Edil ýaňja şowsuzlyga uçradym,
Urana döndi-de birden ýyldyrym.
Gurban bolan arzuwlarmy gujaklap,
Gelýän tutuş durkum bilen ýylgyryp.
Bilmeýänler diýýär: “Bir bagty çüwen”,
Dälirändir öýder, bilenler welin.
Ýaňja çalynany üçin tyg, heniz
Agyranok bagtymyň dilinen ýeri.
Ýa-da maňlaýyma sygdyrylany,
Bilemokmy akylyma sygdyryp.
“Edil beýdäýesiň ýok ahyr, Taňrym!”
Gelýän tutuş durkum bilen ýylgyryp.
Gökde gaýyp gezdim şu çaka çenli,
Gurundym şol gökde özüme dünýe.
Şol dünýäde ýaýnap ýördi şol mahal,
Bu ýerden düňderlip barýan bu düňle.
Adamyň elinden gelmeýän zatlaň
Bardygyny bilen günümden başlap,
Päk ynamdan düýbi tutulan dünýäm,
Çagşady, gaýtdym öz dünýämden baş aşak.
Ganatymdy arzuwlam hem umytlam,
Men şolarsyz göge galyp bilmeýän.
Asmandan düşen deý ýaşaýan indi,
Çyn durmuşy boýun alyp bilmeýän.