Relax
14.07.2023 23:29

▶ AÑASTYNYÑ NÄMÄLIM SYRLARY


Añasty añ diýmek näme?

Añasty bilen baglanyşykly häzire çenli nämeleri bilýäris?

Añasty añ barada heý pikir edip gördükmi?

Bu barada has köp maglumatymyz bolsa, durmuşymyz nä derejede özgererkä? Bizi dolandyrýan zat näme?

Biz ilki añymyzyñ esasy bölegi bolan hakyda barada söz açalyñ. Hakyda (añ) gurşap alan, seljeren (derñeýän) we logiki pikir ýöredip bilýän zatdyr. Hakydaly añ tankytçyldyr. Mesele çözýärkä has köp derñeýär. Bu bolsa käte bikararlyga we herekete geçmekde ýaýdanmaçlyga sebäp bolup bilýär. Hakydamyzy ulanyp durmuşda islan zadymyzy edip bileris. Emma hakydaly huşumyz bilen gelýän kararlarymyz doglan pursatymyzdan başlap maşgalamyzyñ, dost-ýarlarymyzyñ, tanyş-bilişimiziñ täsiri esasynda bize geçýän düşünjelerdir. Aslynda añasty arkaly añymyza siñen zatlar bilen ýolumyzy kesgitleýäris.


▶ AÑ WE AÑASTY


Añymyzyñ hereketdäki bölegi bary-ýogy on göterimdir. Ynha, bar mesele hem şu ýerde başlaýar. Doglan pursatymyzdan başlap tä häzirki gezip ýören wagtymyza çenli düşünjelerimiz we dünýägaraýşymyz daş-töweregimizden alan düşünjelerimiz we garaýyşlarymyz añastymyza ýazylýar. Hut şonuñ üçin hem añasty añ bizi dolandyryp duran esasy zatdyr...

Añasty biziñ añymyzyñ 90 göterimini eýeleýär. Emma añastynyñ ähmiýetini biziñ özümiz kän bilemzok.


▶ BÜTINLEÝ ALANDA AÑASTY NÄME, AÑASTY NÄME WEZIPÄNI ÝERINE ÝETIRÝÄR?


Aslynda añasty diýilýän zat arhiwdir. Ol doglan pursatymyzdan başlap dogry-nädogry bar zady hakydamyza ýazyp durýar. Muny ýazyp durka manysyz bir zada özüçe bir many çaýyp bilýär we adamyñ oña garşylyk bermegini üpjün edýär.

Durmuşymyz nähili? Biz bagtlymy, işimiz rowaçmy, janymyz sagmy? Eger bulardan bir ýa-da birnäçesinde meselämiz bar bolsa, onda añastymyzda bulara sebäp bolýan ýazgylar hökman bardyr. Ýagny biz añasty arhiwimizde nähili maglumatlar bar bolsa, şoña görä hem ýaşaýarys.

→ NETIJEDE: añastymyzy näçe gowy düşünjelerden doldursak, şonça hem saglyga bagtlylyga, rowaçlyga gowuşmagymyzyñ añsatlaşýandygyny bilmegimiz gerek. Añasty añ düşünjämizden we endiklerimizden jogapkärdir. Onuñ wezipesi adamy bagtly etmekdir. "Research Quarterly" žurnalynda çykan bir makalada şeýle diýilýär. Alymlar basketbol oýnaýan talyplary üç topara bölýärler. Birinji topar ýigrimi günläp fiziki türgenleşik geçýär. Ikinji topar hiç hili türgenleşik geçmeýär. Üçünji topar bolsa ýigrimi günläp añlaryny türgenleşdirýärler, ýagny añlarynda topy tutýarlar, paslaşýarlar, topy bir-birlerine geçirýärler....

Ýigrimi günüñ soñunda türgenleşik geçen birinji toparyñ kämilleşigi 24 göterim ýokarlanýar. Ikinji toparda hiç hili öñe gidişlik bolmaýar. Añlaryny türgenleşdiren üçünji toparyñ taýýarlygy bolsa 23 göterim artýar. Ýagny añasty duýgularyñ we hyýallaryñ güýçli ulanylan ýagdaýynda belli bir ssenariýanyñ yzygiderli gaýtalanmagy netijesinde, aslynda bolmadyk zatlar hakykat hökmünde kabul edilýär we beýine bu signal berilýär.

Nähili täsin, şeýle dälmi?!.

Käte añastymyza ornaşan zatlar sebäpli şol bir goýberen ýalñyşlyklarymyzy gaýtalap ýörüs. Özümiziñ ygtyýarymyzdaly añ bölegimiz duýup duranam bolsa, muña erk edip bilmeýär. Çünki añasty añ biziñ añymyzyñ dolandyryjysy ýalydyr. Mysal üçin çilim çekmegi taşlajak bolýañyz. Emma añastymyz ajy kofäniñ gapdalyndan çekilen çilimiñ keýpini bize zol ýatladyp durýar.

Añastymyzdaky añ immun sistemasyny we hatda gormonlarymyzy-da gözegçiliginde saklaýar. Hut şonuñ üçin häli-şindi biderek zatlara gaharlanyp durýarys. Bu bolsa bizi hem beden taýdan, hem ruhy taýdan näsaglyga alyp barýar.


▶ AÑASTY NÄME?


Juda ünsüñizi çekip biläýjek bir gyzykly maglumaty bilelikde okalyñ.

1950-nji ýyllarda bir iñlis hammaly alan şeraply çeleklerini Şotlandiýa alyp barýarmyşyn. Bir portda ýüküni ýerländen soñra işläp ýören deñizçileriñ biri sowuk howa deposynyñ içine girýär we üsti ýapylyp içinde galýar. Içerde galan deñizçi bar güýji bilen gygyrsa-da, ony duýan bolmaýar. Şol wagtam hammal gaýtadan ýük almak üçin herekete geçýär. Üsti bekli galan deñizçiniñ ýanynda az-owlak iýer-içer ýaly azyk-owkat bar ekeni. Emma ol deponyñ doñduryjy sowugyna döz gelip bilmejeginem gözi ýetip dur. Ölüm sagady golaýlaşyp başlaýar. Ol bedeniniñ sowukda nähili üşeýşini, el-aýaklarynyñ nähili hereketden galyşyny, sowugyñ tap getirerden juda agyrdygyny elindäki çakgysy bilen deponyñ diwarlaryna birin-birin ýazýar. Hammal başga bir portda ýük ýazdyranynda, gäminiñ kapitany depony açýar we deñizçiniñ doñup galan jesedine gözi düşýär. Ol ölen deñizçiniñ çakgysy bilen galdyran ýazgylaryny görüp haýran galmakdan ýaña agzy uçuklaýar. Çünki sowuk howa deposynda (holodilnik) şeraplaryñ 18 gradusda äkidilmegi gerek ekeni. Aslynda deñizçi sowukdan ölmeýär, ol sowukdan öljegine ynanýandygy üçin ölýär.

Eýse biz añasty añymyzy tabyn edip we özgerdip biljek derejede öz maksadymyza ýetip bilerismi? Munuñ üçin biziñ hemme zatdan owal ynanýan zatlarymyzy üýtgetmegimiz gerek. Başymyzdan geçýän ýagşy-ýaman zatlarymyzyñ hemmesi biziñ öz saýlap alan zatlarymyzdyr. Muña düşünip bilsek işlerimiz hasam añsatlaşar. Başymyza gelýän hadysalary oñyn tarapa öwürmek öz elimizdedir, ýagny "erk-ygtyýar özümizde". Añastymyza siñdirýän her maglumatyñyz seljeriñ, siziñ durmuşyñyza zeper ýetirip biljek islendik maglumata garşylyk görkeziñ. Mundan soñky etap hakydaña ýerliksiz ýazgylary siñdirmegiñ we gorkynyñ, was-wasa düşmekligiñ netijesidir. Gorkularymyzy ilki kabul etmeli, soñra olary özgertmäge çalyşmaly. Iñ esasy zat bolsa köp gaýtalamakdyr.

Gepiñ keltesi, añastymyz bizi dolandyrýar. Eger biziñ özümiz añastyny dolandyryp bilsek isleýşimiz ýaly ýaşap bileris. Özümize diñe özümiz kömek edip bileris.

Munuñ üçin ulanyp bolaýjak reiki, NLP, gipnoz ýaly birnäçe metodlar bar. Olaryñ hemmesiniñ maksady añastyny gaýtadan programmirlemekdir.

Geliñ, näme isleýänimizi bilip, soñra oña eýe boljak bolalyñ. Çünki biz "nämä ynansak, şony hem göreris".


• Peýdalanylan çeşme:


1). Bernard Werber, "Anyk we hökmany bilimler ensiklopediýasy"

2). Rana Kadyogly "Añasty añyñ bilinmedikleri"

37
344
okayjy
15 Iýul 2023
# Ronda Bern "The secret" 👍
psiholog
15 Iýul 2023
3 4 like goyup bolyan bolsa hemmesinem goyardym zahmet edip yazanyna gowy maglumatlat tuweleme
psiholog
15 Iýul 2023
Joseph Morphy Bilinc altinin gucu.
nuria
15 Iýul 2023
Mana kitaplary iverip bilyanizmi sizde bar bolsa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.