Relax
10.12.2023 20:56
Haýwanlar gyşda üşemeýärmikä?

Gyş paslynyň golaýlamagy bilen howa sowap başlaýar. Bu ýagdaýda biz üşemezlik üçin has galyň geýinýäris. Sebäbi adam bedeni sowuga we yssa örän duýgur. Ýer ýüzünde ähli süýdemdirijileriň bedenleriniň ortaça temperaturasy 35-38 dereje aralygynda bolýar. Biz tomusda açyk howada suwda ýüzýän bolsak, gyşyna daşary çykanymyzda galyň geýinýäris. Eýsem, haýwanlar gyşyna üşemeýärmikä?! Mysal üçin, itler 40 dereje sowukda buzda taýýan arabany çekýän bolsalar, balyklar buzuň aşagynda ýaşaýarlar. Aslynda, ähli jandarlara-da howanyň ýylylygynyň üýtgemegi täsir edýär. Olary howanyň üýtgemeginden goraýan esasy iki gural bar. Birinjisi, howanyň ýagdaýyna görä, olaryň bedeniniň gyzgynlygy üýtgeýär, ikinjisi bolsa, olaryň käbirleriniň tüýi gyşyna ösýär, ýazyna bolsa düşüp täzelenýär. Şeýlelikde, haýwanlar sowukdan we yssydan goranýar. Şeýle hem her bir jandar öz ýaşaýan ýeriniň şertlerine görä ýaradylandyr. Mysal üçin, has sowuk ýerlerde ýaşaýan jandarlaryň bedeni yssy howaly ýerlerdäkiden on esse köp ýylylyk öndürýär, derisi galyň bolýar. Mundan başga-da, sowuk ýerde ýaşaýan jandarlaryň derisiniň astyndaky ýag gatlagy olary sowukdan goraýar. Bu jandarlaryň damarlary hem derisine golaý bolup, bedeninde yzygiderli aýlanýan gan arkaly ýylylyk saklanýar. Geçirilen barlaglarda buzuň aşagynda ýaşaýan balyklaryň “üşemeýändikleriniň” sebäbi anyklandy. Ol balyklaryň derilerinde buz kristallarynyň doňýan derejesini peseldýän proteiniň bardygy ýüze çykaryldy. Antarktikanyň esasy “ýaşaýjylary” bolan pingwinler bolsa, aşa sowuk möwsümde bir ýere üýşüp durýarlar. Bu guşlar belli tertipde hatara düzülip, süriniň gyrasynda duranlar ortadakylar bilen ýerlerini yzygiderli çalyşýar. Şeýlelikde, gyrada galyp üşän guşlar orta girip ýylynýar. Netijede, ýüzüp bilýän, emma uçup bilmeýän ýeke-täk guş hasaplanýan bu jandarlar agzybirlik bilen sowukdan goranýarlar.
38
181
ylham_gurbanaly
15 Dekabr 2023
Gowmy ýagdaý? Seret şuwagt regißtrasiýa işleýämi? Registrasiýa Vpniñ täsiri barmy?
angelface
14 Dekabr 2023
Salam relax menin sonky postymy tassyp berayn gayrat edip reskiii😔😏
angelface
13 Dekabr 2023
@relax, salam menin postymy tassyklap berayiň hayyst😸
lavinya_
12 Dekabr 2023
@beautiful_, Wi bolýa onda 2 sagat garaşaýyn,sağ boluň minnatdar:)
lavinya_
12 Dekabr 2023
@beautiful_, Bolanok ekena goýulmady
lavinya_
12 Dekabr 2023
Salam günde iki post goýup bolya welin men birini goýdum we şony duzedip tazedan goýdum indi post goýup bolmaýarmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.