Relax
10.08.2023 10:38
Pişigiň bar ýerinde syçanyň dymmalygyny geň görüp oturasy iş ýok.

Hakykat sogan ýaly ajy hem bolsa, şonsuz bu ýaşap ýören dünýämiziň süýjüligi, lezzeti ýok.

Gereklenen ýerinde misiň gymmaty altyna barabar bolup biler.

Durmuş däl-de, biz oýunçy, durmuş bolsa biziň oýunlarymyzyň janköýeri, tomaşaçysydyr.

Käbir adamlara diňe daş keşbiňi özgerdeniň bilen içki dünýäň öňki-öňkülikde galýandygyny ynandyr­mak juda kyn.

Dünýäniň gurluşy hem edil sagadyň gurluşy ýaly, sagatlar minuda, minutlar bolsa sekundyň hereketine şeýle bir bag­lanyşykly edip düzülen.

Edil gyzykly kitap ýaly, adamy öwrenmek üçin hem ony hemişe gaýtalap okamak, özleşdirmek gerek.

Nebis hem gabanç ikisi bir daragtyň miweleri. Çünki ynsanyň nebisjeňligi onuň gabanjaňlygyny artdyrýar.

Pespäl adamlar aslyna, topraga çekýärler.

Çagalaryňyzy diňe söýgi we mähir bilen terbiýelejek bolmaň! Çünki beýle terbiýe durmuşyň talaplaryna laýyk gelmeýär.

Akyldarlaryň adaty adamlardan tapawudy: olar durmuşda käbir zatlary görmeseler hem bilýärler, bilmeselerem hem görýärler.

Adamzadyň ýaşan ömri hem edil utuşly petek ýaly. Ol ýa-ha gazanýar, ýa-da ýitirýär.
33
114
NurberdiyewaAylar❤️
10 Awgust 2023
🔥🔥🔥🔥
okayjy
10 Awgust 2023
Gowy sözler 🤔👍
alma___
10 Awgust 2023
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.