Relax
14.08.2023 12:43

Jumanji / fantastiki hekaýa


— Ýadyňyzda bolsun, kakaň ikimiz operadan soň birnäçe myhmanlary çagyrdyk. Şonuň üçin öýde tertip-düzgün bolmalydyr - diýdi ejesi.

Kakasy bolsa aýakgabynyň bagjygyny daňyp: «Ejeňiz dogry aýdýar» diýdi.

Ejesi zaldaky aýna seredip, şlýapasyny dykgatly serenjam etdi, oturyp, çagalar bilen hoşlaşmak üçin olary ogşady.

Gapy ýapylanda Judi we Piter begenip gülüşdiler. Oýnawaçlarynyň hemmesini çykardylar we otagy tertipsiz etdiler. Emma hezillikleri derrew gutardy we dymdylar. Piter oturgyçda oturdy, gerilip:

— Bilýäňmi näme? Meniň içim gysýar - diýdi.

Judi hem: «Meniňem şeýle» diýip, uludan dem aldy. — Daşarda oýnasak gowy bolmazmy?

Piter razylaşdy, olar köçäniň aňyrsyndaky seýilgähe tarap ýola düşdüler. Noýabryň sowuk bir günidi.

Çagalar ýapraklaryň üstünde oýnadylar. Judi Piteriň switeriniň aşagyndan birnäçe ýaprak aljak boldy, ýöne derrew böküp, agajyň aňyrsynda gizlendi. Agasy ony tutanda, uzyn, tekiz bir gutynyň gapdalynda dyzüsti durdy.

— Bu näme? - diýip, Judi sorady.

— Oýun - diýip, Piter gutyny oňa uzatdy.

—"Jumanji" - Judi gutydaky ýazgyny okady. "Bu jeňňel başdan geçirmeleri üçin oýun."

— Seret - diýip, Piter gutynyň aşagyna goýlan kagyzy görkezdi.

Onuň üstüne çagalaryň el ýazuwynda ýazylypdyr:

"Bu bir mugt oýun. Käbirleri üçin gyzykly bolmagy mümkin, ýöne hemme üçin däl...

P.S. Görkezmeleri üns bilen okaň".

Judi: «Ony öýe äkidelimi?»

— Men bilemok… - diýip, Piter aýtdy. — Meniň pikirimçe kimdir biriniň muny şu ýerde goýup gidendigine ynanýaryn, sebäbi bu ýürekgysgynç.

Judi: «Beýtmäýdä, haýyş edýärin» diýip, ýalbaryp başlady. — Gel, ony synap göreli. Öýde bile oýnarys!

Piter bilen Judi şeýle çalt ylgadylar welin, derrew öýlerine geldiler.

Öýde çagalar stoluň başynda oýny açdylar. Adaty tagta oýnuna meňzeýärdi. Guty açylanda, gapakda çyzylan reňkli kwadratlaryň zolaklary oýun meýdançasyna öwrüldi. Her çarçuwada habar ýazyldy. Figuralary ugrukdyrmak üçin gür tokaýlarda başlanan we binalar we diňler bilen bezelen "Jumanji" atly altyn şäherde tamamlanan bir ýol bardy.

Piter çöpleri aldy we oýunyň figuralaryny synlady.

— Olary ýerleşdir we diňle - diýip, Judi düzgünnamany okap başlady:

"Jumanji – çagalar üçin jeňňel başdangeçirmesi oýnudyr, içi gysýanlar ýa-da bir ýerde oturyp bilmeýänler üçin ýörite niýetlenendir.

A. Oýunçy bir figurany saýlap, ýoluň başynda goýar.

B. Oýunçy çöpi atar, tokaýyň howply ýerlerine göçümini eder.

C. Jumanji şäherine baryp, şäheriň adyny sesli aýdan ilkinji oýunçy ýeňiş gazanar".

— Bolanymy? Piter lapykeç sorady.

Judi: «Ýok» diýdi. — Baş harplar bilen ýazylan başga düzgün hem bar:

"D. GATY WAJYP: 'JUMANJI' OÝNY BAŞLASA, OÝUNÇY ALTYN ŞÄHERE ÝETÝÄNÇÄ OÝUN GUTARMAÝAR".

— Bu töwekgelçilikli oýun ýaly bolup görünýär.

— Çöpleri alda, ýere taşla – diýdi Judi. — Sen ilki oýnarsyň.

Piter çöpleri islegsiz taşlady.

— Ýedi - diýip, Judi aýtdy.

Piter figurasyny ýedi kwadrat süýşürdi.

— Ýolbars hüjüm edýär, iki kwadrat yza süýşiň - Judi peýda bolan ýazgyny okady.

— Gör nähili gyzykly ... - diýip, Piter hüňňürdedi. Piter figurasyny yza süýşürip, gyz jigisine seretdi. Ýüzünde gorky duýgusy peýda boldy.

— Piter - diýip pyşyrdady. — Öwrül ýöne gaty haýal.

Oglan oturgyçdan yzyna öwrülip seretdi. gözlerine ynanyp bilmedi. Janly ýolbars pianinonyň üstinde ýatyrdy. Ýolbars Pitere seredip agzyny ýalaýardy.

Birden ýolbars şeýle bir aýylganç arlady welin, Piter gaçdy. Afrikaly wagşy ýerinden böküp, onuň yzyndan ylgady. Piter ikinji gata çykyp, ýatylýan otaga girdi we krowatyň aşagyna gizlendi. Ýolbars yzarlamaga synanyşdy, ýöne kellesi gysyldy. Piter düşegiň beýleki tarapyndan böküp, ýatylýan otagyň gapysyny ýapdy.

Çagalar ylgamakdan we gorkmakdan ýaňa uludan dem alyp zalda durdular.

— Meniň pikirimçe ... bu oýny ýene oýnamak islärin öýdemok - diýip, Piter ulydan dem aldy.

— Oýny hökman tamamlamaly! - diýip, Judi aýtdy. — Görkezmäniň şeýle diýýändigine ynanýaryn. Bu ýolbars, birimiz ýeňýänçäk gitmez.

— Belki-de haýwanat bagyna jaň edip, ony alyp gitmeklerini haýyş edip bilmerismi? - Krowatyň gapysynda dyrmaşyp, ýokardan ýolbarsyň gykylygy eşidilýärdi. — Ýa-da kakam dagy öýe gelýänçä garaşyp bileris.

— Haýwanat bagyndan hiç kim gelmez, sebäbi olar bize ynanmazlar - diýip, Judy aýtdy. — Ejemiziň ýatylýan otagynda ýolbarsyň bardygyny bilse, onuň nähili gaharlanjakdygyny göz öňüne getir. Bu oýny başladyk, indi gutarmaly.

Piter oýun tagtasyna gynanç bilen seretdi. Ýöne Judi hem ýedä düşürse näme bolardy? Öýde iki ýolbars bolardy. Aglap islemek ýa-da islemezlik kararyna gelýärkä, stoluň aňyrsynda durup, batyrgaýlyk bilen: "Oýnamaga dowam ederis!" diýdi.

Judi çöpleri zyňdy, sekiz düşdi. Figurasyny süýşürdi.

"Maýmynlar seniň naharyňy ogurlady, bir gezek ädimle"

Ol bu ýazgyny okaýarka, aşhanadan gap-gaçlaryň döwülýän sesi we gutularyň ýykylýan sesi eşidildi. Çagalar aşhananyň gapysyna ylgadylar we otagda bir-biriniň yzyndan ylgaýan onlarça maýmyny gördüler.

— Aý ýok ... - diýip, Piter iňirdedi. “Bu, ejemi ýolbarsdan has beter gynandyrar"

Judi: "Çalt oýna gaýdyp baraly" -diýdi.

Piter ýene çöpleri zyňdy. Hudaýa şükür, onuň göçümi ony boş meýdança getirdi. Ol ýene zyňdy. "Musson ýagyşlary möwsümi başlanýar, saýawan almagy unutma". Zalyň düýbüne kiçiräk ýagyş damjalary düşdi. Aşhanadaky maýmynlar gorkdy bir, sebäbi ýyldyrym çakyp, gök güpürdisi eşdildi. Tropiki ýagyş ýagyp başlady. Judi çöpleri zyňdy.

"Gollanmaňyz ýitdi, bir öwrümden geçiň"

Tropiki ýagyş dyndy. Çagalar yzyna öwrülip, bir adamyň kartanyň üstünde egilip durandygyny gördüler.

"Hudaýym, biz nähili bagtsyz ..." diýip seslendi. "Aý, ezizlerim, bu gün biziň üçin bir zat şowsuz ... Belki, bu çep öwrümdir ..., ok, ýok ... dogry öwrüm şu ýerde ... Hawa, düýbünden, meniň pikirimçe bu dogry öwrüm ... Garaz, belki-de ..."

"Bagyşlaň" diýip, Judi aýtdy, ýöne adam oňa üns bermedi.

“… Bärde, soň…, ok, ýok… töwereginde we töwereginde… Hawa, gowy… ýöne soň… Hmm…”

Judi çöpleri Pitere berdi. Piter zyňdy.

“… Dört, bäş, alty” öýjükleri sanap başlady.

"Sizi tsetse çybyny çakdy, uky keseline ýolukdyňyz, bir gezegiňizi ýitirdiňiz"

Judi wyzzyldyny duýdy, kiçijik bir çybynyň Piteriň burnuna gonanyny gördi. Piter çybyny kowmaga synanyşdy, emma başa barmady, pallady we kellesini stolyň üstünde goýup uklady.

— Piter, Piter, oýan! - Judi gygyrdy. Emma hemme zat peýdasyzdy. Ol çöpleri zyňdy we boş otaga geldi. Hereketi gaýtalady, gyz haýran bolup doňup galdy.

"Bir süri karkidon size tarap ylgaýar, iki kwadrat yza süýşüň."

Piter ukydan oýandy. Çagalar bilelikde koridorda ýakynlaşýan gykylygy diňlediler. Ol hasam güýçlenýärdi. Birdenkä, bir süri karkidon otaga we naharhana girip, ýolundaky ähli mebelleri süpürdi. Jaýdan her dürli döwülme, takyrdyly sesler eşidilýärdi. Piter we Judi gulaklaryny ýapdy.

Peter çöpleri zyňdy we çalt hereket etdi. Tagtada "Piton düşelgä girýär, bir kwadrat yza süýş" diýen ýazgy peýda boldy.

Judi gygyrdy we oturgyçda bökdi.

— Ojakda - diýip, Piter pyşyrdady. Judi ýene oturdy. Kamen ojagyň içinde towlanan iki metrlik ýylany aljyraňňy ýagdaýda synlady. Gollanma kartadan turdy, ýylany gördi we maýmynlar eýýäm otagyň iň uzak burçuna gidipdi.

Judiniň göçmegi nobatydy, çöpleri boş meýdana düşdi. Agasy çöpleri alyp, üçi düşürdi.

— Aý ýok... "Ukydaky wulkan oýandy, üç kwadrat yza"

Yssy boldy, pol titredi. Ojakdan lawa akyp başlady. Lawa, ýagyşdan soň ýerde galan suw bilen garyldy we otag bugdan doldy. Judi çöpleri atdy we figurasyny öňe süýşürdi.

"Gysga ýol tapdyňyz, hereketiňizi gaýtalaň."

— Waý! - diýip gygyrdy, ýylanyň ojakdan çykanyndygny görüp.

Piter: «On iki düşürip bilseň, biz tokaýdan çykyp bileris» diýdi.

«Haýyş edýärin, haýyş edýärin» diýip, Judi gahar bilen zeýrenip, çöpleri zyňdy. Piton çagalaryň ýanynda süýrenip geçdi. Judi gezekli gezegine çöpleri zyňypdy. Ilki birinjisini, üstünde alty bardy, soň ikinjisi... Ol daşyny alyp, stoluň aňyrsyndan gaty süýşürdi.

"JUMANJI!" Judi bar sesi bilen gygyrdy.

Otag barha dykyz duman bilen doldy. Judi Piteriň gapdalyndaky stolda oturanyny indi görüp bilmedi. Soňra öwüsýän şemal bilen otagdaky bug düýbünden ýitdi. Hemme zat birden oýundan öňki ýagdaýyna gaýdyp geldi. Maýmynlar, ýolbarslar, suwlar, döwülen mebeller, ýylanlar ýok we bir süri karkidonlar hem indi ýokdy. Barzat öňki-öňkülik.

Judi we Piter bir agyz hem gürlemän, oýuny toplap, agajyň aşagyna, ýagny tapyp alan ýerlerinde goýup gaýtdylar. Öýe gelip ähli oýunjaklarny ýygnadylar. Ýöne çagalar boş oturmak ýerine gaty tolgundylar, şonuň üçin Piter pazl oýnady, pazl bölejiklerinden şekil ýasady. Pazl bölejikklerini bir ýere jemläp başlanlarynda tolgunmalary azaldy, ýöne gaty ýadapdylar. Pazly doly jemläp gutarmankalar, Piter we Judi düşekde gaty uklap galdylar.

— Oýanyň, ezizlerim - ejesiniň sesi eşidildi.

Judi gözüni açdy. Ejesi we kakasy myhmanlar bilen gaýdyp geldiler. Judi Piteri oýarmak üçin ýuwaşja dürtdi.

Ejesi olary myhmanlar bilen tanyşdyrdy we sorady:

— Günüňiz gowy boldumy?

— Hawa, - diýip, Piter aýtdy. — Suw basdy, ýer titremesi boldy, wulkan atyldy, uky keselinden bizar boldum we…

Oglanyň gepi ulularyň gülküsi bilen kesildi.

Ejesi:

— Bolýar, uky keselini ýeňdiňiz. Näme üçin indi ýokarky gata çykyp, pijamalaryňyzy geýip, soňam pazlyňyzy gutaryp, agşamlyk edinmeýärsiňiz?

Piter bilen Judi aşak gata düşenlerinde, kakasynyň pazly myhman otagyna alyp gidendigini gördüler. Çagalar pazly jemleýärkäler, myhmanlardan biri hanym Budwing olara bir tabak nahar getirdi.

— Bu oýunlar hakykatdanam kyn! Ogullarym Denny we Wolter hiç haçan gutarmaýarlar. Şeýle hem görkezmeleri asla okamaýarlar. Ýöne bu düzedip boljak ýagdaý ýaly.

— Elbetde, düzedip bolar - Piter we Judi jogap berdiler. Emma olar şu wagt hanym Budwinge seretmediler. Olar daşara seredýärdiler. Iki çaga seýilgähde ylgaýardy. Bu Denni we Wolter Budwingdi. Denni goltugynyň aşagynda uzyn we dar gutyny göterýärdi...

© Kris wan OLLSBURG.

Terjime eden: Baýramgylyç SAPARGYLYJOW.

29
222
okurgezer
14 Awgust 2023
Mundan 4 ýyl öñ iñlisçesini okapdym, soñam kinosyny gördüm. Gaty gyzykly
rhgb
14 Awgust 2023
Kinosyny gorupdim👍
okayjy
14 Awgust 2023
@mawy, Bolýa. 🎲🎲 zyñdyn 5 gezek göçdim hat çykdy "Seni çybyn çakýa we uklaýañ" 😴💤💤💤💤💤
okayjy
14 Awgust 2023
Oýnasym gelip gitdäý bu oýny 😅.
Relax
14 Awgust 2023
@2525, salam oñat
2525
14 Awgust 2023
@Relax, salam onatmysynyz
gurbanowa
14 Awgust 2023
@Relax, @2525, 👍🏻
2525
14 Awgust 2023
Kinosy gaty gowyda sun@gurbanowa,
Relax
14 Awgust 2023
@gurbanowa, howwa
gurbanowa
14 Awgust 2023
Kinosam bar dalmi sunun🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.