Relax
23.07.2023 12:35

Keselleriñ ýokanç bolup bolmazlygynyñ takdyr bilen ilteşigi alymlary ikä bölüpdir, çynlakaý oýlandyrypdyr. Dereginde ýokanç keseller-de degişli älemde Alladan daşgaryn hemme zadyñ biri-birine sepleşýändigini bilýänler üçin meseläniñ jedelleşip oturara zady ýok. Gürrüñ gutardy. Bolany. Merkeze Allany alanyñyzda sebäpleriñ täsiri öz-özünden çäklenýär. Merkeze ynsany alanyñyzda bolsa Allanyñ ygtyýarlygy çäklener.

Sepleşik - şol bir wagtyñ özünde takdyrdyr.

Ýokanç keseller meselesinde-de ýagdaý şonlugyna galýar. Başga bir penjireden seredenimizde: wiruslaram Allanyñ goşunlaryndan bir goşun saýylýar. Galyberse-de, älemde Alladan bidin zat ýok. Adamyñ bölekleýin eradasy bar we takdyr sofistik (ýasama) häsiýetlidir. Ýokanç keseller Allanyñ halan gullaryna-da ýolugyp biler we olaryñ derejelerini şahadat mertebesine çenli beýgelder. Hezreti Omaryñ halyflyk eden döwründe, hijriniñ 18-nji ýylynda amwas ady bilen ýaýran ýokanç kesel aralarynda sahabalaryñ hem bolan 25 müñ adamyñ ölümine sebäp bolupdyr. Şol ýylyñ ýagyş ýagman gurak geçendigi sebäpli başga bir heläkçiligem bolup geçipdir: olam açlyk we gytçylyk heläkçiligidir. Şol ýyla "Am er-rimade" ("Açlyk ýyly") diýlipdir.

Korona wirusynda bolşy ýaly sary keselleri ýa-da ýokanç keseller diñe biologiki tarapdan ýaýramaga ukyplymy? Ol diñe şu ugur bilen çäklenýärmi? Eýse, sosial ugurda-da şular ýaly ýokanç keseller barmyka?

Sosial darwinizm - Darwiniñ teoriýasynyñ hasam giñeldilip sosial ugurda şöhlelenmegine aýdylýar. Ýagny ýekebara organizmleriñ arasyndaky basdaşlygyñ ýola iñ uýgunynyñ dowam edip, biologiki taýdan ewolýusion üýtgeşmä sebäp bolşy ýaly, şahslarara, toparlarara ýa-da halkara bäsdeşligi ynsan jemgyýetinde teoretiki taýdan sosial ewolýusiýa sebäp bolýar.

Bu barada söz açylanda faşizm we nasional sosializm adam gatnaşyklarynda sosial darwinist nukdaýnazary bilen bulaşdyrylýar. Diýmek biologiýanyñ añyrsynda sosial darwinizm hem bar. Elbetde, biz hem biologiki darwinizme garşy çykyşymyz ýaly, sosial darwinizmi-de inkär edýäris.

Munuñ bilen birlikde kesgitlemämiziñ düşnükli bolmagyny añsatlaşdyrýandygyna ynanyp durmasak-da, sosial darwinizm düşünjesine ýüz urduk.

Bu ýoluñ biologiki ugrunda ýokanç kesellere parallelikde sosial ugurda-da ýokanç keseller bar. Ol ýerdäki ýokançlyk organiki däl-de, jemgyýet gatlaklarynyñ psihologiýasy bilen baglanyşykly. Meselem, Ibn Haldun "ýeñlenler ýeñijilere öýküner" diýende, şuny göz öñüne tutupdyr we gatlaklar instinktiw biçüwde rüstem görenlerine, ýagny ýeñijilere meñzejek bolýarlar. Medeni taýdan alanda-da şeýle. Moda (ýoñ) hem medeni ölçegli sosial keseldir ýa-da fenomendir.

Öýkünme - bu hem sosial kesellere girýär. Ol ynsanyñ akylly-huşly hereket etmegine päsgel berýär. Gysgaça alanymyzda şeýle: ilhanlylar ýeñiji bolan hallaryna bary-ýogy togsan ýylyñ içinde yslamyñ içinde eräp gidipdir. Rimliler jeñ meýdanynda greklerden üstün çykanam bolsalar, grek medeniýetiniñ öñünde dyza çöküpdirler. Rimliler harby taýdan rüstem bolsa, Afiny medeni taýdan rüstemdir. Diýmek, ýeñiş hemmetaraplaýyn bolup bilmeýär, käbir ugurdaky ýeñijiler beýleki ugurlarda ýeñilip bilýärler.

Sosial keselleriñ wirusy ýa-da berýän musallaty tabun psihologiýasydyr. Tabun psihologiýasy sosial ugurda obýektiñ immunitet goragyny weýran edip, ony jemgyýetiñ öñünde lapykeç hala we passiw ýagdaýa getirýär. "Ezher" žurnalynyñ öñki redaktorlaryndan Muhammet Ferit Wejdi özüniñ "Yslamyñ missiýasy" ("Mühimmetü't Din el İslami") kitabynda parahorlugyñ we bozgakçylygyñ sosial wirusdygyny hem-de jemgyýetleriñ oñurga ýiligini sorýandygyny aýdypdyr. Ýagny, onuñ wiruslar ýaly ýokanç kesele öwrülme häsiýeti bar ("Mühimmetü'd Din el İslami, Dar el Besair, Kahire, s: 179).


Netijede, ýagşylyk we ýamanlyk infeksion häsiýetlidir. Ýöne sosial uguryñ kadalary tapawutly. Şonuñ üçin wekillik etmä we teblige üns berilmändir. Adamlar görüm-göreldelik ýagşy işlerden nusga alýarlar, başgalaryñ özüni alyp barşyndan täsirlenýärler. Bu ýerde makul bolan seljerme özüniñ seretme taraplary boýunça ösen bilnikli halamak we saýlap almakdyr. Şonuñ üçin müçtehit ýalñyşsa-da, dogry kesgitlemekde ýa-da zähmetiniñ miwesini alypdyr.

Hezreti Ebu Bekir ilkinji hutbasynda altyn kadalary ýatladypdyr. Ol güýçliniñ däl-de, hakykatyñ tarapyny tutupdyr. "Ejiz meniñ ýanymda hakyny alýança güýçli, güýçli bolsa ejizdir" diýer eken. Hudaýa garşy gitmede gula ytagat ýok, kada laýyklykda ýolbaşçylara şertleýin, ölçegli we sepleşikli ytagat gerek. By manyda yslamda ytagat şertleýindir, ýagny kanunydyr, olam iñ ýokary ygtyýarlyk bolan Allanyñ goýan düzgünlerine ters düşenok.

Ilkinji hutbasynda Hezreti Ebu Bekir (r.a) erbetlik bir jemgyýetde giñden ýaýrasa, belanyñ umumylaşyp biljegine ünsi çekipdir. Umumy erbetlige garşy umumy bela. Bu ýerde umumy erbetlik esasynda sosial ugurda ýaýran erbetlikler barada gürrüñ gidýär.

Adnan Menseresiñ bilim ministrlerinden bolan Tewfik Ileri: "Jemgyýetde erbetlik çenden aşsa, yza dolanma mümkin däl, onuñ öñüni almak başartmaz we gözegçilikden çykar" diýipdir. Wagtyñ geçmegi bilen şol aýdylanlar sosiologik kada öwrülip gidipdir. Käbirlerine görä erbetlik 51%-den ýa-da 10%-den aşsa, onuñ öñüni almak mümkin däl. Düzedip bolmajak ýagdaý dörär, ara başga-başga kanunlar girer. Şonuñ üçin erbetlik ýaýramanka onuñ garşysyna köpçülik bolup göreşmegimiz gerek. Muña bolsa biz "emri bi'l maruf nehýi ani-l münker" diýýändiris. Ýagşylyk ugrunda mobilizasiýa. Bu biziñ jemgyýetçilik borjumyzdyr. Bu ýerde sinhronizasiýanyñ ähmiýeti uludyr we konsistensiýa wagty gaça durulsa göz öñüne tutulan täsir ýa-da ajy derman peýda etmez. Jemgyýet etmeli işini etmese semawy apatlar herekete geçer.

Gysgaça aýdanymyzda, infeksiýa diñe biologiki keseller bilen çäklenenok, onuñ sosial taraplary we ölçegi bar. Şol ölçeg bolsa sosial kanunlar arkaly formulirlenýär. Bu kadalary ýola goýan-da Alladyr. Kadalary talabalaýyk ýerine ýetirmezlik sosial kesellere gol bulamak bilen birlikde onuñ penjesine düşmegi-de gutulgysyz ýagdaýa öwürýär. Ol keselleriñ penjesine düşmek nähili mümkin bolýan bolsa, gaça durmagam şonça mümkindir. Bu ýerde otrisatellik bilen položitelligiñ arasyndaky çägi aýyl-saýyl edýän kanunlardyr we kriteriýalardyr. Bellenen kadalary ýerine ýetirmek meselesidir. Kim bellenen kadalardan çykmasa, ondan gaça durup we goranyp biler.


Mustapa ÖZJAN.

25
232
Relax
21.07.2023 22:48

"Garri Potter" romanlar tapgyry ilki eserleri, soñra kinofilmleri arkaly bütün dünýäniñ ünsüni özüne çekmegi we millionlarça adamyñ başyny jadyly dünýäde jemlemegi başardy. Ol häzirem gün geçdigiçe täze muşdaklar gazanmaga dowam edýärler we "Hogwarts" maşgalasy barha ulalýar.

"Garri Potteriñ" dünýäsi ajaýyp çeper fantaziýasy bilen adama kän zatlary öwredip bilýän eserler tapgyry. Şonuñ üçin bizem öz gezegimizde "Garri Potterden" alyp öwrenmeli zatlary siziñ bilen paýlaşmagy makul bildik. Durmuşda adamy rowaçlyga alyp barýan käbir şertler hemme ýerde birmeñzeşdir. Bulara dogry amal edenligiñizde üstünlik gazanyp ýa-da isleýän zadyñyzy edip bolmajak zat ýokdur.

Geliñ, onda "Garri Potteriñ" jadyly dünýäsinden susulyp alnan sapaklar näme, bilelikde göreliñ...


• Dogry Networklary guruñ!


Hawa, baş gahrymanymyz Garri Potter paýhasly we gaýduwsyz ýigdekçe. Ol hemişe saýlap alan kararlary bilen ýeñiş gazanyp geldi. Iñ dogry amal edýän işi bolsa kim bilen dost bolýandygy we kim bilen gatnaşyk saklaýandygydy. Köplenç daş-töweregini gurşap alan adamlary bolmasa, bireýýäm çaña bulaşyp galardy ýa-da çykgynsyz ýagdaýlaryñ girdabyna düşüp bilerdi. Garri eseriñ başky bölüminde saýlaw şapkasyna gitmezden öñ basgançaklaryñ üstünde durka Malfoý bilen özara gürrüñinde "Minnetdar. Emma dost-ýarlarymy özüm saýlaryn" diýip, Ron bilen dost bolmadyk bolsa, durmuşy düýbünden başga tarapa özgererdi. Gahryman hemişe dogry adamlar bilen dost bolýar we gatnaşýar. Hermiondyr Dobbi we başga-da birnäçe kişiler bilen guran dostlugy onuñ durmuşyny nijeme gezek halas edýär.

Garri ýaly dogry gatnaşyklary açyp bilmek şahsy durmuşyñyz üçinem, iş durmuşyñyz üçin üçinem juda zerurdyr. Geldi-geçer we ýasama gatnaşyklary açmagyñ tersine, hakyky we güýcli gatnaşyklary açyp, her dürli kynçylygy ýeñip geçip bilersiñiz.


• "Ýekäniñ çañy çykmaz": Bir özüñiz akylly bolanyñyz ýeterlik däl!


Dogry, Garri diýseñ akylly çaga, emma meñ pikirimçe okyjylar "Garri Potterdäki" iñ akylly gahryman diýip Hermione saýlasalar gerek. Meñ pikirimçe Hermion bolmasa, Garri uzaga gitmän ölýär ýa-da birnäçe meseläni özbaşdak çözüp bilmeýär. Emma Hermionyñ "pelsepe daşynda" aýdylyşy ýaly, "Kitaplar we paýhas! Emma has wajyp zatlar bar - dostluk we batyrgaýlyk".

Akylly-başly bolmak bahasyna ýetip bolmajak artykmaçlyk, emma ony-da dogry ulanmak gerek (Tom Riddl hem juda akyllydy) hem-de ýeke özüñ akylly bolanyñ ýeterlik däl. Özüñi hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek we akyl-paýhasyñyzy dogry ugurlara gönükdirmek gerek. Hemmeleriñ aklyna belli-başly pikirler gelip bilýär, bu döredijilikli paýhasyñ miwesi bolup biler, emma bulary durmuşa geçirmek üçin hòkmany suratda başga aýratynlyklara-da eýe bolmagyñyz gerek.


• Hemişe batyrgaý boluñ!


Käte ýeke oñarmaly işimiz - töwekgellikdir. Garrini beýleki obrazlardan saýlap öñe çykarýanam onuñ batyrgaýlygydyr. Garri hiç wagt gorkanok, ýöwsel däl. Beýtmek kämahal öte akmaklyk ýaly bolubam görnüp biler, emma nämedir bir zatlary etmän oturandygyñyz üçin hiç hili puşmanlyk duýgusyny götermersiñiz. Garri birinji gezek Kuiddiç biken oýnajak bolanda gorkan däldir öýdýärsiñizmi? Ýa-da Woldemorty tüm-garañky tokaýda birinji gezek sataşanda? Elbetde gorkdy, emma ýoluna dowam etmelidigini bilen ýerinde asla yza tesmedi.

Anyk dogrudygyny bilýän zatlaryñyzy edende birjigem yza ädim ätmäñ. Täzeçillikden gorkmañ we öñe ädim ätmekden çekinmäñ. Täze işe girmäge ýa-da girişmäge ýaýdanmañ. Diñe dogry işine edýändigiñize ynanyñ. Batyrgaýlyga hemişe alkyş okalýandyr we sylaglanýan zatdyr. Şeýle Newil Longbottomyñ dostlarynyñ "pelsepe daşynyñ" saklanýan otagyna girmäge päsgel berjek bolanda-da görkezen batyrgaýlygy arkaly "Gryffindor" şol ýylyñ iñ köp utuk gazandyran bölümi bolupdy.


• Şübhelenmelerden gaça duruñ!


Şübhelenme (önyargı) we Garri Potter diýlende, ilki bilen ýada düşjek obrazlaryñ birem professor Sneýpdir. Garriniñ janköýerleri onuñ çapraz, erbet niýetli adamdyr öýdýär, öýtmez ýalam däl, ol diýseñ tagaşyksyz we gödek hereket edýär. Emma ol hemişe Garrini goldap, gorap gezýär...

Diýjek bolýan zadymyz - şahsy durmuşyñyzda-da, iş durmuşyñyzda-da kimdir birilerine ýeterlik tanaman ynanmazlyk etmäñ, ýazgarmañ. Hemme zat hemişe daşyndan görnüşi ýaly bolmanam bilýär. Seljeriñ, mazaly öwreniñ, soñ belli karara geliñ. Şobada netijä gelmäñ, ýogsam kinofilmiñ soñunda gözüñizden biygtyýar akan ýaşlara erk edip bilmersiñiz...


• Hemişe agras bolmañ!


Elbetde, agraslyk iş dünýäsi üçin iñ gerekli wajyp zatlaryñ biri. Netijede siz ýeñil-ýelpaý iş edeñzok, işiñiz jogapkärli we siziñ muña çynlakaý garaýandygyñyzy görkezmegiñiz üçin wala-wala edip ýörmezligiñiz gerek. Emma bu hiç wagt gülmän-ýylgyrman, gaşyñyzy çytyp ýörmelidigiñizi añlatmaýar. Hususanam aram-aram degşip-gülşüp durmak we başgalaryñ göwnüni awlamak gatnaşygyñyzyñ motiwasiýasyny hem-de dostanalygyny ýokarlandyrar.

"Zümerret ýoldaşlygynda" professor Umbrijiñ ýowuz talaplaryndan ýadan çagalary öñki ýagdaýyna dolap getirýän Freddi we Jorj Weslini ýatdan çykarmañ. Käte ýekeje ýylgyryşyñ uçguny hemme zady gülala-güllük edip, ähli ýagşy umytlary gül açdyryp biler. Yzyndan işiñize has ykjam ýapyşmagyñyza getirer. Galyberse-de, işiñizi edip durkañyzam şähdaçyk bolarsyñyz, süññüñizi ýeñil duýarsyñyz...

31
432
Relax
19.07.2023 09:27
Taryhyñ iñ gadymy eýýamlaryndan bäri hiç kimiñ eýermän gelen ýörelgesi bar: Şugünki işiñi ertä goýma!
Iş ertä goýlup başlansa, diñe özüñe däl, başgalara-da aýakbagy bolýar. Ýöne köplenç işi edilip gutarmanka elimizdäki wagt gutarýar. ABŞ-nyñ düýbüni tutujylaryñ biri Benjamin Franklin "Sen işiñi ertä goýsañam, wagt goýmaz" diýipdir.
Şereketlerde işlemek boýunça okadýan Rori Waden işgäriñ günde iki sagadyny işi bilen baglanyşygy bolmadyk zatlara harç edýändigine ünsi çekýär. Ol işiñi soña goýmagyñ "gymmada düşýändigini we görnetin çykdaýjyly bolýandygyny" aýdýar.
Adamlar etjek işini etmän soña goýmagyñ hem özlerine, hem özgelere zyýan berýändigini bilibem näme üçin äwmezlige salýarka?
"Wagty hemmetaraplaýyn dolandyrmak" kitabynyñ awtory Juli Morgenşterniñ aýtmagyna görä, munuñ ilkinji sebäpleriniñ biri adamlaryñ işden ýaña halys ýadamagydyr. Ykdysady çöküşlik başlandan bäri şereketler işgärleriniñ has täzelikçi, has dörediji we has öndüriji bolmagyny isleýär. Bu bolsa alda-baslyga getirýär. Aýratynam elektron poçtalar, feýzbuk we twitter ýaly internet serişdeleri ünsümizi gowşadýar.
Morgenştern elektron poçtadan gelen ähmiýetsiz haty jogaplamagyñ az wagtlygam bolsa üstünlik gazanma duýgusyny berip bilýändiguni aýdýar.
"Häzirem etjek işiñi ertä goýýañmy? Gynanmazdan iş oñarmagyñ ýankitaby" atly kitabyñ awtory, De Paul uniwersitetiniñ psihologiýa boýunça professory Ýozef Ferrariniñ pikiriçe, etjek işini ertä goýýanlar köplenç özgeleriñ özi hakynda näme pikir edýändigine üns berýän kişiler. Ferrari bular ýaly adamlaryñ añynda "Şol işi etmesem maña zat diýen bolmaz" diýen pikiriñ bardygyny aýdýar.
Etjek işini ertä goýýanlaryñ baş duşmanlarynyñ biri-de ediljek işiñ has gowusyny isleýänligidir. Morgenşterniñ pikiriçe iñ soñky pursata çenli garaşmak iş etmezlik üçin ynandyryjy bahanalary döretse-de, munuñ üçin wagt ýeterlik tapylyp durmaýar.
"Başarnyk basgançagy: Ýedi ädimde hakyky üstünligi gazanmak" atly kitabyñ awtory Rori Waden "Iñ işeññir adamlar gowudan gowusyny islemekden zyýada öñe gitmäge ähmiýet berýär. Üstünlik gazanmagyñ çylşyrymly zatdygyny unutmañ" diýip ýazýar.
"Wagt ogrusy: Etjek işiñi ertä goýmak boýunça pelsepewi synaglar" kitabyny redaktirlän Utah uniwersitetiniñ filosofiýa fakultetiniñ dosenti Krisoula Anreounyñ aýtmagyna görä, etjek işiñi ertä goýma endigi esasan uzak wagta çekýän meýilnamalarda duş gelýär.
Uzak wagta çekýän soña goýmalaryñ özümize diñe zyýandan başga zat bermeýändigine we muny özbaşdak etmegiñ hiç hili manysynyñ ýokdugynyna güwä geçip bileris. Emma soñabaka bu äwmezeklik endige öwrülýär we ediljek bolunýan işem bitmän geçýär.
Andreou uzak wagtlyk meýilnamada äden her bir kiçijik ädimimize "simwoliki taýdan ähmiýet bermegi" maslahat berýär. Biziñ bu tutumly maksadymyzyñ yzyndan özümizi agşamlyk nahary ýa-da massaž bilen höweslendirip bileris.
Morgenştern etjek işini soña goýýan adamlaryñ köplenç özüni günäli duýýandygyny, ýöne özüñi ýaramaz duýmagyñ hiç zady çözmeýändigini aýdýar. Onuñ pikiriçe soña goýmalara iterýän ugurlary (meselem hat ýazma, iş etme ýa-da gatnaşyk saklama ýaly) seljerip, göz öñüne tutan maksadymyza ýetmek üçin nähili ädim ätjegimizi kesgitlemeli.
Dowamly ünsümiziñ sowulýan döwrebap ofisli taslamalary kiçi ädimlere bölmäge mätäçlik döredýär. Morgenştern "Uly meýilnamalary ýarym we iki sagat aralygynda, kiçi we gutaryp boljak etaplara bölmek gerek" diýýär. Ferrari käbir adamlara bähbitli bolýan wagty dolandyrma taktikasynyñ dowamly soña goýmalara öwrenşen adamlaryñ 20%-de peýda bermejegini öñe sürýär. Çünki şeýle adamlar öýde, işde we şahsy durmuşynda, ýagny durmuşyñ her ugrunda etjek işini ertä goýýar. Ferrariniñ "hroniki ertä goýujylar" diýip atlandyran bu adamlaryna wagty we durmuşy ele almagyñ ýeke-täk ýoly, megerem, akyl ýetirijilik bejergisine gönükdirýän psihologa gatnamak gerek.

Fillis KORKKI.
40
335
Relax
17.07.2023 19:25
Aklyñ mehanizmasy bolan beýin hemme kişä “mugt” berilýär.

Beýniniñ 70–80%-i suwdyr. Galan 10%-i ýag, 8%-i bolsa belokdyr. Iýýän-içýän zatlarymyz beýnidäki dokumamyza ýagny ‘‘infrastruktura’’ ruhy ýagdaýymyza we düşünjelerimize täsir edýär. Beýni marmelat ýaly ýumşakdyr. Şonuñ üçin beýnimizi seresap ulanmalydyrys. Eger beýnimiz kelle süñkjagazyna (kortex) degse beýnimize zeper ýeter. Futbol topuny kelle bilen urmak hem adama zeper ýetirip bilýär, diñe bir futbol sporty bolman eýsem boksdyr-göreşde hem dykkatly bolmalydyr.

Täze doglan bäbekleriñ beýniniň agramy 350–400gr. bolsa ýetginjekleriñki 1,4–2kg. agyrlykdadyr. Beýnimiz iki eliň ýumrugy ýaly, emma birleşen halynda hoza meñzeş. Ululygy bolsa greýpfrut miwesi ýalydyr. Beýnimiz dört burç däl-de tegelek şekildedir. Ispanýaly suratkeş Pijabiýa görä ‘‘Beýnimiz, dünýagaraýşymyz giñelsin, täze pikirlere açyk bolsun diýen esas üçin tegelekdir ’’diýip, aýdyp geçýär.


Nerw öýjüginiň (neuron) anatomiýasy

Bir nerw öýjüginde Akson, Dendirit ve öýjük göwresi bardyr. Bu öýjük beýnide azyndan 50-ä golaý bardyr we biri-birleri bilen baglanşyklydyr. Dendirit grekçe “agajyñ baldagy” manysyna geler. Öýjük göwresi öýjügiñ merkezindedir. Her öýjügiñ bir Aksony bardyr. Aksonyñ ujunda Dendirida meñzeş baldaklar baglydyr.

Bir nerw öýjügine gysgaça elimizi hem mysal berip bileris. Barmaklarymyzy Dendirit diýip hasaplasak, aýamyzyñ merkezi öýjük göwresi, elimizden tirsege çenli bolsa hem Aksondyr.


nerw öýjüginiň anatomiýasy
Pikirlerimiz beýnimizde himiki maddalaryň akuwy halyndamy ýogsam elektrik akuwy halynda hereket edýär?

Bilim adamlary häzirki wagtda pikirleriñ, smsleriñ beýnimizde kähalat elektrik akuwy bilen, kähalatda bolsa himiki maddalar halynda hereket ederler diýip belläp geçýär. Sms bir nerw öýjüginiň içinde elektrik akuwy halynda dowam eder, başga nerw öýjügi-de oňa sms ugratmak üçin himiki maddalara öwürler. Bu himiki maddalary fax ulgamy ýaly, olara gysgaça “transmitter” diýilýär.


Transmitter habarlaşmak ulgamy
Geljekde ýatkeşligimizi nähili giňeldip bileris?

Ilki bilen başda belläp geçişim ýaly adamyñ iýýän-içýän zatlary möhümdir. Beýnimiziñ kuwwatlanmagy üçin bal we hoz garyndysyny her gün säher bilen bir nahar çemçesi mukdarda iýilse beýnimiziñ güýçlenmesine peýdaly bolar. Hozda has köp omega-3 maddasy bardyr.
Geljekde ýatkeşligimizi ulaltmak islesek hökmany ýagdaýda her kim bir maksat edinmelidir.
Matematiki, Sudoku ýaly soraglary günlük çözmegi ahmal etmeli daldir.
Adamlaryň berhiz tutuşy ýaly beýnimiz üçin berhiz hem möhümdir. Hepdede 1 gezek bolsa hem özümize wagt aýyrmaly, beýnimizi öz halyna goýmalydyrys. Düşünjelerden, edýän maşklarymyzdan, az hem bolsa bir günlük uzakda durmany başarmalydyrys.
Has köp ýatýan adamyñ beýnisindäki nerw sistemasy (ulgamy) has köp dynç alýandyr. Täze düşünjelere ýol açýar. Gowy bir uky beýni işletmek üçin hökmandyr. Dünýä belli fizik alym köp ýatyp, köp oýlanýan Eýnşteýn 1 günde 10 sagatdan köp ýatýan eken. Ukusyzlyk beýniň öýüjikleri öldürer diýip belläp geçýär.
Arassa tebigatda täze pikirleri, düşünjeleri pikirlenmek möhümdir.
34
188
Relax
16.07.2023 23:29
Gollandiýaly psiholog Aldert Wriý kärdeşleri bilen bile "ussat ýalançylary" tanamak üçin olarda nähili häsiýetleriñ bolýandygyny öwrendi. Garşysynda durany ýüzüniñ ugruna diñledip, "gulagyna münüp" bilýän ussat ýalançylaryñ on sekize golaý özboluşly häsiýetiniñ bolýandygyny delillendiren Wriý we onuñ kärdeşleri bu häsiýetlere eýe kişileriñ aldanmaga garşy iñ eserdeñ, iñ seresaply adamlary hem toruna düşürip biljekdigini aýdýar. Wriýiñ pikiriçe ýalançylaryñ;

■ Hereketleri manipulýatiw bolýar (ynamyña girme ukybyna eýe)

Bimaksat häsiýete eýe adamlar pragmatiki ýalançylar bolup, olar hiç zatdan gorkmaýar, hiç zady piñine almaýar. Olaryñ öz etsem-petsemlerini hemişe ölçerip-biçip, akylly hereket edýändiklerini aýdýan Wriý şeýle diýýär:

"Gepläp durkalar size täsir etmäge çalyşýarlar. Ýöne olar muny edýärkä özlerini gaty arkaýyn alyp barýarlar".

■ Dogry zatlardan kän uzaklaşman gepleýärler

Dogry zatlar bilen garyşdyrylan çyna berimsiz ýalanlar 100% ýalandan (doly ýalan) has ynandyryjy bolýar we muña ynandyrmak üçin arrygyñy kän gynamasañam bolýar. Ussat ýalançylar bu inçe aýratynlygy ünsden düşürmeýär.

■ Akyl-paýhas hökmany suratda gerek

Akyl-paýhasyñ ýalançynyñ egnine hopba bolan "ýüki" galdyrmakda uly kömegi bar. Ýalan sözleýän adam sözlän ýalan-ýaşrygynyñ içinden çykmasy kyn ýagdaýlaryndan akyl-paýhasy bilen "ýagdan gyl sogrulan" mysaly çykyp bilýär.

■ Çalt pikirlenme ukyby

Säginmeler we "hää", "hmmm", "bäähh" ýaly ikirjiñlenme sözleri diñleýjiniñ göwnünde aldanýandyryn diýen şübhäni döredýär. Şonuñ üçin bu inçe hususy hem ünsden düşürmän çalt pikirlenip bilýän ýalançy bir aýagynyñ üstünde durka hem ýalan toslap tapmaga ökde bolýar.

■ Gyssagly ýagdaýlarda üns çekiji we tebigy pikirlenme ukyby

Aldarköse ýaly aldamakda öñüne adam geçirmedik iñ ussat ýalançy hem garaşylmadyk soraga ýa-da ýagdaýa sataşsa, aljyrap biler. Şonuñ olaryñ goltuk jübüsinde her hili ýagdaýa düşende-de, garşylygyny berer ýaly jogaby taýýar durandyr.

■ Maglumaty ýerlikli ulanma ukyby

Ýalançylar özlerine berilen soraga jogap berende mümkin boldugyndan juda az maglumat berýär. Şeýtmek bilen olar gürrüñi gidýän zadyñ jikme-jiklikleri boýunça sorag berilmeginiñ öñüni alýar.

■ Edil şol wagt güwä geçilmesi mümkin däl gümürtik jogaplary berýärler

Maglumaty gizlemek ("Çyndanam ýadyma düşmedi", "Şumat kelläme gelmedi", "Dilimiñ ujundady, ýadymdan çykaýdy" we ş.m...) käte toslanyp tapylan ýalandan has amatly bolýar. Sebäbi bular ýaly gümürtik jogaba güwä geçmek zerurlygy galmaýar.
34
450
Relax
15.07.2023 22:57

Gündelik durmuşymyzda biz biri-birimiz bilen dürli aragatnaşyk saklamak arkaly gylyk-häsiýetleri, şahsy aýratynlyklary öwrenýäris. Ýöne adamlary tanamak, öwrenmek diñe bir ýakyn aragatnaşygy talap edenok. Olaryñ daşky keşbi hem bize olar hakda käbir maglumatlary ýetirýär. Adamyñ güler ýüzüne gelşik berip duran gaşlar ýüzüñ beýleki bölekleri ýaly adamyñ gylyk-häsiýetini tanamakda özboluşly orna eýedir.


■ ÝAŞ ŞEKILLI GAŞLY adamlar örän öýkelek, tiz göwnüne alýan, dogruçyl we duýgur adamlardyr. Olar özlerine gönükdirilen sözleri çalt kabul edýärler. Beýle adamlar öýde gowy maşgalabaşy, işde bolsa çözgütli, talabediji we gönümeldirler. Ýaş şekilli gaşlar erkek kişilere görą zenanlarda has köp duş gelýär. Olar dogabitdi zehinli, çalt kabul ediji, kynçylykly ýagdaýlardan añsat baş alyp çykýan, köpçüligi söýýän adamlardyr.


■ GÜR GAŞLY adamlar durnukly, ruhy taýdan güýçli, berk adamlardyr. Işde olar anyk we adalatly. Ähli boş wagtlaryny işe sarp edýärler, şol sebäpli hem ýaşaýyş-durmuşynda maşgalasyndan üzñeräk bolýarlar. Kynçylykly ýagdaýlarda hökman çykalga tapýarlar.


■ GOÝY GÜR GAŞLY adamlar ynamdar, dogruçyl dost, gowy ýürekdeş, ünsi özüne çekmegi, özüne sylag-hormat goýulmagyny halaýan adamlar hökmünde häsiýetlendirilýär. Täze iş ýerlerine kynçylyk bilen öwrenişýärler. Şular ýaly şekilli gaşa eýe bolan zenanlar juda erkin, hemişe ýolbaşçy, lider bolmaga ymtylýan aýallardyr. Şol sebäpli hem olartñ durmuşynda kynçylykly gatnaşyklar ýygyrak bolýar.


■ SELÇEÑ GAŞLY adamlar ýumşak, rahat, käbir ýagdaýlarda bolsa ejiz hasaplanýar. Olar gowy gürrüñdeş, zähmetsöýer, ýöne ösüş basgançagynyñ ýokarsyna seýrek çykýan adamlardyr. Käwagtlar bolsa, olarda göriplik, ar alyjylyk ýaly häsiýetler duş gelýär. Selçeñ gaşly zenan maşgalalar gowy öý hojalykçy, maşgala durmuşyna wepaly we dogruçyl bolýarlar.


■ GIÑ WE UZYN GAŞLY adamlar örän oñat häsiýetli hasaplanýar. Olar özleriniñ zehinlilikleri, işlerine bolan söýgüsi, dilewarlygy bilen tapawutlanýarlar. Optimist, durmuşa söýgüsi güýçli bolup, islendik işiñ başyny üstünlik bilen başlaýar. Adamlara bolan söýgüsini belentde tutýar.


■ GYSGA GAŞLY adamlar gaharjañ, birahat, ýöne örän duýgur şahsyýetlerdir. Olar käwagtlar keýpiniñ üýtgemegi bilen işde we maşgalada kyn ýagdaýa düşýärler. Gysga gaşly adamlaryñ döredijilik ukyplary has ösen bolup, olardan ökde suratkeş ýa-da döredijilik işgäri çykyp biler. Maddy baýlyk olaryñ durmuşynda esasy zat däldir.


■ INÇE GAŞLY adamlar deñagramly, rahat, açyk göwünli, gönümel, hasapçyl, öýkelek adamlar hasaplanýar. Durmuşda hemme zady özleri gazanmagy başarýarlar. Daş-töweregindäki adamlardan özleriniñ gowy häsiýetleri we akylly-başly hereketleri bilen tapawutlanýarlar. Çözgütli, zähmetsöýer, ýöne durmuşundaky üýtgeşmeleri halamaýarlar.

33
413
Relax
15.07.2023 10:38

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün — 14-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.


Onda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhammedow 2022-nji ýylyň 17 — 27-nji dekabr aralygynda geçirilen «Ilat ýazuwy-2022 ― Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek» şygary astynda geçirilen ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijeleri barada hasabat berdi.


Geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça, 2022-nji ýylyň 17-nji dekabr ýagdaýyna görä, ýurdumyzyň ilatynyň umumy sany 7 million 57 müň 841 adama deň boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.


Ýurdumyzyň bu senede ýazylan ilatynyň 22,9 göteriminiň Mary welaýatynyň, 22 göterimi Daşoguz welaýatynyň, 20,5 göteriminiň Lebap welaýatynyň, 14,6 göteriminiň Aşgabat şäheriniň, 12,5 göterimi Ahal welaýatynyň we 7,5 göterimi Balkan welaýatynyň paýyna düşdi.


Ilatyň 50 göterime golaýy erkekler, 50 göterimden gowragy aýal-gyzlar bolup, ýurdumyzyň umumy ilatynyň 47,1 göterimi şäher ilatyndan we 52,9 göterimi oba ilatyndan ybarat boldy.


Ýaşaýyş binalarynyň sany 1 million 5 müň 671-e deň bolup, 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwyna deňeşdirilende 12,4 göterim artdy.


Ýaşaýyş jaýlarynyň sany 1 million 344 müň 268-e deň bolup, 13,6 göterim, olaryň umumy meýdany bolsa, 165 million 167 müň 523 inedördül metr bolup, 24,5 göterim artdy.


Umuman, alnan statistik maglumatlar ýurdumyzy durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny taýýarlamakda uly maglumat binýady bolup hyzmat eder.

19
89
Relax
14.07.2023 23:29

▶ AÑASTYNYÑ NÄMÄLIM SYRLARY


Añasty añ diýmek näme?

Añasty bilen baglanyşykly häzire çenli nämeleri bilýäris?

Añasty añ barada heý pikir edip gördükmi?

Bu barada has köp maglumatymyz bolsa, durmuşymyz nä derejede özgererkä? Bizi dolandyrýan zat näme?

Biz ilki añymyzyñ esasy bölegi bolan hakyda barada söz açalyñ. Hakyda (añ) gurşap alan, seljeren (derñeýän) we logiki pikir ýöredip bilýän zatdyr. Hakydaly añ tankytçyldyr. Mesele çözýärkä has köp derñeýär. Bu bolsa käte bikararlyga we herekete geçmekde ýaýdanmaçlyga sebäp bolup bilýär. Hakydamyzy ulanyp durmuşda islan zadymyzy edip bileris. Emma hakydaly huşumyz bilen gelýän kararlarymyz doglan pursatymyzdan başlap maşgalamyzyñ, dost-ýarlarymyzyñ, tanyş-bilişimiziñ täsiri esasynda bize geçýän düşünjelerdir. Aslynda añasty arkaly añymyza siñen zatlar bilen ýolumyzy kesgitleýäris.


▶ AÑ WE AÑASTY


Añymyzyñ hereketdäki bölegi bary-ýogy on göterimdir. Ynha, bar mesele hem şu ýerde başlaýar. Doglan pursatymyzdan başlap tä häzirki gezip ýören wagtymyza çenli düşünjelerimiz we dünýägaraýşymyz daş-töweregimizden alan düşünjelerimiz we garaýyşlarymyz añastymyza ýazylýar. Hut şonuñ üçin hem añasty añ bizi dolandyryp duran esasy zatdyr...

Añasty biziñ añymyzyñ 90 göterimini eýeleýär. Emma añastynyñ ähmiýetini biziñ özümiz kän bilemzok.


▶ BÜTINLEÝ ALANDA AÑASTY NÄME, AÑASTY NÄME WEZIPÄNI ÝERINE ÝETIRÝÄR?


Aslynda añasty diýilýän zat arhiwdir. Ol doglan pursatymyzdan başlap dogry-nädogry bar zady hakydamyza ýazyp durýar. Muny ýazyp durka manysyz bir zada özüçe bir many çaýyp bilýär we adamyñ oña garşylyk bermegini üpjün edýär.

Durmuşymyz nähili? Biz bagtlymy, işimiz rowaçmy, janymyz sagmy? Eger bulardan bir ýa-da birnäçesinde meselämiz bar bolsa, onda añastymyzda bulara sebäp bolýan ýazgylar hökman bardyr. Ýagny biz añasty arhiwimizde nähili maglumatlar bar bolsa, şoña görä hem ýaşaýarys.

→ NETIJEDE: añastymyzy näçe gowy düşünjelerden doldursak, şonça hem saglyga bagtlylyga, rowaçlyga gowuşmagymyzyñ añsatlaşýandygyny bilmegimiz gerek. Añasty añ düşünjämizden we endiklerimizden jogapkärdir. Onuñ wezipesi adamy bagtly etmekdir. "Research Quarterly" žurnalynda çykan bir makalada şeýle diýilýär. Alymlar basketbol oýnaýan talyplary üç topara bölýärler. Birinji topar ýigrimi günläp fiziki türgenleşik geçýär. Ikinji topar hiç hili türgenleşik geçmeýär. Üçünji topar bolsa ýigrimi günläp añlaryny türgenleşdirýärler, ýagny añlarynda topy tutýarlar, paslaşýarlar, topy bir-birlerine geçirýärler....

Ýigrimi günüñ soñunda türgenleşik geçen birinji toparyñ kämilleşigi 24 göterim ýokarlanýar. Ikinji toparda hiç hili öñe gidişlik bolmaýar. Añlaryny türgenleşdiren üçünji toparyñ taýýarlygy bolsa 23 göterim artýar. Ýagny añasty duýgularyñ we hyýallaryñ güýçli ulanylan ýagdaýynda belli bir ssenariýanyñ yzygiderli gaýtalanmagy netijesinde, aslynda bolmadyk zatlar hakykat hökmünde kabul edilýär we beýine bu signal berilýär.

Nähili täsin, şeýle dälmi?!.

Käte añastymyza ornaşan zatlar sebäpli şol bir goýberen ýalñyşlyklarymyzy gaýtalap ýörüs. Özümiziñ ygtyýarymyzdaly añ bölegimiz duýup duranam bolsa, muña erk edip bilmeýär. Çünki añasty añ biziñ añymyzyñ dolandyryjysy ýalydyr. Mysal üçin çilim çekmegi taşlajak bolýañyz. Emma añastymyz ajy kofäniñ gapdalyndan çekilen çilimiñ keýpini bize zol ýatladyp durýar.

Añastymyzdaky añ immun sistemasyny we hatda gormonlarymyzy-da gözegçiliginde saklaýar. Hut şonuñ üçin häli-şindi biderek zatlara gaharlanyp durýarys. Bu bolsa bizi hem beden taýdan, hem ruhy taýdan näsaglyga alyp barýar.


▶ AÑASTY NÄME?


Juda ünsüñizi çekip biläýjek bir gyzykly maglumaty bilelikde okalyñ.

1950-nji ýyllarda bir iñlis hammaly alan şeraply çeleklerini Şotlandiýa alyp barýarmyşyn. Bir portda ýüküni ýerländen soñra işläp ýören deñizçileriñ biri sowuk howa deposynyñ içine girýär we üsti ýapylyp içinde galýar. Içerde galan deñizçi bar güýji bilen gygyrsa-da, ony duýan bolmaýar. Şol wagtam hammal gaýtadan ýük almak üçin herekete geçýär. Üsti bekli galan deñizçiniñ ýanynda az-owlak iýer-içer ýaly azyk-owkat bar ekeni. Emma ol deponyñ doñduryjy sowugyna döz gelip bilmejeginem gözi ýetip dur. Ölüm sagady golaýlaşyp başlaýar. Ol bedeniniñ sowukda nähili üşeýşini, el-aýaklarynyñ nähili hereketden galyşyny, sowugyñ tap getirerden juda agyrdygyny elindäki çakgysy bilen deponyñ diwarlaryna birin-birin ýazýar. Hammal başga bir portda ýük ýazdyranynda, gäminiñ kapitany depony açýar we deñizçiniñ doñup galan jesedine gözi düşýär. Ol ölen deñizçiniñ çakgysy bilen galdyran ýazgylaryny görüp haýran galmakdan ýaña agzy uçuklaýar. Çünki sowuk howa deposynda (holodilnik) şeraplaryñ 18 gradusda äkidilmegi gerek ekeni. Aslynda deñizçi sowukdan ölmeýär, ol sowukdan öljegine ynanýandygy üçin ölýär.

Eýse biz añasty añymyzy tabyn edip we özgerdip biljek derejede öz maksadymyza ýetip bilerismi? Munuñ üçin biziñ hemme zatdan owal ynanýan zatlarymyzy üýtgetmegimiz gerek. Başymyzdan geçýän ýagşy-ýaman zatlarymyzyñ hemmesi biziñ öz saýlap alan zatlarymyzdyr. Muña düşünip bilsek işlerimiz hasam añsatlaşar. Başymyza gelýän hadysalary oñyn tarapa öwürmek öz elimizdedir, ýagny "erk-ygtyýar özümizde". Añastymyza siñdirýän her maglumatyñyz seljeriñ, siziñ durmuşyñyza zeper ýetirip biljek islendik maglumata garşylyk görkeziñ. Mundan soñky etap hakydaña ýerliksiz ýazgylary siñdirmegiñ we gorkynyñ, was-wasa düşmekligiñ netijesidir. Gorkularymyzy ilki kabul etmeli, soñra olary özgertmäge çalyşmaly. Iñ esasy zat bolsa köp gaýtalamakdyr.

Gepiñ keltesi, añastymyz bizi dolandyrýar. Eger biziñ özümiz añastyny dolandyryp bilsek isleýşimiz ýaly ýaşap bileris. Özümize diñe özümiz kömek edip bileris.

Munuñ üçin ulanyp bolaýjak reiki, NLP, gipnoz ýaly birnäçe metodlar bar. Olaryñ hemmesiniñ maksady añastyny gaýtadan programmirlemekdir.

Geliñ, näme isleýänimizi bilip, soñra oña eýe boljak bolalyñ. Çünki biz "nämä ynansak, şony hem göreris".


• Peýdalanylan çeşme:


1). Bernard Werber, "Anyk we hökmany bilimler ensiklopediýasy"

2). Rana Kadyogly "Añasty añyñ bilinmedikleri"

37
344
Relax
14.07.2023 00:51

Dil öwrenmegiň ilkinji – altyn kanuny ony öwrenmegi söýmek. Söýüp yhlas bilen ýapyşylan işiň bolsa heniz ýarty ýolda galan ýerini gören ýok.

Bir dil öwrenmek üçin uzak ýyllar zähmet çekilýärkä, nädip käbir adamlar aňsatlyk bilen, meselem, 2 ýylda dil öwrenmegi başarýarkalar. Biziň gürrüňimiz poliglotlar hakynda bolar. Olaryň köp dilde gürläp, gürleşip bilmek ukyplary, şeýle-de bu ugurda ulanýan usullary barada bilen tanyş bolalyň.

Poliglot kim? Köp dile düşünip, köp dilde gürleşip, okap-ýazyp bilýän adama poliglot diýilýär. Has anyk düşündirsek, iki dil bilýäne “bilingw“, üç dil bilýäne “trilingw”, ondanam köp dil bilýäne bolsa “poliglot” diýilýär. Poliglotlar muny nädip başarýarka diýen sorag biygtyýar sizde-de dörändir. Olaryň beýlekilere seredeniňde nätanyş dili has çalt öwrenmek ukyby nämä bagly?

Bir dil öwrenmek isleýän bolsaň, şol dilde gürlemäge synanyşyp işe başlamaly. Gorkman, şol dilde gürleşýänleriň arasyna girmeli. Bilýän az sanly sözleriňiz bilen gürläp başlamaly. Täze tanyşlardan, olaryň gürrüňlerine goşulmakdan, gülkülerine sebäp bolmakdan gorkmaly däl. Bu diňe siziň peýdaňyza bolar. Çekinjeňlik poliglotlara mahsus häsiýet däl.

Çagalaryň dil açyşyna üns berdiňizmi? Olar ilki düýbünden düşnüksiz, gülkünç eşidilýän sözleri aýtmak bilen başlaýarlar. Emma güldüler diýip gürlemän galan çaga gören dälsiňiz. Çaga kem-kemden gowy gürläp başlaýar. Kem-kemden kämilleşmeli. Ýöne ýalňyşmakdan gorkup, synanyşman kämilleşip bolmaýar.

Çagalardan öwrenmeli ýene bir usulymyz bar, ol sözleri gaýtalamak. Çaga dil açýan wagty ejesiniň, kakasynyň, doganlarynyň aýdanlaryny gaýtalamak bilen dil öwrenýär. Çaga dogulýar. Üç ýylyň dowamynda saýrap dil açýar. Diňleýär, gaýtalaýar. Ulular ýaly gürlemek isleýär. Gaýtalamak islege bagly.

Dil öwrenilende iň ýygy ulanylýan 500 sözi öwrenmeli. Sebäbi haýsy dil bolaýsyn gündelik gepleşilýän sözler 400-600 aralygynda bolýar. Çagalar ilki bilen iň köp gaýtalanýan sözleri öwrenýärler. Täze dilde belli bir gor edineniňizden soň, şol goruň üstüni barha artdyrmak özüňize bagly.

Poliglotlaryň ýene-de bir aýratynlygy olar dil öwrenişlerini gürrüň berenlerinde gyzykly oýun hakda gürrüň edýän ýaly, joşgun bilen gürrüň berýärler. Kösendim, kyn boldy ýaly sözler poliglotlara ýat.

Häzir akylly telefonlary, kompýuterleri, planşetleri durmuşymyzyň köp böleginde işjeň ulanýarys. Dil öwrenmekde-de sanly ulgamlardan peýdalanmak netijeli usuldyr. Meselem: bir programmany telefonyňyza ýükläniňizde öwrenýän diliňizde alyň. Şol programmada işläniňizde siz täze sözleri öwrenersiňiz.

Poliglotlaryň usullary dürli, ýöne ählisiniň bir umumylygy bar: DIL ÖWRENMEKDEN LEZZET ALMAK.

Dil öwreneniňizde çagalary nusga ediniň:

- Grammatikasyny ýat tutup, dil öwrenjek bolmaň.

- Ýalňyşmakdan gorkmaň.

- Ökde diňleýji, öýkünjeň boluň.

- Öwrenenleriňizi göni ulanyşa giriziň.

- Günüň belli bir böleginde däl-de, günüň köp böleginde dil öwrenmäge endik ediň.

- Ilki bilen, size iň gerekli, ýygy ulanylýan sözleri öwreniň.

- Dil öwrenmegi edil oýun ýaly kabul ediň.

Şu altyn düzgünleri berjaý etseňiz siziňem poliglot boljagyňyz ikuçsyzdyr.


Aýbibi AÝMAKOWA,

"Zehinli nesil" dil merkeziniň diňleýjisi.

44
395
Relax
12.07.2023 18:54

GORKY PSIHOLOGIÝASY


Gorky, adam görnüşlerine mahsus bolan diri galmak taktikasydyr. Söweş ýa-da uçuş jogaplary, bedeniň howpy ýok etmek üçin mobilizlenýän ýagdaýy bilen tanyş. Onda gorky döreýär. Häzirki zaman dünýäsinde fiziki howplara garanyňda köplenç emosional howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys, beden we beýin olaryň arasyndaky tapawudy görmeýär. Aladalanýan wagtyňyz bedeniňiz stres gormonyny, kortizol we adrenalin öndürip başlaýar. Bu pursatda bedeniň söweşmek ýa-da gaçmak ukyby ýokarlanýar. Indi bu reaksiýa, beýniniň arhitekturasyny, impulslara gözegçilik etmegi üýtgedýän gündelik aladalar sebäpli ýüze çykyp biler. Fearagny, gorkynyň adama kömek etmek üçin döredilendigine garamazdan, biziň döwrümizde oňa gatyşýar. Mundan başga-da, gorky obsesif we giň ýaýran bolsa, fiziki we akyl saglygy meselelerine sebäp bolup biler. Şonuň üçin häzirki zaman adam diňe gorkynyň psihologiýasyna düşünmäge, ony dolandyrmagy we azaltmagy öwrenmäge borçly. Gorky golaýlap gelýän ýa-da garaşylýan betbagtçylygyň içki ýagdaýydyr. Psihologiýa nukdaýnazaryndan negatiw duýgy hasaplanýar. Bu makalada gorky ýaly bir duýga - aladany hem göreris. Aladalylyk, näbellilik duýgusyny, ýeňip bolmajak duýgulary aňladýan negatiw reňkli duýgydyr. Alada wagtynda adam hökmany suratda ýüze çykmajak howply ýagdaýy çözmek üçin ähli psihiki güýjüni jemleýär. Simplyönekeý söz bilen aýdylanda, adam aladany başdan geçirende, ýadyna düşýär we ol ýerde howply wakalaryň mysallaryny tapýar. Soň bolsa olary ýakyn geljekde meýilleşdirýär. Aladalar näçe ýygy we güýçli bolsa, bedene zeper ýeter. Mundan başga-da, fiziologiýa we psihika ejir çekýär, fobiýa we newrozlar ýüze çykýar, howsala hüjümleri bolup biler. Gorky we aladanyň henizem dürli duýgulardygyna garamazdan, olar biri-biri bilen ýakyn baglanyşyklydyr we şol bir ýa-da şuňa meňzeş usullar bilen "bejerilip" bilner.

Gorky alamatlary Gorky wagtynda adam fiziologiýasynda adaty ýagdaý bilen deňeşdirilende köp üýtgeşiklikler bolýar: Kortizol, adrenalin we norepinefrin çykýar. Duýgudaş nerw ulgamy işjeňleşýär. Agyry çäk, reaksiýa tizligi, myşsa güýji, çydamlylyk ýokarlanýar. Heartürek urşy we dem alyş tizligi ýokarlanýar. Derlemek we gan basyşy ýokarlanýar. Bedeniň gan damarlary gysylýar. Iýmit siňdiriş haýallaýar ýa-da düýbünden saklanýar. Okuwçylar dilata. Şekeriň derejesi ýokarlanýar. Derrew refleksler çaltlaşdyrylýar. Tuneliň görüşi peýda bolýar. Bedeniň bu reaksiýalarynyň hemmesi öz-özüňi goramak instinktine mahsusdyr - belki-de, iň güýçli instinkt. Şeýle hem olaryň ýaramaz netijeleri bar: bedeniň umumy tükenmegi, suwsuzlyk, bedende titremek. Gorky, stres, alada we aladalary näçe ýygy-ýygydan başdan geçirseňiz, immunitetiň basylmagy ähtimal, netijede kesele sebäp bolýar. Gorkmagyň düýbünden adatydygyna düşünmek möhümdir. Şeýle-de bolsa, her gün başdan geçirýän bolsaňyz we ownuk sebäplere görä, psihikany nädip dolandyrmalydygyny öwrenmegiň wagty geldi.

psihikaňyza gözegçilik ediň. Adam gorkusy Professor uriuri Şerbatykhyň pikiriçe, ähli gorkular üç topara bölünýär: biologiki, sosial we ekzistensial. Biologiýa ýaşaýşa howp salýan ähli zady öz içine alýar: agyrydan, otdan, belentliklerden, ýyrtyjylardan, tebigy hadysalardan (wulkanyň atylmagy, ýyldyrym, ýyldyrym çakmagy), terrorçylyk. Şeýle gorkular fobiýalardan başga-da dogry. Jemgyýetçilik gorkusy, adamyň jemgyýetçilik ýagdaýyny bozup we özüne bolan hormatyny peseldip biljek ähli zady öz içine alýar: işini ýitirmek gorkusy, köpçüligiň öňünde çykyş etmekden gorkmak, jogapkärçilik, jemgyýetçilik gatnaşyklary, üstünlik, şowsuzlyk we ýalňyşlyk, baha bermek, topar tarapyndan ret etmek, ýalňyzlyk. Bar bolan gorkular durmuş, ölüm we adamyň barlygy bilen baglanyşykly ähli zady öz içine alýar: ölümden gorkmak, geljege, wagt, açyk we ýapyk giňişlik, adamyň barlygynyň manysyzlygy. Köplenç dürli hünärmenler adamzadyň iň meşhur on gorkusyny düzmäge synanyşýarlar. 


Reýtingler başga, ýöne iň ýaýranlary: Ölüm gorkusy Onelalňyzlykdan gorkmak Köpçüligiň öňünde çykyş etmekden gorkmak Şowsuzlykdan gorkmak Terrorçylykdan gorkmak Nuclearadro urşundan gorkmak Örümçilerden gorkmak Ectionüz öwürmekden gorkmak Garaňkylyk gorkysy Belentliklerden gorkmak Bu sanawa seretmekden nähili netije çykaryp bolar? Köp nokatlar köpçülige açyk bolsun ýa-da beýik bolsun, manysyz tejribeler bilen baglanyşykly. Nuclearadro urşunyň başlamagyndan gorkup bilersiňiz, ýöne munuň manysy ýok: diňe meselä gatnaşyp, şeýle bolan halatynda oňa taýyn bolup bilersiňiz. Şonuň üçin häzirki zaman dünýäsinde hakykata däl-de, öz pikirlerimizden we hyýallarymyzdan gorkýandygymyza düşünmelidiris.

Gorkudan we aladadan nädip dynmaly

Mesele aşa giden bolsa hünärmenler bilen habarlaşmagy maslahat berýäris. Ine käbir umumy görkezmeler. Dem alşyňyzy sazlaň Hawa, köp eşitdiňiz we çuňňur dem almak hakda köp zat ýazdyk, bu size dynç almaga, we aladany azaltmaga kömek edip biler. Çalt dem almak, alada alamatlaryny döredýän ilkinji hereketlendiriji. Şeýlelik bilen, oňa gözegçilik etmek bilen gorkudan gutulyp bolýar. Eger dem almakdan has uzak wagtlap bilgeşleýin dem alsaňyz, beden köşeşmeli. Şonuň üçin gorky duýup başlasaňyz: Dem alşyňyza üns beriň. Dem alyň (ýedi hasaplaň). Dem alyň (on birine çenli hasaplaň). Muny bir minut ýa-da şunuň ýaly etseňiz, nädip köşeşendigiňize geň galarsyňyz. Bu usula 7/11 dem alyş diýilýär, ýöne, elbetde, bu sanlar özbaşdak: esasy zat, dem alşyň dem alyşdan has uzyn bolmagydyr.

Hyýalyňyzy dolandyryň Iň erbet zady göz öňüne getirenimizde gorky, alada we alada döreýär. Hyýalyň wezipesi, geljege "seredip" bilmek, meýilleşdirmek. Şeýle-de bolsa, ters täsiri hem bar: adam käwagt diňe negatiw wakalar hakda pikirlenmegi öwrenýär. Gözegçiliksiz hyýal, gorkynyň köpelýän ýeridir we durmuşyňyzy zaýalap biler. Aladalar negatiw pikirlere reaksiýa hökmünde ýüze çykýar, her hadysa howply hasaplanýar. AWARE usulyny ulanyň AWARE: Kabul et Serediň Kanun (hereket) Gaýtalama Garaşyň Şonuň üçin gorkýan bolsaňyz, aşakdakylary ýerine ýetiriň: Gorky ýa-da aladany kabul ediň. Olar bilen söweşmäge synanyşmaň. Gorky synlaň. Hiç hili netije çykarmaly däl, diňe psihika we beden bilen bolup geçýän zatlara düşünmäge synanyşyň. Hemme zat gowy ýaly hereket ediň. Hiç zat bolmadyk ýaly gürleşiň we hereket ediň. Bu, aň-düşünjäňize aşa duýduryş gerek däl, sebäbi adaty bir zat bolmaýar. Salgysyna gelip, ýangynyň ýokdugyny görüp, gaýdyp gelýän ýangyn söndüriji boluň. Zerur bolanda ýokardaky ädimleri gaýtalaň. Iň gowusyna garaşyň. Iň uly duýgularyň biri, gorkyňyzy mümkin boldugyça has köp dolandyryp biljekdigiňize düşünmekdir. Tehnikanyň adyndan (“Habarlylyk” diýlip terjime edilýär) görkezişi ýaly, özüni habardar ýagdaýa getirmäge kömek edýär.


Grigoriý KŞEMINSKIÝ.

10
1 870