Relax
21.07.2023 22:48

"Garri Potter" romanlar tapgyry ilki eserleri, soñra kinofilmleri arkaly bütün dünýäniñ ünsüni özüne çekmegi we millionlarça adamyñ başyny jadyly dünýäde jemlemegi başardy. Ol häzirem gün geçdigiçe täze muşdaklar gazanmaga dowam edýärler we "Hogwarts" maşgalasy barha ulalýar.

"Garri Potteriñ" dünýäsi ajaýyp çeper fantaziýasy bilen adama kän zatlary öwredip bilýän eserler tapgyry. Şonuñ üçin bizem öz gezegimizde "Garri Potterden" alyp öwrenmeli zatlary siziñ bilen paýlaşmagy makul bildik. Durmuşda adamy rowaçlyga alyp barýan käbir şertler hemme ýerde birmeñzeşdir. Bulara dogry amal edenligiñizde üstünlik gazanyp ýa-da isleýän zadyñyzy edip bolmajak zat ýokdur.

Geliñ, onda "Garri Potteriñ" jadyly dünýäsinden susulyp alnan sapaklar näme, bilelikde göreliñ...


• Dogry Networklary guruñ!


Hawa, baş gahrymanymyz Garri Potter paýhasly we gaýduwsyz ýigdekçe. Ol hemişe saýlap alan kararlary bilen ýeñiş gazanyp geldi. Iñ dogry amal edýän işi bolsa kim bilen dost bolýandygy we kim bilen gatnaşyk saklaýandygydy. Köplenç daş-töweregini gurşap alan adamlary bolmasa, bireýýäm çaña bulaşyp galardy ýa-da çykgynsyz ýagdaýlaryñ girdabyna düşüp bilerdi. Garri eseriñ başky bölüminde saýlaw şapkasyna gitmezden öñ basgançaklaryñ üstünde durka Malfoý bilen özara gürrüñinde "Minnetdar. Emma dost-ýarlarymy özüm saýlaryn" diýip, Ron bilen dost bolmadyk bolsa, durmuşy düýbünden başga tarapa özgererdi. Gahryman hemişe dogry adamlar bilen dost bolýar we gatnaşýar. Hermiondyr Dobbi we başga-da birnäçe kişiler bilen guran dostlugy onuñ durmuşyny nijeme gezek halas edýär.

Garri ýaly dogry gatnaşyklary açyp bilmek şahsy durmuşyñyz üçinem, iş durmuşyñyz üçin üçinem juda zerurdyr. Geldi-geçer we ýasama gatnaşyklary açmagyñ tersine, hakyky we güýcli gatnaşyklary açyp, her dürli kynçylygy ýeñip geçip bilersiñiz.


• "Ýekäniñ çañy çykmaz": Bir özüñiz akylly bolanyñyz ýeterlik däl!


Dogry, Garri diýseñ akylly çaga, emma meñ pikirimçe okyjylar "Garri Potterdäki" iñ akylly gahryman diýip Hermione saýlasalar gerek. Meñ pikirimçe Hermion bolmasa, Garri uzaga gitmän ölýär ýa-da birnäçe meseläni özbaşdak çözüp bilmeýär. Emma Hermionyñ "pelsepe daşynda" aýdylyşy ýaly, "Kitaplar we paýhas! Emma has wajyp zatlar bar - dostluk we batyrgaýlyk".

Akylly-başly bolmak bahasyna ýetip bolmajak artykmaçlyk, emma ony-da dogry ulanmak gerek (Tom Riddl hem juda akyllydy) hem-de ýeke özüñ akylly bolanyñ ýeterlik däl. Özüñi hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek we akyl-paýhasyñyzy dogry ugurlara gönükdirmek gerek. Hemmeleriñ aklyna belli-başly pikirler gelip bilýär, bu döredijilikli paýhasyñ miwesi bolup biler, emma bulary durmuşa geçirmek üçin hòkmany suratda başga aýratynlyklara-da eýe bolmagyñyz gerek.


• Hemişe batyrgaý boluñ!


Käte ýeke oñarmaly işimiz - töwekgellikdir. Garrini beýleki obrazlardan saýlap öñe çykarýanam onuñ batyrgaýlygydyr. Garri hiç wagt gorkanok, ýöwsel däl. Beýtmek kämahal öte akmaklyk ýaly bolubam görnüp biler, emma nämedir bir zatlary etmän oturandygyñyz üçin hiç hili puşmanlyk duýgusyny götermersiñiz. Garri birinji gezek Kuiddiç biken oýnajak bolanda gorkan däldir öýdýärsiñizmi? Ýa-da Woldemorty tüm-garañky tokaýda birinji gezek sataşanda? Elbetde gorkdy, emma ýoluna dowam etmelidigini bilen ýerinde asla yza tesmedi.

Anyk dogrudygyny bilýän zatlaryñyzy edende birjigem yza ädim ätmäñ. Täzeçillikden gorkmañ we öñe ädim ätmekden çekinmäñ. Täze işe girmäge ýa-da girişmäge ýaýdanmañ. Diñe dogry işine edýändigiñize ynanyñ. Batyrgaýlyga hemişe alkyş okalýandyr we sylaglanýan zatdyr. Şeýle Newil Longbottomyñ dostlarynyñ "pelsepe daşynyñ" saklanýan otagyna girmäge päsgel berjek bolanda-da görkezen batyrgaýlygy arkaly "Gryffindor" şol ýylyñ iñ köp utuk gazandyran bölümi bolupdy.


• Şübhelenmelerden gaça duruñ!


Şübhelenme (önyargı) we Garri Potter diýlende, ilki bilen ýada düşjek obrazlaryñ birem professor Sneýpdir. Garriniñ janköýerleri onuñ çapraz, erbet niýetli adamdyr öýdýär, öýtmez ýalam däl, ol diýseñ tagaşyksyz we gödek hereket edýär. Emma ol hemişe Garrini goldap, gorap gezýär...

Diýjek bolýan zadymyz - şahsy durmuşyñyzda-da, iş durmuşyñyzda-da kimdir birilerine ýeterlik tanaman ynanmazlyk etmäñ, ýazgarmañ. Hemme zat hemişe daşyndan görnüşi ýaly bolmanam bilýär. Seljeriñ, mazaly öwreniñ, soñ belli karara geliñ. Şobada netijä gelmäñ, ýogsam kinofilmiñ soñunda gözüñizden biygtyýar akan ýaşlara erk edip bilmersiñiz...


• Hemişe agras bolmañ!


Elbetde, agraslyk iş dünýäsi üçin iñ gerekli wajyp zatlaryñ biri. Netijede siz ýeñil-ýelpaý iş edeñzok, işiñiz jogapkärli we siziñ muña çynlakaý garaýandygyñyzy görkezmegiñiz üçin wala-wala edip ýörmezligiñiz gerek. Emma bu hiç wagt gülmän-ýylgyrman, gaşyñyzy çytyp ýörmelidigiñizi añlatmaýar. Hususanam aram-aram degşip-gülşüp durmak we başgalaryñ göwnüni awlamak gatnaşygyñyzyñ motiwasiýasyny hem-de dostanalygyny ýokarlandyrar.

"Zümerret ýoldaşlygynda" professor Umbrijiñ ýowuz talaplaryndan ýadan çagalary öñki ýagdaýyna dolap getirýän Freddi we Jorj Weslini ýatdan çykarmañ. Käte ýekeje ýylgyryşyñ uçguny hemme zady gülala-güllük edip, ähli ýagşy umytlary gül açdyryp biler. Yzyndan işiñize has ykjam ýapyşmagyñyza getirer. Galyberse-de, işiñizi edip durkañyzam şähdaçyk bolarsyñyz, süññüñizi ýeñil duýarsyñyz...

31
432
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.