Relax
25.12.2023 23:10

1. Ýoluň egriliginden gorkma,päliň egriliginden gork.

2. Ol ýoluna näler seretjekdi,arman garny oňa basjak ýerini görkezmedi.

3. Wezipesi ulaldygyça,adamyň halkyna hyzmat etmek mümkinçiligi köpelýär. A käte nähili bolýar? Onuň wezipesi beýgeldigiçe ,halkyň oňa hyzmat etmek aladasy köpelýär.

4. Göroglyny gowy görýänim hakykat. Ýöne ony öwjek bolsam... Bezirgen ýadyma düşýär.

5. Käte käbir adamlara \" Ol mert,zor,nähili ýagdaýa düşse-de olaryň bir gezegem aglanyny gören ýok \"— diýýärler.

Megerem olar aglamaýandyklary üçin däl-de ,aglaýandygyny bildirmeýändikleri üçin zordurlar.

6 . Sen meni bagyşla,Eşek! Käbir deýýus adamlary saňa meňzedip men seniň mertebäňi peseldýärin.

7. Şalaryň halyna ýüregim awaýar. Şadyklaryna aşa gümra bolup,olar adamdyklaryny ýatdan çykarýarlar.

8. Hapa ýere kän barsaň,burnyň hem hapa öwrenişýär.

9. Iller \"sen,sen\" diýýän bolsa,saňa \"men,men\" diýmegiň geregi ýok.

10. Sen il üçin ýaşabilseň,il seiň üçin ýaşabiler.

11. Goýunlar şeýle bir ýuwaş,şonuň üçinem süriň başyny geçi çekýär.

12. Bilbile iň gözel gül gerek.Ara welin ballyja.

13.Puly gazanmagy öwrenmezden owal sowmany öwrenmeli.

14.Ýigrenmelimi ýigrenmeýänim üçin özümi ýigrenýärin.

15.Onuň senden beýikligi, onuň hakykatdanam beýikligini aňlatmaýar

39
338
Relax
31 Dekabr 2023
@sun_light, düşünmedim
Relax
31 Dekabr 2023
@sun_light, Salam
atakulyyewa_humay
31 Dekabr 2023
👍👍👍
Miss_Minnosh❤️
30 Dekabr 2023
@Relax, salam sonky postum tassyklap berayinda duzedis etdim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.