Relax
14.08.2023 21:46
Ýumurtga / Hekaýa


Sen ölmeziňden öň öýüňe gidýärdiň.

Awtoulag heläkçiligi boldy. Üns bermeli aýratyn zat ýok, ýöne ölüm howply boldy. Aýalyňy we iki çagaňy yzda galdyrdyň. Bu agyrysyz ölümdi. Ilkinji kömek işgärleri sizi halas etmek üçin elinden gelenini etdiler, ýöne peýdasyzdy. Maňa ynan, bedeniň böleklere bölündi.

Ine, sen meniň bilen duşuşdyň.

- Näme boldy? - diýip soradyň. - Men nirede?

- Sen öldiň - diýdim, hakykaty aýtdym. Ýumşak sözlere zerurlyk ýok.

- Uly awtoulag ... ýük daşaýan bir ýük ulagy bardy...

- Dogry - diýdim.

- Men .. öldümmi?

- Hawa - diýdim. - Ýöne gaty gynanma. Hemmeler ölýär - diýdim.

Daş töweregiňe göz aýladyň. Hiç zat ýokdy. Diňe sen we men. \\\"Bu ýer nire?\\\" diýip soradyň. \\\"Aňyrky dünýämi?\\\"

- Köp ýa-da az, bu ýer - diýdim.

- Sen Hudaýmy? - diýip soradyň.

- Hawa - diýip jogap berdim. - Men Hudaý.

- Çagalarym .. aýalym - diýdiñ.

- Olara näme boldy?

- Gowy bolarmy?

- Ine bu, meniň göresim gelýän zat -diýdim. - Öleniňe köp wagt bolmady, ýöne bar aladaň maşgalaň. Diýmek bu seniň üçin gowy zat .

Sen maňa maňa jadylanan ýaly seretdiň. Saňa görä men Hudaýa meňzeýärdim. Ýönekeý bir adam ýa-da bir aýal. Düşnüksiz bir şahsyýet. Emma başlangyç synp mugallymy ýaly güýçli biri.

- Alada etme - diýdim. - Ählisi gowy bolar. Çagalaryňyz sizi hemme taraplaýyn kämil diýip ýatda saklarlar. Seni ýigrenip biler ýaly olar entek ulalmady. Aýalyň daşarda aglar, ýöne gizlin gizlin rahatlanar. Dogrymy aýtsam, maşgalaňyz ýykylýardy. Göwinlik isleseňiz, rahatlanany üçin özüni günäkär duýar.

Ah çekdiň we: \\\"Indi näme bolar? Meni jennete ýa dowzaha iberermisiň?\\\"

- Ikisine-de däl - diýdim. - Siz gaýtadan doglarsyňyz.

- Hä onda diýmek, hindileriň dini dogry eken?!

- Hemme dinler öz perspektiwinden dogry -diýdim. - Meniň bilen bile ýöre.

Boşlukda ädimläp meniň yzyma düşdüň. \\\"Biz nirä barýarys?\\\"

- Aslynda hiç ýere - diýdim. - Ýöremek, gürleşmek üçin oňaýly.

- Bu nämäni anladyar? - diýip soradyň. - Täzeden doglan wagtym boş bir kagyz bolaryn, şeýlemi? Bir Çaga. Şonuň üçin meniň başdan geçirenlerimiň we bu durmuşda eden zatlarymyň hiç biri möhüm däl we manysyz.

- Ýok beýle däl - diýdim. - Geçmişdäki tejribeleriň we bilimleriň hemmesi içiňde. Olary diňe şu wagtlykça ýada salmaýarsyň.

Men ýerimden turdum-da, seniň egninden tutdum. “Ruh siziň pikir edişiňizden has ajaýyp, owadan we uludyr. Bir Ynsan aňy bedeniň diňe az bölegini tutýandyr. Suwuň temperaturasyny bilmek üçin onuň daşyna eliňi goýup ölçeýşiň ýaly... Kiçijik bir bölegi gutyda goýýarsyňyz we açyp bilseňiz, ähli tejribä eýe bolarsyňyz.\\\"

- Soňky 48 ýylyň dowamynda bir adamyň içinde bolduňyz, şonuň üçin çäksiz aňyňyzy doly öwrenmediňiz. Bu ýerde gaty köp aýlansak, hemme zady ýatlap başlarsyňyz. Elbetde, muny her ýaşaýyşda etmegiň hiçhili manysy ýok.

- Öň näçe gezek ölüp, gaýta doguldym.

- Köp gezek ... köp gezek ...- diýdim. - Indi siz biziň eramyzdan öňki 540-njy ýylynda hytaýly bir gyz bolup dünýä inersiň.

- Bir minut garaşyň, näme? Meni geçmişe iberýärsiňizmi?

- Tehniki taýdan hawa. Wagt düşünjesi diňe seniň älemiňde bar. Meniň gelen ýerimde ýagdaý birneme üýtgeşik.

- Sen asly nireli? - diýdiň.

- Aý, elbetde... - düşündirmäge başladym. - Men bir ýerden geldim. Başga bir ýerden. Ol ýerde meniň ýaly beýlekiler bar. Ol ýerde näme bolýarka diýip gyzyklanýandygyňy bilýärin. Emma, dogrymy aýtsam, muňa düşünersiňiz öýdemok.

- Hmm - diýdiň we biraz dymdyň. - Dur, dur. Eger men dürli wagtlarda gaýtadan dogulyp bilýän bolsam, özüme gabatlaşyp bilýärin.

- Hawa. Elmydama şeýle bolýar. Ýöne iki durmuş hem diňe öz ömrüni bilýär. Näme bolýandygyna düşünmeýärsiň.

- Onda bularyň näme manysy bar?

- Hakykatdanam? - diýip soradym. - Çyndanam? Menden durmuşyň manysy hakda soraýarsyňyzmy? Bu biraz iç gysganç sorag dälmi?

- Elbetde, ýöne düşnükli sorag -diýip inkär etdiň.

Men seniň gözlerine seretdim. \\\"Durmuşyň manysy we bu älemi ýaradanlygym, seniň ulalmagyň we kämileşmegiň üçindi.\\\"

- Adam ogly, ýagny tutuş adamzat barada aýtýarsynyzmy? Biziň ýetişmegimizi, kämişleşmegimizi islediňizmi?

- Ýok diňe sen. Bu älemi diňe seniň üçin ýaratdym. Her bir ömrüň, ýaşyň bilen sen has köp bilimli, kämil we akylly bolýarsyň ”

- Diňe menmi? Başga adamlar näme?

- Başga hiç kim ýok - diýdim. - Bu älemde diňe sen we men bar.

Sen maňa boş seredip başladyň. \\\"Ýöne dünýädäki beýleki adamlar ...\\\"

- Olaryň hemmesi sensiň, seniň dürli keşplere giren halatlaryň.

- Dur, men düşünjek bolaýyn. Men hemmelermi?!

- Indi düşündiň - diýdim-de, seniň başyňy sypaladym.

- Men ýaşap geçen her bir adammy?

- Şol sanda indi ýaşajak adamlar hem sen.

- Men Awram Linkolnmy?

- We şol sanda ony öldüren Jon Wilkes But hem sen - diýip goşdym.

- Men Gitlermi?- muny dodaklaryňy titredip, gorkup aýtdyň.

- We onuň öldüren millionlarça adamy hem sensiň - diýip üstüni ýetirdim.

- Men Isa Mesihmi?

- Şol sanda Ony yzarlaýanlaryň hemmesi - diýip goşdym.

Sessizlige gömüldiň.

\\\"Her gezek birini öldüreniňde özüňi öldürýärdiň\\\" - diýdim. \\\"Eden ähli gowy zatlaryňy özüňe etdiň. Islendik adamyň dadyp gören ähli ýagşylygyny ýa-da ýamanlygyny seniň özüň etdiň\\\"

Uzak wagtlap pikir etdiň.

\\\"Näme üçin?\\\" diýip soradyň. \\\"Näme üçin beýle etdiň?\\\"

“Sebäbi bir gün sen meniň ýaly bolarsyň. Sebäbi bu sen. Sen meniň görnüşim. Sen meniň çagam \\\"

- Wah - diýip, ynamsyzlyk bilen aýtdyň. - Diýmek, men hem Hudaýmy?

- Ýok, entek däl. Sen heniz bir düwünçek. Sen henizem ösýärsiň. Hemişe bar bolan adamzat ömrüni ýaşaýarsyň, taze dünýä inmek üçin ýeterlik ulalarsyň.

\\\"Diýmek, tutuş älem\\\" diňe \\\"...\\\"

- Bir ýumurtga - diýip jogap berdim. - Indi başga durmuşyňyza geçmegiň wagty geldi.

Men seni iberdim.


© Endi WEIR.

Terjime eden: Yhlas SETDAROW.

Redaktirlän: Baýramgylyç SAPARGYLYJOW
28
196
Relax
14.08.2023 12:43

Jumanji / fantastiki hekaýa


— Ýadyňyzda bolsun, kakaň ikimiz operadan soň birnäçe myhmanlary çagyrdyk. Şonuň üçin öýde tertip-düzgün bolmalydyr - diýdi ejesi.

Kakasy bolsa aýakgabynyň bagjygyny daňyp: «Ejeňiz dogry aýdýar» diýdi.

Ejesi zaldaky aýna seredip, şlýapasyny dykgatly serenjam etdi, oturyp, çagalar bilen hoşlaşmak üçin olary ogşady.

Gapy ýapylanda Judi we Piter begenip gülüşdiler. Oýnawaçlarynyň hemmesini çykardylar we otagy tertipsiz etdiler. Emma hezillikleri derrew gutardy we dymdylar. Piter oturgyçda oturdy, gerilip:

— Bilýäňmi näme? Meniň içim gysýar - diýdi.

Judi hem: «Meniňem şeýle» diýip, uludan dem aldy. — Daşarda oýnasak gowy bolmazmy?

Piter razylaşdy, olar köçäniň aňyrsyndaky seýilgähe tarap ýola düşdüler. Noýabryň sowuk bir günidi.

Çagalar ýapraklaryň üstünde oýnadylar. Judi Piteriň switeriniň aşagyndan birnäçe ýaprak aljak boldy, ýöne derrew böküp, agajyň aňyrsynda gizlendi. Agasy ony tutanda, uzyn, tekiz bir gutynyň gapdalynda dyzüsti durdy.

— Bu näme? - diýip, Judi sorady.

— Oýun - diýip, Piter gutyny oňa uzatdy.

—"Jumanji" - Judi gutydaky ýazgyny okady. "Bu jeňňel başdan geçirmeleri üçin oýun."

— Seret - diýip, Piter gutynyň aşagyna goýlan kagyzy görkezdi.

Onuň üstüne çagalaryň el ýazuwynda ýazylypdyr:

"Bu bir mugt oýun. Käbirleri üçin gyzykly bolmagy mümkin, ýöne hemme üçin däl...

P.S. Görkezmeleri üns bilen okaň".

Judi: «Ony öýe äkidelimi?»

— Men bilemok… - diýip, Piter aýtdy. — Meniň pikirimçe kimdir biriniň muny şu ýerde goýup gidendigine ynanýaryn, sebäbi bu ýürekgysgynç.

Judi: «Beýtmäýdä, haýyş edýärin» diýip, ýalbaryp başlady. — Gel, ony synap göreli. Öýde bile oýnarys!

Piter bilen Judi şeýle çalt ylgadylar welin, derrew öýlerine geldiler.

Öýde çagalar stoluň başynda oýny açdylar. Adaty tagta oýnuna meňzeýärdi. Guty açylanda, gapakda çyzylan reňkli kwadratlaryň zolaklary oýun meýdançasyna öwrüldi. Her çarçuwada habar ýazyldy. Figuralary ugrukdyrmak üçin gür tokaýlarda başlanan we binalar we diňler bilen bezelen "Jumanji" atly altyn şäherde tamamlanan bir ýol bardy.

Piter çöpleri aldy we oýunyň figuralaryny synlady.

— Olary ýerleşdir we diňle - diýip, Judi düzgünnamany okap başlady:

"Jumanji – çagalar üçin jeňňel başdangeçirmesi oýnudyr, içi gysýanlar ýa-da bir ýerde oturyp bilmeýänler üçin ýörite niýetlenendir.

A. Oýunçy bir figurany saýlap, ýoluň başynda goýar.

B. Oýunçy çöpi atar, tokaýyň howply ýerlerine göçümini eder.

C. Jumanji şäherine baryp, şäheriň adyny sesli aýdan ilkinji oýunçy ýeňiş gazanar".

— Bolanymy? Piter lapykeç sorady.

Judi: «Ýok» diýdi. — Baş harplar bilen ýazylan başga düzgün hem bar:

"D. GATY WAJYP: 'JUMANJI' OÝNY BAŞLASA, OÝUNÇY ALTYN ŞÄHERE ÝETÝÄNÇÄ OÝUN GUTARMAÝAR".

— Bu töwekgelçilikli oýun ýaly bolup görünýär.

— Çöpleri alda, ýere taşla – diýdi Judi. — Sen ilki oýnarsyň.

Piter çöpleri islegsiz taşlady.

— Ýedi - diýip, Judi aýtdy.

Piter figurasyny ýedi kwadrat süýşürdi.

— Ýolbars hüjüm edýär, iki kwadrat yza süýşiň - Judi peýda bolan ýazgyny okady.

— Gör nähili gyzykly ... - diýip, Piter hüňňürdedi. Piter figurasyny yza süýşürip, gyz jigisine seretdi. Ýüzünde gorky duýgusy peýda boldy.

— Piter - diýip pyşyrdady. — Öwrül ýöne gaty haýal.

Oglan oturgyçdan yzyna öwrülip seretdi. gözlerine ynanyp bilmedi. Janly ýolbars pianinonyň üstinde ýatyrdy. Ýolbars Pitere seredip agzyny ýalaýardy.

Birden ýolbars şeýle bir aýylganç arlady welin, Piter gaçdy. Afrikaly wagşy ýerinden böküp, onuň yzyndan ylgady. Piter ikinji gata çykyp, ýatylýan otaga girdi we krowatyň aşagyna gizlendi. Ýolbars yzarlamaga synanyşdy, ýöne kellesi gysyldy. Piter düşegiň beýleki tarapyndan böküp, ýatylýan otagyň gapysyny ýapdy.

Çagalar ylgamakdan we gorkmakdan ýaňa uludan dem alyp zalda durdular.

— Meniň pikirimçe ... bu oýny ýene oýnamak islärin öýdemok - diýip, Piter ulydan dem aldy.

— Oýny hökman tamamlamaly! - diýip, Judi aýtdy. — Görkezmäniň şeýle diýýändigine ynanýaryn. Bu ýolbars, birimiz ýeňýänçäk gitmez.

— Belki-de haýwanat bagyna jaň edip, ony alyp gitmeklerini haýyş edip bilmerismi? - Krowatyň gapysynda dyrmaşyp, ýokardan ýolbarsyň gykylygy eşidilýärdi. — Ýa-da kakam dagy öýe gelýänçä garaşyp bileris.

— Haýwanat bagyndan hiç kim gelmez, sebäbi olar bize ynanmazlar - diýip, Judy aýtdy. — Ejemiziň ýatylýan otagynda ýolbarsyň bardygyny bilse, onuň nähili gaharlanjakdygyny göz öňüne getir. Bu oýny başladyk, indi gutarmaly.

Piter oýun tagtasyna gynanç bilen seretdi. Ýöne Judi hem ýedä düşürse näme bolardy? Öýde iki ýolbars bolardy. Aglap islemek ýa-da islemezlik kararyna gelýärkä, stoluň aňyrsynda durup, batyrgaýlyk bilen: "Oýnamaga dowam ederis!" diýdi.

Judi çöpleri zyňdy, sekiz düşdi. Figurasyny süýşürdi.

"Maýmynlar seniň naharyňy ogurlady, bir gezek ädimle"

Ol bu ýazgyny okaýarka, aşhanadan gap-gaçlaryň döwülýän sesi we gutularyň ýykylýan sesi eşidildi. Çagalar aşhananyň gapysyna ylgadylar we otagda bir-biriniň yzyndan ylgaýan onlarça maýmyny gördüler.

— Aý ýok ... - diýip, Piter iňirdedi. “Bu, ejemi ýolbarsdan has beter gynandyrar"

Judi: "Çalt oýna gaýdyp baraly" -diýdi.

Piter ýene çöpleri zyňdy. Hudaýa şükür, onuň göçümi ony boş meýdança getirdi. Ol ýene zyňdy. "Musson ýagyşlary möwsümi başlanýar, saýawan almagy unutma". Zalyň düýbüne kiçiräk ýagyş damjalary düşdi. Aşhanadaky maýmynlar gorkdy bir, sebäbi ýyldyrym çakyp, gök güpürdisi eşdildi. Tropiki ýagyş ýagyp başlady. Judi çöpleri zyňdy.

"Gollanmaňyz ýitdi, bir öwrümden geçiň"

Tropiki ýagyş dyndy. Çagalar yzyna öwrülip, bir adamyň kartanyň üstünde egilip durandygyny gördüler.

"Hudaýym, biz nähili bagtsyz ..." diýip seslendi. "Aý, ezizlerim, bu gün biziň üçin bir zat şowsuz ... Belki, bu çep öwrümdir ..., ok, ýok ... dogry öwrüm şu ýerde ... Hawa, düýbünden, meniň pikirimçe bu dogry öwrüm ... Garaz, belki-de ..."

"Bagyşlaň" diýip, Judi aýtdy, ýöne adam oňa üns bermedi.

“… Bärde, soň…, ok, ýok… töwereginde we töwereginde… Hawa, gowy… ýöne soň… Hmm…”

Judi çöpleri Pitere berdi. Piter zyňdy.

“… Dört, bäş, alty” öýjükleri sanap başlady.

"Sizi tsetse çybyny çakdy, uky keseline ýolukdyňyz, bir gezegiňizi ýitirdiňiz"

Judi wyzzyldyny duýdy, kiçijik bir çybynyň Piteriň burnuna gonanyny gördi. Piter çybyny kowmaga synanyşdy, emma başa barmady, pallady we kellesini stolyň üstünde goýup uklady.

— Piter, Piter, oýan! - Judi gygyrdy. Emma hemme zat peýdasyzdy. Ol çöpleri zyňdy we boş otaga geldi. Hereketi gaýtalady, gyz haýran bolup doňup galdy.

"Bir süri karkidon size tarap ylgaýar, iki kwadrat yza süýşüň."

Piter ukydan oýandy. Çagalar bilelikde koridorda ýakynlaşýan gykylygy diňlediler. Ol hasam güýçlenýärdi. Birdenkä, bir süri karkidon otaga we naharhana girip, ýolundaky ähli mebelleri süpürdi. Jaýdan her dürli döwülme, takyrdyly sesler eşidilýärdi. Piter we Judi gulaklaryny ýapdy.

Peter çöpleri zyňdy we çalt hereket etdi. Tagtada "Piton düşelgä girýär, bir kwadrat yza süýş" diýen ýazgy peýda boldy.

Judi gygyrdy we oturgyçda bökdi.

— Ojakda - diýip, Piter pyşyrdady. Judi ýene oturdy. Kamen ojagyň içinde towlanan iki metrlik ýylany aljyraňňy ýagdaýda synlady. Gollanma kartadan turdy, ýylany gördi we maýmynlar eýýäm otagyň iň uzak burçuna gidipdi.

Judiniň göçmegi nobatydy, çöpleri boş meýdana düşdi. Agasy çöpleri alyp, üçi düşürdi.

— Aý ýok... "Ukydaky wulkan oýandy, üç kwadrat yza"

Yssy boldy, pol titredi. Ojakdan lawa akyp başlady. Lawa, ýagyşdan soň ýerde galan suw bilen garyldy we otag bugdan doldy. Judi çöpleri atdy we figurasyny öňe süýşürdi.

"Gysga ýol tapdyňyz, hereketiňizi gaýtalaň."

— Waý! - diýip gygyrdy, ýylanyň ojakdan çykanyndygny görüp.

Piter: «On iki düşürip bilseň, biz tokaýdan çykyp bileris» diýdi.

«Haýyş edýärin, haýyş edýärin» diýip, Judi gahar bilen zeýrenip, çöpleri zyňdy. Piton çagalaryň ýanynda süýrenip geçdi. Judi gezekli gezegine çöpleri zyňypdy. Ilki birinjisini, üstünde alty bardy, soň ikinjisi... Ol daşyny alyp, stoluň aňyrsyndan gaty süýşürdi.

"JUMANJI!" Judi bar sesi bilen gygyrdy.

Otag barha dykyz duman bilen doldy. Judi Piteriň gapdalyndaky stolda oturanyny indi görüp bilmedi. Soňra öwüsýän şemal bilen otagdaky bug düýbünden ýitdi. Hemme zat birden oýundan öňki ýagdaýyna gaýdyp geldi. Maýmynlar, ýolbarslar, suwlar, döwülen mebeller, ýylanlar ýok we bir süri karkidonlar hem indi ýokdy. Barzat öňki-öňkülik.

Judi we Piter bir agyz hem gürlemän, oýuny toplap, agajyň aşagyna, ýagny tapyp alan ýerlerinde goýup gaýtdylar. Öýe gelip ähli oýunjaklarny ýygnadylar. Ýöne çagalar boş oturmak ýerine gaty tolgundylar, şonuň üçin Piter pazl oýnady, pazl bölejiklerinden şekil ýasady. Pazl bölejikklerini bir ýere jemläp başlanlarynda tolgunmalary azaldy, ýöne gaty ýadapdylar. Pazly doly jemläp gutarmankalar, Piter we Judi düşekde gaty uklap galdylar.

— Oýanyň, ezizlerim - ejesiniň sesi eşidildi.

Judi gözüni açdy. Ejesi we kakasy myhmanlar bilen gaýdyp geldiler. Judi Piteri oýarmak üçin ýuwaşja dürtdi.

Ejesi olary myhmanlar bilen tanyşdyrdy we sorady:

— Günüňiz gowy boldumy?

— Hawa, - diýip, Piter aýtdy. — Suw basdy, ýer titremesi boldy, wulkan atyldy, uky keselinden bizar boldum we…

Oglanyň gepi ulularyň gülküsi bilen kesildi.

Ejesi:

— Bolýar, uky keselini ýeňdiňiz. Näme üçin indi ýokarky gata çykyp, pijamalaryňyzy geýip, soňam pazlyňyzy gutaryp, agşamlyk edinmeýärsiňiz?

Piter bilen Judi aşak gata düşenlerinde, kakasynyň pazly myhman otagyna alyp gidendigini gördüler. Çagalar pazly jemleýärkäler, myhmanlardan biri hanym Budwing olara bir tabak nahar getirdi.

— Bu oýunlar hakykatdanam kyn! Ogullarym Denny we Wolter hiç haçan gutarmaýarlar. Şeýle hem görkezmeleri asla okamaýarlar. Ýöne bu düzedip boljak ýagdaý ýaly.

— Elbetde, düzedip bolar - Piter we Judi jogap berdiler. Emma olar şu wagt hanym Budwinge seretmediler. Olar daşara seredýärdiler. Iki çaga seýilgähde ylgaýardy. Bu Denni we Wolter Budwingdi. Denni goltugynyň aşagynda uzyn we dar gutyny göterýärdi...

© Kris wan OLLSBURG.

Terjime eden: Baýramgylyç SAPARGYLYJOW.

29
222
Relax
11.08.2023 00:33
Bu gün @garlawac_ agzamyzyñ
doglan günü bilen tüýs ýüregim bilen gutlaýan, goy, ömrüñ Ginnesiñ rekortlar kitabyna girjek derejede uzyn bolsun, bagt elmydam ýaranyñ bolsun taýyp ýykylsañam bagtyñ üstüne ýykyl, durmushda diñe gülende bagtdan gözünden ýash akdyryp gören ynsan barmy diýlende hemme saña barmagyn çommaltsyn, ýaşyñ uzyn bolsun iñ gowy arzuwlar
🎉🎉🎉🎉🎉🎉🎉🎉🎉🎉🎉
54
844
Relax
10.08.2023 10:38
Pişigiň bar ýerinde syçanyň dymmalygyny geň görüp oturasy iş ýok.

Hakykat sogan ýaly ajy hem bolsa, şonsuz bu ýaşap ýören dünýämiziň süýjüligi, lezzeti ýok.

Gereklenen ýerinde misiň gymmaty altyna barabar bolup biler.

Durmuş däl-de, biz oýunçy, durmuş bolsa biziň oýunlarymyzyň janköýeri, tomaşaçysydyr.

Käbir adamlara diňe daş keşbiňi özgerdeniň bilen içki dünýäň öňki-öňkülikde galýandygyny ynandyr­mak juda kyn.

Dünýäniň gurluşy hem edil sagadyň gurluşy ýaly, sagatlar minuda, minutlar bolsa sekundyň hereketine şeýle bir bag­lanyşykly edip düzülen.

Edil gyzykly kitap ýaly, adamy öwrenmek üçin hem ony hemişe gaýtalap okamak, özleşdirmek gerek.

Nebis hem gabanç ikisi bir daragtyň miweleri. Çünki ynsanyň nebisjeňligi onuň gabanjaňlygyny artdyrýar.

Pespäl adamlar aslyna, topraga çekýärler.

Çagalaryňyzy diňe söýgi we mähir bilen terbiýelejek bolmaň! Çünki beýle terbiýe durmuşyň talaplaryna laýyk gelmeýär.

Akyldarlaryň adaty adamlardan tapawudy: olar durmuşda käbir zatlary görmeseler hem bilýärler, bilmeselerem hem görýärler.

Adamzadyň ýaşan ömri hem edil utuşly petek ýaly. Ol ýa-ha gazanýar, ýa-da ýitirýär.
33
114
Relax
08.08.2023 09:59

«Mir» Döwletara teleýaýlym we radio kompaniýasynyň film topary görnükli türkmen agyr atletikaçysy Altymyrat Orazdurdyýew barada dokumental film düşürmek üçin Türkmenistana geldi. Filmde halkara arenasynda uly üstünlik gazanan we ýurduna şöhrat getiren türgeniň ömri we karýerasy barada gürrüň beriler. Bu barada HHM habar berdi.


A.Orazdurdyýew 1969-njy ýylyň 16-njy iýunynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap obasynda dünýä inýär. Altymyrat ýedi ýaşyna ýetende, öz obasyndaky 5-nji mekdebe okuwa barýar. Okuwdan soň Sakarçäge etrap merkezinde agyr atletika boýunça tälimçi bolup işleýän agasynyň ýanyna gatnap başlaýar. Soňra ýakynlarynyň maslahatyna eýerip, Aşgabadyň sport mekdep internatyna okuwa gidýär. Oňa bu ýerde Bruno Sumbatowiç Abramýan tälim berip başlaýar.


A.Orazdurdyýew sport mekdebini gutarandan soň, goşun gullugyna alynýar. 1988-nji ýylda öňki SSSR döwletleriniň gatnaşmagynda, Samarkantda agyr atletika boýunça SSSR-iň çempionaty geçirilýär. Ol şonda birinji orny eýeläp, türkmen ştangaçylarynyň arasynda ilkinji gezek SSSR-iň Kubogy bilen sylaglanýar. 1989-njy ýylda ABŞ-nyň Florida ştatynyň Fordloderdeýl şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda ol jemi 357,5 kg agyrlyk göterip,dünýäniň çempiony bolýar. 1990-njy ýylda Daniýanyň Olborg şäherinde agyr atletika boýunça Ýewropa çempionatynda altyn medaly eýeläp, Ýewropanyň çempiony bolýar.1993-nji ýylda dünýä rekordyny goýýar. 1994-nji ýylda Ýaponiýanyň Hirosima şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda birinji orny eýeläp, Aziýanyň çempiony bolýar.


Türkmen ştangaçylaryndan ilkinji bolup Aziýanyň, Ýewropanyň ýeňijisi we dünýäniň 3 gezek iň güýçli agyr atletikaçysy adyny alan Altymyrat Orazdurdyýew 1997-nji ýylda, heniz 28 ýaşy hem dolmanka, Aşgabat şäherinde aradan çykýar. Häzirki wagtda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda Altymyrat Orazdurdyýewiň adyny göterýän sport mekdebi bar.


Habarda bellenilişi ýaly, dokumental filmi diňe bir maglumat beriji häsiýetde bolman, eýsem ähli tomaşaçylar üçin ylham beriji we täsir galdyryjy bolar. Filmde Orazdurdyýewiň ähli kynçylyklary ýeňip geçip, Olimpiýa sport görnüşiniň iň ýokary derejesine ýetip bilendigi açylyp görkeziler.

29
157
Relax
07.08.2023 22:19


Google ösýär we ösdügüçe biziň durmuşumyza şonçada çüň ornaşýar. Biz googla ynanýan syrymyzy hiç haçan hiç kime ynanyp bilmezdik.  Googlyň ösüş barada öz meýilnamasy bar, ol meýilnama bolsa biziň gören we okan fantastiki eserlerimize gaýrada dur diýýär. Google android ulgamy bilen, biziň hemişe ýanymyzda göterýän telefonymyzda bar. Ondan başga google ulgamy täze döwür moda bolan akylly sagatlar bilen hem bagly. Ol sagatlar hepdäň 7 güni 24 sagatlap biziň ýürek urşumyzy we başga beden görkezjilerimiz barada maglumat ýygnap durýar. Biziň internetda gözleýän zatlarymyz google aýan, biziň android telefonlarymyz gije gündüz durman biziň sesimizi ýazýarlar. Bu biz barada çöplenýän maglumatlaryň diňe bir ujypsyzja bölegi.


• Psihiki portret


Hiç bir adam özi barada doly hakykaty bilenok. Mysal üçin men belki gowy mergendirin, emma urşa gatnaşyp görmesem men ony hiç wagt anyklap bilmerin. Ýer ýüzünde her bir adama, diňe oň sesinden ýa-da başga bir alamatlaryndan baha kesip biljek lukmanlar ýa-da hünärmenler bar. Her bir adamyň psihiki partrety bolýar. Biz hemişe beýle zatlara üns beremzok, ýöne öz wezipesi boýynça adamlar bilen köp iş çalşmaly bolýan adamlar, daş töweregindäki adamlaryň her biriniň psihiki partretyny düzmeli bolýarlar. Daş töweregiňdäki adamlardan näme garaşyp bolýandygyny biler ýaly. Mysal üçin meň tanyşlarymyň biri, öň harby bolup gulluk eden we bir giden esgere serkerde bolan, ana şol adam hökmany suratda her bir esger bilen gürrüňdeş bolup, oň psihiki keşbini döretmäge mezbur bolýar. Sebäbi esgerleriň haýsy birinden näme garaşmalydygyny serkerde hökman biläýmeli. Google hem şol zatlar bilen meşgullanýar, her bir adamyň psihiki keşbini düzýär, ýöne keşp düzmek üçin googlda has köp mümkünçilik bar. Mysal üçin biziň goşarmyzda akylly sagat bar we biziň pulsymyzy ölçeýär diýeli, biz elimizdeki akylly telefonymyzda interneda girip bir zatlar okaýas we biz geň galýas, biziň şol bada ýürek urşumyz ýokarlanýar. Bu ýagdaý googlyň gözünden sypanok, google bizi geň galdyran makalany göz öňüne tutup biziň häsýetimiz barada netije çykarýar. Aýdaly biz şäherde aýlanyp ýörüs we oňümizden tanyş gyzlaryň biri çykýar, biz ol gyz bilen säginýäs we salamlaşýas, gürrüňdeş bolýas. Ol gyz hem googlyň ýesiri, gyzyň hem elinde telefon bilen sagat bar. Bluethuz tilsimadyň kömegi bilen biziň elimizdaki telefon gyzyň telefonyny görýär we bize tarap kimiň ýöräp gelýänini bizden öň anyklaýar. Eger gyzyň biziň göwnümize ýaraýan bolsa biziň bedenmiziň görkezjileri üýtgeýär we google şu ýerde bize gyzyý ýaraýanyny bilýär. Eger gyza biz ýaraýan bolsak, google ony hem bilýär. Netijede google her bir adam barada her dürli informasyýany çöpleýär we hir bir adamyň psihiki keşbini döredýär. Google şereketiň ýygnaýan informasiýasy Kanadada bir ýerde ýörite gurnalan elektron arhiwlerde saklanylýan bolmaly?


• Googlyň indiki basgançagy


Google bir ýerde durasy gelenok we gün günden ösýär, google näme isleýär? . Google ýene bir näçe nesilden soň, takmynan 50 ýyldan her bir adam barada ähli zady adamyň özünden gowy bilýän derejä barmaly. Adamlarda hesil yzarlaýan keseller bolýar, mysal üçin aýdaly rak we diýabet keselleri. Ýa-da adaty saç düşme we gözi küteklik. Eger men şu wagt internetda süýji kesel barada informasyýa gözleýän bolsam, diýmek googl meň keselim barada bar zady bilýär. Onsoň ýene 50 ýyldan soň google meň agtyklaryma sýüji kesel barada maslahat berip olaryň ynamyna girip bilýär. Men şu wagt öz atamyň nähili keseller bilen kesellänini bilemok, eger biri maňa meň tohumumda nesil yzarlaýan kelseller barada maglumat aýtsa, men şol adama minnetdar bolardym, wagtyň geçmegi bilen şeýle minnetdarlyga google mynasyp bolmaly. Google şu wagt kän bir sesini çykaranok, ýöne wagtyň geçmegi bilen google biziň örän ýakyn maslahatçymyza öwrülmeli, edil biziň içki dünýämizdäki Hudaý ýaly. Biz iň bärkisi haýsy gyza öýlenmelidigimize çenli googldan sorap bileris, sebäbi google biziň gurşawumyzdaky ähli adamlary bizden gowy, we ol adamlaryň özünden gowy tanar derejä barar. Bar zat googlyň elinde bolar, googlda gurnalan telefonlarda we başga enjamlarda emeli aňly düşünjeli kömekçiler peýda bolar, biz şol kömekçilerden her bir ädimimizi maslahatlaşyp ýaşarys. Google bizi, biziň öümizden gowy tanany üçin, ol elektron kömekçileriň berýän maslahatlary mydama degerli we dogry bolup görüner. Mysal üçin biz ýaş gyz bolsak we bize iki oglan söz aýdan bolsa, biz bolsa kimi saýlajagymyzy bilmeýän bolsak, bize google dogry netije çykarmaga kömek eder, sebäbi google biziň haýsy oglanyň ýanynda ýürek urşumyzyň nähili üýtgeýänini göz öňüne tutup, biziň çyndan hem haýsy oglany gowy görýändigimiz anyklar. Edil şeýle usul bilen oglanlaryň hem hakyky ýagdaýlary açylar. Ýöne şeýle informasyýany elen alan google, ony adamzadyň bähbidine ulanjagy örän şübheli. Ýene bir mysal, şeýle zamananyň gelmegi bilen jenaýatlaryň sany hem azalmaly, google her bir jenaýatçyny entek jenaýat amal aşyrylmaka anyklamagy başarar. Ýöne ol döwürler gelinçä ýer ýüzünde millet bilen döwlet diýen düşünje galmaly däl. Ol döwüre çenli google hem öz adyny telim gezek çalşyp ýetişer. Eger çakym çak bolsa, bize garaşýan zamana, tehnatron zamany diýýärler we ol zaman 2050-nji ýylda başlamaly? Tehnatron zamany baradada geçen asyryň ahyrlarynda agzap başladylar, şu ýerde meni bir zat gyzyklandyrýar. Nähili adam 50-100 ýylyň dowamynda ädimme ädim ýerine ýetirmeli meýilnama biçip bilýär we şol meýilnamany öznüksiz ýerine ýetirmäge özünde ahlaky güýç kuwwat tapýar? Adaty adamyň meýilnamasy 4-5 ýyldan uzaga gidenok, şol sebäpden prezident saýlawlary hem her 4 ýyldan geçirilýär.

#Internet maglumatlar essasynda taýyarlandy

9
649
Relax
07.08.2023 02:37
Dünýäniň iň uly derman kärhanalarynda işleýän Roland Diggelmanyň möhüm boýun almalary:

Derman kompaniýalary üçin her bir bejerilen hassa ýitirilen müşderi. Derman kompaniýalarynyň köpüsiniň pelsepesi: "öldürmäň, ýöne bejermäň". Rak, süji keseli, gan basyşy, ýürek, osteoporoz bu kesel kompaniýalary üçin altyn ýumurtga goyýan towuklardyr.

Derman kompaniýalary rak keselinden bejergi gözlemeýärler. Adamlary rak
keseli bilen has uzak ýaşatmagy maksat edinýärler. Dünýäniň muny bilmäge hukugy bar.
25
88
Relax
06.08.2023 13:03
Hakyky ogul, hakyky gyz öz enesini hiç mahal öwmeýär, ýöne mydama söýýär. Sebäbi ene öwülmän söýlýän gudrat. Watan hem şeýle gudrat. Watana ―seni söýýän diýip gygyrýanlar Watany söýýän däldirler.

Atajan Tagan "Kyrk ýylda ýazylan kitap"
30
139
Relax
04.08.2023 23:17
Çagalarda süýt dişleri çykmazdan ozal şeýle görünýär.
27
171
Relax
03.08.2023 13:07
Magtymguly Meňli gyzy söýenmiş,
Ýöneýetip bilmänmişin wysala.
Seýdi bolsa Hatyja diýp köýenmiş,
Emma olam düşenmişin şo hala.

Zelili hem Döndüsine gowuşman,
Bu dünýäden arman çekip ötenmiş.
Nepese-de päsgel berenmiş duşman,
Garaz,zordan Bossantäje ýetenmiş.

Elinden gidirip Annagülüni,
Mätäji mähire mätäç bolanmyş.
Şeýdip,ähli şahyrlaryň gününi—
Söýgüsini şum rakyp bozanmyş.

Bular çaklamasy biziň alymlaň,
Belki,birden biri degýändir ýapa.
Alymlar! Nämüçin gara zalymlar,
Olaň hiç haýsyna gyýaňzok nika?

“Bir kem otuz ýyldyr sürüşdim döwran”,
Diýip ýazaýmadyk bolsa Kemine,
Onuňam ýaryny bir pursat durman,
Bererdiňiz bir baýa ýa emire.

Garaz,hakykata golaý bir delil,
Ýa-da çala başy gowşan çaklama
Şahyrlaň söýgüli ýaryny elin—
Eltip berýär haýsydyr bir akmaga.

Bu gün elimizde nika hatymyz
Barlygyna şükür,bolmasa bizem
Goýardyňyz söwer ýarsyz—hatynsyz,
Siz öz täsin çaklamalarňyz bilen.
31
176