Paradise
10.04.2020 12:47
Men kän ýerde ýüregiñi duýaryn,
Men bar zatda düşünerin halyña.
Ömrümi yşkyna girew goýanym,
Duýgularym alyp barar ýanyña,
Sen hemişe gara meniñ ýoluma!

Asman tüme dönse ýyldyzlar öçüp,
Baglara gyş gonsa guşlary uçup,
Ynan, geler diýip bar zatdan geçip,
Şol ynamyñ alyp barar ýanyña,
Sen hemişe gara meniñ ýoluma!

Kindiwanja şatlyk bolsam gussaña,
Zemin göwnüm telwas eder Asmana,
Menziller kär etmez bagra basmaga,
Söýgim meni alyp barar ýanyña,
Sen hemişe gara meniñ ýoluma!

Bu bir durmuş, käte dünýäñ daralsa,
Üşeseñ, ýyljajyk mähre zar bolsañ,
Men ýeterin şu jahanda bar bolsam,
Söýgiñ meni alyp barar ýanyña,
Sen hemişe gara meniñ ýoluma!
44
616
Realmadrid
11 Aprel 2020
Tüweleme gaty gowy goşgular yazyanyz gaty gowy haldym ?⚘
L-minikkalpler
10 Aprel 2020
,,kimi soysen sol owadan,,diyenmis akyldar
Lälezar
10 Aprel 2020
??? Sen hemise gara menin yoluma
Gülhan
10 Aprel 2020
(Söygiñ meni alyp barar yanyña, Sen hemişe gara meniñ yoluma)....????...

Very good poem dear ?
Myhman Myhman
10 Aprel 2020
Brawo ?sewdim
Bagtym bol sen
10 Aprel 2020
gaty gowy goşgy ❤❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.