Paradise
10.04.2020 12:47
Men kän ýerde ýüregiñi duýaryn,
Men bar zatda düşünerin halyña.
Ömrümi yşkyna girew goýanym,
Duýgularym alyp barar ýanyña,
Sen hemişe gara meniñ ýoluma!
Asman tüme dönse ýyldyzlar öçüp,
Baglara gyş gonsa guşlary uçup,
Ynan, geler diýip bar zatdan geçip,
Şol ynamyñ alyp barar ýanyña,
Sen hemişe gara meniñ ýoluma!
Kindiwanja şatlyk bolsam gussaña,
Zemin göwnüm telwas eder Asmana,
Menziller kär etmez bagra basmaga,
Söýgim meni alyp barar ýanyña,
Sen hemişe gara meniñ ýoluma!
Bu bir durmuş, käte dünýäñ daralsa,
Üşeseñ, ýyljajyk mähre zar bolsañ,
Men ýeterin şu jahanda bar bolsam,
Söýgiñ meni alyp barar ýanyña,
Sen hemişe gara meniñ ýoluma!
44
616
Paradise
10.04.2020 00:07
Amal bolmajagny añ etmez ykbal,
Ömrüñ manysydyr yşk doly ahwal,
Arzuwda öteräk bolmagym ahmal,
Belki kalpda, belki añyñdadyryn…
Aljyratsa durmuş aýlap başyñy,
Kimler “goldar”, kimler “gallar” daşyñy,
Bolup mydam alçy gopýan aşygyñ,
Kä sagyñda, käte soluñdadyryn!
Şatlygyñy kim paýlaşmaz, aýtsana?!
Gussañ meñki aýtmasañam, aýtsañam,
Sen meni has başgaçadyr öýtseñem,
Mydam hak dostlaryñ sanyndadyryn.
Ýol uzakdyr, çig süýt emen adamzat,
Hasrat howuñ bassa kalbyña dyñzap,
Iñ zerur pursatda ýetişse bir zat,
Bil, dileglem bilen ýanyñdadyryn!
42
483
Paradise
09.04.2020 18:09
Ýene bu ömürden bir gün «ogurlap»,
Geldim!
Meňzäp boýny buruk soraga.
Aýlaryň-ýyllaryň üstünden ätläp,
Nämçün yza dolananmy sorama!
Sen sorama, ýollar, allar hakynda,
Gozgama sen bu ýüregiň ahyny.
Men öňem soragdan, agyr oýlardan
gaçyp,
Seň gaşyňa geldim ahyry!
Azaşdym men ham-hyýallaň içinde,
Men seni gözledim Günden-Aýdanam.
Bir haýyşym – gyýa bakma yşgyma,
Gün kemsiner, ony bir şem saýsalar.
Ah, guşlar!..
Ak guşlar! Duýgyma meňzeş,
Sen olardan meň habarym algynyň.
Şygyrlarym – saňa barýan ýodada,
Galan aýak yzlarydyr kalbymyň.
Sen tümdemiň?!
Keşbiň görmeklik üçin,
Ýüregmi ot edip ýakman bilmerin.
Bir zada düşündim:
Ýürek urýarka,
Men sensiz ykbaly ykbal bilmerin…
46
301
Paradise
08.04.2020 21:02
Ýene bahar geldi seni ýatladyp,
Gök ýüzüne surat çekdi bulutlar.
Şol baharda ýazan söýgi hatlarňy,
Unudamok, hiç haçanam unutman!
Ýadyňdamy, ýaşlygymyň ýazynda,
Ak bukjada ugradypdyň ýüregiň.
Sünnäläp ýazypsyň, uly harp bilen:
«Diňe sen, diňe sen, meniň geregim!».
Ýazyň ilki güni, ilkinji söýgiň
Ilkinji buşlugy gelipdi şonda.
Düşündirip bilmen,
bilmerinem hiç,
Şonda bir geň duýgy döräpdi mende.
Bahar güllerinden çemen uzadyp,
Söýgi bilen gözlerime bakardyň.
…Ýöne ykbal ençe ýazy geçirip,
Meni özgäň bijesinden çykardy.
50
675
Paradise
08.04.2020 12:20
Kine
Gara bulut ezse ýagyşy bilen,
Tebigat aglanda sanagly minut.
Ýaňakdan syrygan her damja bilen,
Aýlanyp çar ýana, ýaýyp ellerin,
Syrdaşyny tapman bir mert dilberiň,
Däliräp gülüşin, aglaýşyn unut!
Eger pasyllaryň soltany bahar,
Gülälegi bilen tapmasa göwnüň.
Umydy söndürmez saryja dalda,
Durmuş ýaşalýarka, gutarmaz öwrüm.
Galan bolsa maňa talyk bir umyt,
Ony geljegiňe baglaýşym unut!
Başyny boganda bar pikirleriň –
Orak keşpli, eginjigi gysyk Aý.
Gussaly pikirler serkerdebaşy –
Bolanyn – ýüregi ikä bölen ýaý.
Gözleriňi ýumup sanagly minut,
Peýkamy neneňsi çeneýşiň unut!
Dabanym ogşasa otlar bäsleşip,
Öllenen saçlarym tenime duşman.
Pyşyrdasa ýürek: “Sanagly minut!”
Guçup öz-özüňi, hiç etmän puşman.
Soňky duşuşyga gelen durna deý –
Ýene hakydaňda döreýşim unut!
Huşuňda, salgym deý alysdan görnen,
Düýşiňde, melek deý behişdi gören,
Unut, siňişimi uly dünýäňe –
Kalbymda çitilen nagyşy – dilen!
Ýatlamaga näme hakyň barmyşyn?!
Ol mawy ezende ýagyşy bilen
49
413
Paradise
07.04.2020 18:47
Edil ýaňja şowsuzlyga uçradym,
Urana döndi-de birden ýyldyrym.
Gurban bolan arzuwlarmy gujaklap,
Gelýän tutuş durkum bilen ýylgyryp.
Bilmeýänler diýýär: “Bir bagty çüwen”,
Dälirändir öýder, bilenler welin.
Ýaňja çalynany üçin tyg, heniz
Agyranok bagtymyň dilinen ýeri.
Ýa-da maňlaýyma sygdyrylany,
Bilemokmy akylyma sygdyryp.
“Edil beýdäýesiň ýok ahyr, Taňrym!”
Gelýän tutuş durkum bilen ýylgyryp.
Gökde gaýyp gezdim şu çaka çenli,
Gurundym şol gökde özüme dünýe.
Şol dünýäde ýaýnap ýördi şol mahal,
Bu ýerden düňderlip barýan bu düňle.
Adamyň elinden gelmeýän zatlaň
Bardygyny bilen günümden başlap,
Päk ynamdan düýbi tutulan dünýäm,
Çagşady, gaýtdym öz dünýämden baş aşak.
Ganatymdy arzuwlam hem umytlam,
Men şolarsyz göge galyp bilmeýän.
Asmandan düşen deý ýaşaýan indi,
Çyn durmuşy boýun alyp bilmeýän.
56
1 447
Paradise
07.04.2020 00:00
Arzuw
Bu hoşwagt günleriň solmasyn ýüzi,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!
Dilsypat gybatyň gülmesin gözi,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!
Şuglasyna gara baglar daranan
Dolmuş aý ýaşanda yzyn garanar.
Owurt suw derýadyr suwsap barana,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!
Ruhdan düşmänkäm duşan gözlegim,
Üýtgemesin seniň pamyk sözleriň.
Hasratdan aýanym, gussa dözmezim,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!
Belent dag deý gelip maňlaý diränim,
Sensiz uçar guşumyşym niräniň?!
Görmäwer yhlasyň uýan süýränin,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!
Akmeňiz dünýäniň göwnüni ýykman
Guşlar saz ederler, saýrarlar hökman.
Seni ynjytmakdan utansyn ykbal,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!
53
386
Paradise
06.04.2020 20:53
Salam, bagt,
Arma, işleň oňunamy?!
Dynjyň alaý, belki, ýadansyň bu gün.
Mümkin, ýene aýlanansyň ýollarda
Ýa-da awtobusda, duralgalarda.
Gabat gelip, sataşdyryp gözleri,
Paýlansyň ýüzugra jadyly hünjiň.
Seň şeýle bir eliň açykmyş welin,
Dep edäýýämişiň hykgyldyň-ynjyň.
Ýeri, bolýar, içiber sen çaýyňy,
Sana ýene dür monjuklaň hasabyn.
Ýazyber, düzüber sanawyň başyn,
Duýdansyzlyklardan, bir säwlikden
Ýogsa-da,
Bilýäňmi sen näçe ykbal ýasanyň?!
Bilýänsiň-le, ýogsa beýdip, özüňi
Asmandan asmazdyň, arzylanmazdyň.
Ynan, senden göwnüm galdy dek düýnem,
Görmezlige salyp geçdiň deňimden.
Ederin bir etjek diýen zadymy,
Çynym, indi özüm çykjak öňüňden.
Ýöne saňa ýeke soragym bar meň,
Näme üçin men saňa garaşyp ýörmeli?!
A näme üçin özüň gelibereňok!
Bilýän, işiň kändir, günde ýoldasyň.
Nobatymyň ýetmeýänligem mümkin,
Gaharyň gelmesin, ýöne, jan bagt,
Saňa gel diýmekden ýadadym halys.
Näm bolar bir nobat öňüräk salsaň,
Özüňçe görmeseň, saýaňça gör-ä,
Äsgermezlik etmesene, köp dymsam.
Dogry-da, nobatym geçirip dursuň,
Menem adam, umyt bilen ýaşaýan.
Her gezek “Ertir-le” diýip begensem,
Tüwdürlen deý gidip barýaň başga ýan.
…Hany, durla pikriň, keýpiň köklensin,
Soň ederis bu gürrüňleň dowamyn.
Ertir üçin birden sanaw düzeňde,
haýyş, bagt, ilki nobat başynda
adym bilen familýamy goýaýgyn!
61
1 168
Paradise
06.04.2020 20:43
Serde senli setirleriň joşguny
Erk berenok ýüregime henizem.
Aňylmadyk bir syr bolup galypdyr,
Duýulmadyk duýgulary «eziziň».
Wagty geler, ýalňyşyňy düşündi:r,
Seni basym dolar ýyllar ýanyma.
Bil, ahmyrdan azap çeken mahalyň,
Men gülerin.
Ynan!
Ýylgyrýanyma
düşünmersiň, belki, düşünersiňem,
Emma giç bor, üýtgedere pursady.
Hyrçyň dişläp, diliň bir söz gaýtalar:
«Ters täleýi wah, täzeden gursadym!».
Dursadyň, wadaňda wepaň bolsady,
(Ygraryňa ygtykadyň ýok seniň!).
Men hem sensiz ýaşamaryn öýderdim,
Ýaşaýan.
Neneň?!..
Terkidünýälige ýüz açan köňlüň
Öz-özüňe haýbat bilen käýiner.
…Wagty geçip, ýaşlygymyz ýatlansa
Gözýaş bilen süpüriler äýnegiň.
57
469