Salam, bagt,
Arma, işleň oňunamy?!
Dynjyň alaý, belki, ýadansyň bu gün.
Mümkin, ýene aýlanansyň ýollarda
Ýa-da awtobusda, duralgalarda.
Gabat gelip, sataşdyryp gözleri,
Paýlansyň ýüzugra jadyly hünjiň.
Seň şeýle bir eliň açykmyş welin,
Dep edäýýämişiň hykgyldyň-ynjyň.
Ýeri, bolýar, içiber sen çaýyňy,
Sana ýene dür monjuklaň hasabyn.
Ýazyber, düzüber sanawyň başyn,
Duýdansyzlyklardan, bir säwlikden
Ýogsa-da,
Bilýäňmi sen näçe ykbal ýasanyň?!
Bilýänsiň-le, ýogsa beýdip, özüňi
Asmandan asmazdyň, arzylanmazdyň.
Ynan, senden göwnüm galdy dek düýnem,
Görmezlige salyp geçdiň deňimden.
Ederin bir etjek diýen zadymy,
Çynym, indi özüm çykjak öňüňden.
Ýöne saňa ýeke soragym bar meň,
Näme üçin men saňa garaşyp ýörmeli?!
A näme üçin özüň gelibereňok!
Bilýän, işiň kändir, günde ýoldasyň.
Nobatymyň ýetmeýänligem mümkin,
Gaharyň gelmesin, ýöne, jan bagt,
Saňa gel diýmekden ýadadym halys.
Näm bolar bir nobat öňüräk salsaň,
Özüňçe görmeseň, saýaňça gör-ä,
Äsgermezlik etmesene, köp dymsam.
Dogry-da, nobatym geçirip dursuň,
Menem adam, umyt bilen ýaşaýan.
Her gezek “Ertir-le” diýip begensem,
Tüwdürlen deý gidip barýaň başga ýan.
…Hany, durla pikriň, keýpiň köklensin,
Soň ederis bu gürrüňleň dowamyn.
Ertir üçin birden sanaw düzeňde,
haýyş, bagt, ilki nobat başynda
adym bilen familýamy goýaýgyn!