Relax
19.07.2023 09:27
Taryhyñ iñ gadymy eýýamlaryndan bäri hiç kimiñ eýermän gelen ýörelgesi bar: Şugünki işiñi ertä goýma!
Iş ertä goýlup başlansa, diñe özüñe däl, başgalara-da aýakbagy bolýar. Ýöne köplenç işi edilip gutarmanka elimizdäki wagt gutarýar. ABŞ-nyñ düýbüni tutujylaryñ biri Benjamin Franklin "Sen işiñi ertä goýsañam, wagt goýmaz" diýipdir.
Şereketlerde işlemek boýunça okadýan Rori Waden işgäriñ günde iki sagadyny işi bilen baglanyşygy bolmadyk zatlara harç edýändigine ünsi çekýär. Ol işiñi soña goýmagyñ "gymmada düşýändigini we görnetin çykdaýjyly bolýandygyny" aýdýar.
Adamlar etjek işini etmän soña goýmagyñ hem özlerine, hem özgelere zyýan berýändigini bilibem näme üçin äwmezlige salýarka?
"Wagty hemmetaraplaýyn dolandyrmak" kitabynyñ awtory Juli Morgenşterniñ aýtmagyna görä, munuñ ilkinji sebäpleriniñ biri adamlaryñ işden ýaña halys ýadamagydyr. Ykdysady çöküşlik başlandan bäri şereketler işgärleriniñ has täzelikçi, has dörediji we has öndüriji bolmagyny isleýär. Bu bolsa alda-baslyga getirýär. Aýratynam elektron poçtalar, feýzbuk we twitter ýaly internet serişdeleri ünsümizi gowşadýar.
Morgenştern elektron poçtadan gelen ähmiýetsiz haty jogaplamagyñ az wagtlygam bolsa üstünlik gazanma duýgusyny berip bilýändiguni aýdýar.
"Häzirem etjek işiñi ertä goýýañmy? Gynanmazdan iş oñarmagyñ ýankitaby" atly kitabyñ awtory, De Paul uniwersitetiniñ psihologiýa boýunça professory Ýozef Ferrariniñ pikiriçe, etjek işini ertä goýýanlar köplenç özgeleriñ özi hakynda näme pikir edýändigine üns berýän kişiler. Ferrari bular ýaly adamlaryñ añynda "Şol işi etmesem maña zat diýen bolmaz" diýen pikiriñ bardygyny aýdýar.
Etjek işini ertä goýýanlaryñ baş duşmanlarynyñ biri-de ediljek işiñ has gowusyny isleýänligidir. Morgenşterniñ pikiriçe iñ soñky pursata çenli garaşmak iş etmezlik üçin ynandyryjy bahanalary döretse-de, munuñ üçin wagt ýeterlik tapylyp durmaýar.
"Başarnyk basgançagy: Ýedi ädimde hakyky üstünligi gazanmak" atly kitabyñ awtory Rori Waden "Iñ işeññir adamlar gowudan gowusyny islemekden zyýada öñe gitmäge ähmiýet berýär. Üstünlik gazanmagyñ çylşyrymly zatdygyny unutmañ" diýip ýazýar.
"Wagt ogrusy: Etjek işiñi ertä goýmak boýunça pelsepewi synaglar" kitabyny redaktirlän Utah uniwersitetiniñ filosofiýa fakultetiniñ dosenti Krisoula Anreounyñ aýtmagyna görä, etjek işiñi ertä goýma endigi esasan uzak wagta çekýän meýilnamalarda duş gelýär.
Uzak wagta çekýän soña goýmalaryñ özümize diñe zyýandan başga zat bermeýändigine we muny özbaşdak etmegiñ hiç hili manysynyñ ýokdugynyna güwä geçip bileris. Emma soñabaka bu äwmezeklik endige öwrülýär we ediljek bolunýan işem bitmän geçýär.
Andreou uzak wagtlyk meýilnamada äden her bir kiçijik ädimimize "simwoliki taýdan ähmiýet bermegi" maslahat berýär. Biziñ bu tutumly maksadymyzyñ yzyndan özümizi agşamlyk nahary ýa-da massaž bilen höweslendirip bileris.
Morgenştern etjek işini soña goýýan adamlaryñ köplenç özüni günäli duýýandygyny, ýöne özüñi ýaramaz duýmagyñ hiç zady çözmeýändigini aýdýar. Onuñ pikiriçe soña goýmalara iterýän ugurlary (meselem hat ýazma, iş etme ýa-da gatnaşyk saklama ýaly) seljerip, göz öñüne tutan maksadymyza ýetmek üçin nähili ädim ätjegimizi kesgitlemeli.
Dowamly ünsümiziñ sowulýan döwrebap ofisli taslamalary kiçi ädimlere bölmäge mätäçlik döredýär. Morgenştern "Uly meýilnamalary ýarym we iki sagat aralygynda, kiçi we gutaryp boljak etaplara bölmek gerek" diýýär. Ferrari käbir adamlara bähbitli bolýan wagty dolandyrma taktikasynyñ dowamly soña goýmalara öwrenşen adamlaryñ 20%-de peýda bermejegini öñe sürýär. Çünki şeýle adamlar öýde, işde we şahsy durmuşynda, ýagny durmuşyñ her ugrunda etjek işini ertä goýýar. Ferrariniñ "hroniki ertä goýujylar" diýip atlandyran bu adamlaryna wagty we durmuşy ele almagyñ ýeke-täk ýoly, megerem, akyl ýetirijilik bejergisine gönükdirýän psihologa gatnamak gerek.

Fillis KORKKI.
40
335
rusalk
5 Awgust 2023
Dogry wagtynda etmesen hokman bir zat sewap bolup galya so isin
kakos
22 Iýul 2023
Galan ise gar yagar
9500
19 Iýul 2023
@geldiyevna, Balnisalarda psiholog hokman bolya tapmasanam dalihana baray anyk salgysy sol,😂
9500
19 Iýul 2023
@geldiyevna, elbetde bar
wolf
19 Iýul 2023
Sag bola👍🔥👍🔥👍
okayjy
19 Iýul 2023
@Relax, Bolýa 👌
Relax
19 Iýul 2023
@okayjy, Juli Morgenshtern diyaa googldan gozledip goraii
okayjy
19 Iýul 2023
@Relax, Kim onda ?
Relax
19 Iýul 2023
@okayjy, ýok ol däl
okayjy
19 Iýul 2023
Morgenştern 🤔. Rus reprmi ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.