Relax
16.07.2023 23:29
Gollandiýaly psiholog Aldert Wriý kärdeşleri bilen bile "ussat ýalançylary" tanamak üçin olarda nähili häsiýetleriñ bolýandygyny öwrendi. Garşysynda durany ýüzüniñ ugruna diñledip, "gulagyna münüp" bilýän ussat ýalançylaryñ on sekize golaý özboluşly häsiýetiniñ bolýandygyny delillendiren Wriý we onuñ kärdeşleri bu häsiýetlere eýe kişileriñ aldanmaga garşy iñ eserdeñ, iñ seresaply adamlary hem toruna düşürip biljekdigini aýdýar. Wriýiñ pikiriçe ýalançylaryñ;

■ Hereketleri manipulýatiw bolýar (ynamyña girme ukybyna eýe)

Bimaksat häsiýete eýe adamlar pragmatiki ýalançylar bolup, olar hiç zatdan gorkmaýar, hiç zady piñine almaýar. Olaryñ öz etsem-petsemlerini hemişe ölçerip-biçip, akylly hereket edýändiklerini aýdýan Wriý şeýle diýýär:

"Gepläp durkalar size täsir etmäge çalyşýarlar. Ýöne olar muny edýärkä özlerini gaty arkaýyn alyp barýarlar".

■ Dogry zatlardan kän uzaklaşman gepleýärler

Dogry zatlar bilen garyşdyrylan çyna berimsiz ýalanlar 100% ýalandan (doly ýalan) has ynandyryjy bolýar we muña ynandyrmak üçin arrygyñy kän gynamasañam bolýar. Ussat ýalançylar bu inçe aýratynlygy ünsden düşürmeýär.

■ Akyl-paýhas hökmany suratda gerek

Akyl-paýhasyñ ýalançynyñ egnine hopba bolan "ýüki" galdyrmakda uly kömegi bar. Ýalan sözleýän adam sözlän ýalan-ýaşrygynyñ içinden çykmasy kyn ýagdaýlaryndan akyl-paýhasy bilen "ýagdan gyl sogrulan" mysaly çykyp bilýär.

■ Çalt pikirlenme ukyby

Säginmeler we "hää", "hmmm", "bäähh" ýaly ikirjiñlenme sözleri diñleýjiniñ göwnünde aldanýandyryn diýen şübhäni döredýär. Şonuñ üçin bu inçe hususy hem ünsden düşürmän çalt pikirlenip bilýän ýalançy bir aýagynyñ üstünde durka hem ýalan toslap tapmaga ökde bolýar.

■ Gyssagly ýagdaýlarda üns çekiji we tebigy pikirlenme ukyby

Aldarköse ýaly aldamakda öñüne adam geçirmedik iñ ussat ýalançy hem garaşylmadyk soraga ýa-da ýagdaýa sataşsa, aljyrap biler. Şonuñ olaryñ goltuk jübüsinde her hili ýagdaýa düşende-de, garşylygyny berer ýaly jogaby taýýar durandyr.

■ Maglumaty ýerlikli ulanma ukyby

Ýalançylar özlerine berilen soraga jogap berende mümkin boldugyndan juda az maglumat berýär. Şeýtmek bilen olar gürrüñi gidýän zadyñ jikme-jiklikleri boýunça sorag berilmeginiñ öñüni alýar.

■ Edil şol wagt güwä geçilmesi mümkin däl gümürtik jogaplary berýärler

Maglumaty gizlemek ("Çyndanam ýadyma düşmedi", "Şumat kelläme gelmedi", "Dilimiñ ujundady, ýadymdan çykaýdy" we ş.m...) käte toslanyp tapylan ýalandan has amatly bolýar. Sebäbi bular ýaly gümürtik jogaba güwä geçmek zerurlygy galmaýar.
34
450
Relax
17 Iýul 2023
@gull, howwa
Relax
17 Iýul 2023
@7898, hava guýaa
Relax
17 Iýul 2023
@gull, hava gun partladyy duynkide
gulnurtm
17 Iýul 2023
@gull,obada da gum yagyp dur😳
Relax
17 Iýul 2023
@gull, olaa gowy dall
Relax
17 Iýul 2023
@gull, Salam yagyshh guyup batyra barde mutnydan gecdik
gulnurtm
17 Iýul 2023
Sizlere yalancylara uns alyañyz😅
Relax
17 Iýul 2023
@gull, sag bol minnetdar:))
Relax
17 Iýul 2023
@lord, Walekimsalam gowy öziñ gowmy sag bol minnetdar))
lord
17 Iýul 2023
Dayy, salawmaleykim! Gowmy yagday? Gutlayan taze status bilen)))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.