Relax
20.12.2023 20:41
....Iki adam sögüşse,içinde akyllysy günäkärdir.Eger haýwan bilen adam oňuşmasa adam günäkärdir,eger halypa bilen şägirt oňuşmasa,halypa günäkärdir.
—Eger är-heleý oňuşmasa haýsy günäkär bolýandyra-a ?—diýip,hemişe wäşiräk Gelen aga syrly ýylgyryp,töweregine seretdi.
—Ýa senem Gelen aga,äşgär zady soraýaň-aýt. " Han azsa,iline azar biýr,aýal azsa ärine"—diýilenidir.Ýöne aýal adama naçar diýilýändir.Ol enedir.Ähli öýüň,maşgalaň keşigem enäniň başyndadyr.Enede hiç hili günä bolup bilmez.
Ata Durdyew.

*****

Otrisatel gahryman diýýäris. Şol termin gahrymanlary parhlandyrmak üçin ulanylýan bolaýmasa, terbiýeleýjilik babatda otrisatel gahryman ýok. Sebäbi, otrisatel gahryman özüne okyjynyň ýigrenjini oýarýan bolsa položitellige öwrülýär.

* * * * * * * *

Gowy hekaýa üzüm agajyna çalymdaş. Suwy, döküni kem ýa artyk berilmedik hem hakyky bagban tarapyndan ýetişdirilen üzüm agajynyň üç-dört sany dokmaňyz hoşasy bolýar. Ol hoşalar onçakly gür bolmadyk saralyp ugran ýapraklaryň arasyndan görnüp durýar. Hekaýada hem sözleriň, ýagny saralan ýapraklaryň arasynda üç-dört sany (köp bolsa has-da gowy) gowy epizod, detal, ýagny dokmaňyz hoşa bolmaly. Şol hoşalaryň ýok ýerinde saralanu-saralmadyk ýapraklar näçe köp bolsa-da, üzüm däl-de, ýapraga bezelen boş agaç bolýar. Şonuň üçinem prozada ýazylmasy kyn eser hekaýa. Sebäbi hekaýanyň mazmunyny poweste ýerleşdirmek kyn däl. Emma powesti hekaýa saljak bolsaň welin, ýapragy kän, hoşasy az üzüm agajy ýaly bir zat döreýär.

* * * * * * *

Edebi döredijilik bilen meşgullanýan adamlary iki topara—ýazyja hem ýazýança bölmek bolar. Sözüň doly manysyndaky ýazyjy az. Meniň eserleri bilen tanyş türkmen ýazyjylarym, şol sanda meniň özümem ýazyjy däl, ýöne ýazýançy. Biz ähli adamzada degişli problemalar hakda oýlanyp bilmän, diňe durmuşyň maýdaja wakalaryny kagyza geçirýäris. Bizde giň örüli duýgy hem-de düýpli pelsepe ýok.

* * * * *

Biz kemsowat bolanymyz sebäpli özümiziň kemsowatdygymyza-da akyl ýetirmäge sowadymyz ýetmeýär. Akyly ýuka adam hiç mahal özüni sowatsyz hasaplamaýar, özünden göwni hoş bolýar.
Atajan Tagan

* * * * *

Dürli-dümen.

Elbetde,peşeden bolar pil ýasap,
Ýöne juda gymmat düşer bu hasap.

***

"Dostum,açygyny aýdaýyn saňa,
Hergiz açyk gürrüň et diýme maňa"

***

Ýeňdi,ýeňmesine jedelsiz ýeňdi,
Ýöne ynandyryp bilmeýşi geňdi?

***

"Dostuň bahsyny bil,bahasyny bil"
Diýip,öz günüme goýaňok meni.
Men onuň bahasyny bilip nädeýin,
Näme,satjak bolup durunmy ony?!
41
154
nuranow
20 Dekabr 2023
Salam gowmy.Siz teswirleri pozup bilýän bolsaňyz pozup berýiňdä kyn görmän haýyşt.
tmyigit76
20 Dekabr 2023
Salam postuma düzediş girizdim görüp berseňiz
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.