Relax
08.08.2023 09:59

«Mir» Döwletara teleýaýlym we radio kompaniýasynyň film topary görnükli türkmen agyr atletikaçysy Altymyrat Orazdurdyýew barada dokumental film düşürmek üçin Türkmenistana geldi. Filmde halkara arenasynda uly üstünlik gazanan we ýurduna şöhrat getiren türgeniň ömri we karýerasy barada gürrüň beriler. Bu barada HHM habar berdi.


A.Orazdurdyýew 1969-njy ýylyň 16-njy iýunynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap obasynda dünýä inýär. Altymyrat ýedi ýaşyna ýetende, öz obasyndaky 5-nji mekdebe okuwa barýar. Okuwdan soň Sakarçäge etrap merkezinde agyr atletika boýunça tälimçi bolup işleýän agasynyň ýanyna gatnap başlaýar. Soňra ýakynlarynyň maslahatyna eýerip, Aşgabadyň sport mekdep internatyna okuwa gidýär. Oňa bu ýerde Bruno Sumbatowiç Abramýan tälim berip başlaýar.


A.Orazdurdyýew sport mekdebini gutarandan soň, goşun gullugyna alynýar. 1988-nji ýylda öňki SSSR döwletleriniň gatnaşmagynda, Samarkantda agyr atletika boýunça SSSR-iň çempionaty geçirilýär. Ol şonda birinji orny eýeläp, türkmen ştangaçylarynyň arasynda ilkinji gezek SSSR-iň Kubogy bilen sylaglanýar. 1989-njy ýylda ABŞ-nyň Florida ştatynyň Fordloderdeýl şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda ol jemi 357,5 kg agyrlyk göterip,dünýäniň çempiony bolýar. 1990-njy ýylda Daniýanyň Olborg şäherinde agyr atletika boýunça Ýewropa çempionatynda altyn medaly eýeläp, Ýewropanyň çempiony bolýar.1993-nji ýylda dünýä rekordyny goýýar. 1994-nji ýylda Ýaponiýanyň Hirosima şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda birinji orny eýeläp, Aziýanyň çempiony bolýar.


Türkmen ştangaçylaryndan ilkinji bolup Aziýanyň, Ýewropanyň ýeňijisi we dünýäniň 3 gezek iň güýçli agyr atletikaçysy adyny alan Altymyrat Orazdurdyýew 1997-nji ýylda, heniz 28 ýaşy hem dolmanka, Aşgabat şäherinde aradan çykýar. Häzirki wagtda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda Altymyrat Orazdurdyýewiň adyny göterýän sport mekdebi bar.


Habarda bellenilişi ýaly, dokumental filmi diňe bir maglumat beriji häsiýetde bolman, eýsem ähli tomaşaçylar üçin ylham beriji we täsir galdyryjy bolar. Filmde Orazdurdyýewiň ähli kynçylyklary ýeňip geçip, Olimpiýa sport görnüşiniň iň ýokary derejesine ýetip bilendigi açylyp görkeziler.

29
157
NurberdiyewaAylar❤️
10 Awgust 2023
👍👍
mandarin
8 Awgust 2023
👍💪
Relax
8 Awgust 2023
@g888, hava
g888
8 Awgust 2023
Täze maglumatmy?Gaty gyzyklandyrdy.
olia
8 Awgust 2023
Şul adama nebsim agyrýa. Dünýä derejesinde medal alyp rekord goýmak ün 27 ýaşda ýalňyşmasam poçkasy otkaz edip ölýä. Ölümi şol agyr ştangalary götermeginiň netijesi. Özüni sporta, ýurdunyň abraýyna beren adam welin häzirki günde Tmda tanaýanlardan tanamaýan köp.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.