Relax
16.12.2023 21:58

Internediñ garañky tarapy

Internet älemi bize her wagt peýdaly bolandyr. Internet şuwagt iñ uly kömekçi we güýmenje. Biz internetden islän zadymyzy gözledip, alyp, öwrenip bilýäs. Doslarmyz bilen, ýakynlarmyz bilen hatda Dünýä bilen tapan zatlarymyzy paýlaşyp bilýäs. Indi internet diñe şundan ybaratmy ? Internediñ soñy barmy ? Nirde ? Internediñ gutarýan ýerinde näme bar ? Internediñ gizlinýerleri ? Internediñ düýbi, garañky internet, görünmeýän internet diýip öñ eşdipmidiñiz ? Geliñ onda internet nirde dynýa nirden başlap nirä çenli dowam etýär bile öwreneliñ.

Internet 1962 nji ýylda döredildi. Ýöne o wagt ne saýt bardy, nede bir serwis. Hiç zat ýokdy diñe Amerika uruşda habarlaşmak üçin ejiz bir serwis ýöretýärdi. Internede şo wagtlar diñe şo serwis degişlidi. A şuwagt bolsa internet gaty uly, hatda artykmajy bilen bilgiler saýtlar serwisler daşyna çogmuş ýagdaýda dur. Oñ bilen ýetinmän garañky, gizlin böleklerem bar. Internetde gezip ýörsiñiz ýöne içinden hiç çykyp bilýän dälsiñiz soñy ýokdyr. Saýtlara girip gutaryp bilmersiniz. Internet gutarar ýaly däl diýip pikir eden bolsañyz gerek. Ýöne siz intek ýañy başynda 8 bölegiñ 1 nji böleginden çykyp bileñzok. Özem her bölek gitdigiçe ulalýar. Biz internediñ 5 % ulanýas a 95 % internediñ garañky bölegine ýagny Deep Webe degişli. O ýerlere google hem ýakynlaşyp bilenok.

Internet 8 bölekden durýar.

1 nji bölek - Surface Web

Ýagny biziñ girýän internedimiz. Facebook, Twitter, Google degişli

2 nji bölek - Bergie Web

Google tarapyndan ýapylan, gadagan edilen saýtlar, girmesi kynyrak bolan internet diýsek bolar.

3 nji bölek - Deep Web

Internediñ düýbi. Şundan soñ Proxy ulanmaly bolýañyz. Hemmäñiz tanaýanyñyz intek Deep Web hem 3 nji bölege degişli. Bu iki bölüme bölünýär. Birinjisi Onion domenine eýe bolman gözleg motorlary tarapyndan gadagan edilen saýtlardyr. Ikinjisi bolsa Tor Onion bölümi. Ine hemme zat şu ýerde başlanýar. Girmesi gaty kyndyr. Umuman bu barada aýtjak bolsak gaty uly tema. Gysgaça düşündirip geçeýin. Jynsy gatnaşyklar, adam öldirme, ganhorlar, kellekeserler, hackerler, ogrylar, psikopatlar, ýasama pasportlar, bank kodlar, satlyk kartlar, satlyk her hili görülmedik ýaraglar, intek eşdilmedik neşelere çenli bar. Umuman erbetlikleriñ ýeri. Deep web hem ikä bölünýär. Deep web we Dark Web. Dark web Deep webiñ girmedik saytlaryna girýär. Ýagny Deep Webden hem erbet. Iñ erbet zatlar şo ýerde bar. Aklyñyza gelmejek hemme erbetlikleriñ toplanan ýeridir. Şundan añyryk girmek has kyndyr. Şuña zordan käbir adamlar girýär.

4 nji bölek - Charter Web

Bu hem iki bölüme bölünýär. Birinjisi Tor ulanylyp Toryn üsti bilen girilmeýän bölümdir. Tor size köp zatlary açman biler. Ikinji bölümi bolsa kyndyr. Sebäbi indi Tor hem bu bölüme girmäne kömek edip bilenok. Toryñ hem güýji ýetenok. Bu bölüme girmek üçin käbir interaktiw gözegçiler wajyp bolup biler. Ýada belli kompýuterler.


5 nji bölek - Mariana Web

Girmek mümkin däl diýen ýalydyr. Bu bölek barada köp bilgimiz ýokdyr. Sebäbi intek girilen däldir. Bu bölege girmek üçin şuwagtky tehnologiýa ýeterli däldir. Kuantum tehnologiýasy bilen işleýän internet gerekdir. Bilinen iñ howply bölekdir. Adyny iñ çuñ çukur bolan Mariana çukuryndan alyp gaýtýar. Bölegiñ düýbi belli däldir ýöne muñam soñy bardyr. Içindäki saýtlaryñ dünýäni üýtgedip biljegi aýdylýar. Uly internede eýe bolan AR-GE labarotorlaryñ bu bölege girip bilgi paýlaşandygy aýdyldy. Bärde tapylan bilgilerin janly ýaşaýşy üýtgedip biljek güýçdedigi aýdylýar. Käbir ýurtlaryñ we hacker gruplaryñ girdigi aýdylýar ýöne doly belli däldir.

6 njy bölek - RDOS

Bu bölüme hiç girip bolmasada içinden syzan videolar we suratlar bardyr. Düşünip bolmaýan akyl almajak bolgusyz videolar bardyr. Käbirini youtubede tapyp bilersiñiz ýöne köpüsi youtube üstünden pozulandyr. Girmek üçin her saýdyñ yzyna RDOS domeni gerekdirm. Bu iñ gizli we domendir. Meselem biz saýdyñady.com gitse Deep webde saydynady.onion gitýar. A bu ýerde saydynady.rdos gitýär.

7 nji bölek - The Fog/Virus Soup

Içinde näme bardygy asla belli däl. Hiç kim giren däldir. Iñ professional interaktiwleriñ, hackerlerinem girip biljegi bölek däldir. Bu bölek uruş meydançasy diýip atlandyrylýar. Ýagny bu bölege haçanam bolsa bir wagt girilse 8 nji bölege ýetmek üçin uruşarlar. Umuman uruş dörär diýip berilýar. Içinde ne video nede surat bardyr. Hiç zat ýok diýýäler.

8 nji bölek - The Primarch System

7 nji bölege girilensoñ şu bölege ýetmek üçin uruş dörär. Şo sebäpli diñe içinde näme bardygy belli däl.

45
447
king_turkmen_006
18 Dekabr 2023
Bah 3 nji bölege girip görmeli eken🙄
okayjy
17 Dekabr 2023
"Gara bazara" girmek üçin 5-nji dereje gerekdir öýitýädim 🤔. 3-de duran eken 👍
mandarin
17 Dekabr 2023
Biz intak imo doly dusinemizok
sazsoft
17 Dekabr 2023
@medik_, Bilýän. Düşnükli bolar ýaly aýtdym :)
sazsoft
17 Dekabr 2023
@medik_, Prowaýder. Meselem, TMCELL, AŞTU (Aşgabat şäher telefon ulgamy), TürkmenTelekom, MTS we ş
sazsoft
17 Dekabr 2023
@medik_, Bilmedim onda, Telekomdan girmeýän bolup biler, men AŞTU-dan girýän.
sazsoft
17 Dekabr 2023
@medik_, Ýok, men Wi-Fi-dan girýän. Düýn gijeden günortana çenli Öwrenmeliň özi işlemedi.
Kenno_Tabi
17 Dekabr 2023
@myrataly_, hiç zat ýok diýdigi, seň meň düşünjegimdäki zatlaň ýokdugu.
myrataly_
17 Dekabr 2023
@billygenius98, In sonunda "hic zat yok" diyip yazylgy
runia
17 Dekabr 2023
@billygenius98, há dúşúndim sagboluň)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.