Relax
03.08.2023 13:07
Magtymguly Meňli gyzy söýenmiş,
Ýöneýetip bilmänmişin wysala.
Seýdi bolsa Hatyja diýp köýenmiş,
Emma olam düşenmişin şo hala.

Zelili hem Döndüsine gowuşman,
Bu dünýäden arman çekip ötenmiş.
Nepese-de päsgel berenmiş duşman,
Garaz,zordan Bossantäje ýetenmiş.

Elinden gidirip Annagülüni,
Mätäji mähire mätäç bolanmyş.
Şeýdip,ähli şahyrlaryň gününi—
Söýgüsini şum rakyp bozanmyş.

Bular çaklamasy biziň alymlaň,
Belki,birden biri degýändir ýapa.
Alymlar! Nämüçin gara zalymlar,
Olaň hiç haýsyna gyýaňzok nika?

“Bir kem otuz ýyldyr sürüşdim döwran”,
Diýip ýazaýmadyk bolsa Kemine,
Onuňam ýaryny bir pursat durman,
Bererdiňiz bir baýa ýa emire.

Garaz,hakykata golaý bir delil,
Ýa-da çala başy gowşan çaklama
Şahyrlaň söýgüli ýaryny elin—
Eltip berýär haýsydyr bir akmaga.

Bu gün elimizde nika hatymyz
Barlygyna şükür,bolmasa bizem
Goýardyňyz söwer ýarsyz—hatynsyz,
Siz öz täsin çaklamalarňyz bilen.
31
176
2580
4 Awgust 2023
😆😆😆👏👏👏👍👍👍
milasxka
4 Awgust 2023
Salam adamlar
garik
3 Awgust 2023
@Imissyou, enäni 20-nji asyrda wasp edilip başladylar ondan öñde eneli goşgy ýok
garik
3 Awgust 2023
Magtymguly meñlini alypdyr diýip ýazylan kitaby okap gördim ýöne eýran çapawullary alyp giden eken şondan soñ ýeññesini alýar.
gulshatayewa97
3 Awgust 2023
🤭🤭🤭
Relax
3 Awgust 2023
@Bitter, soñky şahyrlar diñe şondan şahyr bolýaa özàà
Relax
3 Awgust 2023
@Bitter, şahyrlary söýgi aýralyk şahyr edýä diýen ýaly boldyñ
Relax
3 Awgust 2023
@Bitter, köne şahylar söýgi barada az ýazandyr uns beren bolsañ
Relax
3 Awgust 2023
@Bitter, goşgyñ manysyna düşündiñmi terjime etýän alymlara ýüzlenýä näme ücin hemme şahyrlary aýralyga düşen hökminde goýdyñyz diýip
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.