruş dörär diýip berilýar. Içinde ne video nede surat bardyr. Hiç zat ýok diýýäler.

8 nji bölek - The Primarch System

7 nji bölege girilensoñ şu bölege ýetmek üçin uruş dörär. Şo sebäpli diñe içinde näme bardygy belli däl.

45
447
Relax
10.12.2023 20:56
Haýwanlar gyşda üşemeýärmikä?

Gyş paslynyň golaýlamagy bilen howa sowap başlaýar. Bu ýagdaýda biz üşemezlik üçin has galyň geýinýäris. Sebäbi adam bedeni sowuga we yssa örän duýgur. Ýer ýüzünde ähli süýdemdirijileriň bedenleriniň ortaça temperaturasy 35-38 dereje aralygynda bolýar. Biz tomusda açyk howada suwda ýüzýän bolsak, gyşyna daşary çykanymyzda galyň geýinýäris. Eýsem, haýwanlar gyşyna üşemeýärmikä?! Mysal üçin, itler 40 dereje sowukda buzda taýýan arabany çekýän bolsalar, balyklar buzuň aşagynda ýaşaýarlar. Aslynda, ähli jandarlara-da howanyň ýylylygynyň üýtgemegi täsir edýär. Olary howanyň üýtgemeginden goraýan esasy iki gural bar. Birinjisi, howanyň ýagdaýyna görä, olaryň bedeniniň gyzgynlygy üýtgeýär, ikinjisi bolsa, olaryň käbirleriniň tüýi gyşyna ösýär, ýazyna bolsa düşüp täzelenýär. Şeýlelikde, haýwanlar sowukdan we yssydan goranýar. Şeýle hem her bir jandar öz ýaşaýan ýeriniň şertlerine görä ýaradylandyr. Mysal üçin, has sowuk ýerlerde ýaşaýan jandarlaryň bedeni yssy howaly ýerlerdäkiden on esse köp ýylylyk öndürýär, derisi galyň bolýar. Mundan başga-da, sowuk ýerde ýaşaýan jandarlaryň derisiniň astyndaky ýag gatlagy olary sowukdan goraýar. Bu jandarlaryň damarlary hem derisine golaý bolup, bedeninde yzygiderli aýlanýan gan arkaly ýylylyk saklanýar. Geçirilen barlaglarda buzuň aşagynda ýaşaýan balyklaryň “üşemeýändikleriniň” sebäbi anyklandy. Ol balyklaryň derilerinde buz kristallarynyň doňýan derejesini peseldýän proteiniň bardygy ýüze çykaryldy. Antarktikanyň esasy “ýaşaýjylary” bolan pingwinler bolsa, aşa sowuk möwsümde bir ýere üýşüp durýarlar. Bu guşlar belli tertipde hatara düzülip, süriniň gyrasynda duranlar ortadakylar bilen ýerlerini yzygiderli çalyşýar. Şeýlelikde, gyrada galyp üşän guşlar orta girip ýylynýar. Netijede, ýüzüp bilýän, emma uçup bilmeýän ýeke-täk guş hasaplanýan bu jandarlar agzybirlik bilen sowukdan goranýarlar.
38
181