Paradise
20.04.2020 20:34
Geçmişden geljege goýulýan yz kän,
Duýdansyz üstünden bardym ýene-de,
Asyl, şo-ol ýyllarda, gulpakly gyzkaň,
Enem saňa bolaýypdyr eneke.
Surata-da düşüpsiňiz jem bolup,
Mazmunyna siňäýjek deý goşgymyň.
Bu ahwala oturmaýyn geň galyp,
Buýsanaýyn bagtlydygna yşkymyň.
Diýmek, çagalygyň terbiýe dersin
Naýbaşyny alan borly enemden.
Onda göz ýumubam düşünişersiň,
Nesip etse, gelin bolup geleňden.
Ýöne ýüregimi goýup ezýetde,
Başarsaň, indi bir bagrym diläýme.
Enem senden gaty görer, elbetde,
Meni beýle köseýäniň biläýse.
Çagajykgaň mähir bilen apalap,
Baý-baý, ogşap göterendir gujagna.
Indi senem päk söýgimi sarpalap,
Gelin bolaý şol enäniň ojagna!
Şatlyk Hudaýnazarow
42
581
Paradise
20.04.2020 00:01
…Uzak gözýetimiň aňry başynda,
Al şapak kem-kemden barýardy eräp.
…Göräýmäge, bu ýyldyzjyk daşyndan,
Durandyr, Zemine şadyýan garap…
Bir görseň, tutuksy bakýar asmandan,
Ýogsam, öten agşam şadam ýalydy.
Häzir bolsa, öz hasratyn basmarlap,
Ol—ýylgyrjak bolýan adam ýalydy…
Ýyldyzjygyň barha çolaryp daşy,
Diňe ýalňyz özi galdy galpyldap.
Ine, ol hem asman bilen hoşlaşyp,
Süýnüp gitdi…Soňky ýola ýylpyldap.
Onuň Arşda dogup—Ýere inişi,
Nämüçin ynsany howsala salýar?
Ah, muny bu asman giňişliginde,
Belki ýyldyzjygyň bir özi bilýär…
Bu gün onuň ömür örki üzüldi,
Gije ahmyr bilen gözlerin ýumdy.
…Ýyldyzjyk syrygyp asman ýüzünden,
Bir damja gözýaş dek, Zemine damdy
39
266
Paradise
19.04.2020 15:01
O günler şeýle bir tiz geçdi ýa-da
Şeýlemikä bagtly günleň ykbaly?
O günler şeýle bir tiz geçdi, göýä
Tüpeňden atylyp çykan ok ýaly.
Köňül, ganatlary gyrylan guş deý,
Uçmaga hiç ýana edenok meýil.
Ol ajaýyp günler şeýle tiz geçdi,
Üstümden garlawaç kölgesi deýin.
Häzir meň şeýle bir sussum pes, hatda
Aglara agy ýok, gülere – gülki.
Ýatlamalar galdy o günler hakda,
Ýürek sende galdy, göwräm – özümki.
Şol şat günler hasrat bolup bu beýnä
Guýulyp, aklym has goýalan ýaly.
Gezip ýörün, bir ajaýyp düýş görüp,
Iň oňat ýerinde oýanan ýaly
Atamyrat Atabaýew
49
465
Paradise
19.04.2020 14:56
Şeýle bir ýazgyny okapdym ozal,
Güneş iki bolup döräpdir başda.
Asman götermändir olaň ikisin,
Iki telpek oturmaýar bir başda.
Birisin özünde saklapdyr asman,
Beýlekini bolsa alypdyr zemin.
Ýöne zemin yuwaş-ýuwaş gädilip,
Ereýşi dek eräp başlapdyr şemiň.
Aljyrapdyr bütin adamzat kowmy,
Çäre tapman bu oýnuna pelegiñ,
Iki ýana kakypdyrlar pelesañ,
Göýä ujun ýitiren deý kelebiñ.
Soñra seslenipdir bu goja zemin,
Aýñalyp bilmänsoñ uly derdinden
“Diñe keramatly ene ýüregi,
Bu ýükümi alyp biler gerdenden”
Nije eyyam dünýäñ dürli külpetin
Ak pamyk saçyna siñdiren ene.
Bu gezegem bütin yaşaýyş üçin,
Birjik-de ýaýdanman çykypdyr öñe.
Şeýdip alypdyr ol gaýratly ene,
Ýeriň götermedik ýükün özüne.
Şondan bäri güneş kalply ezizler,
Nur paýlaýar bütin ýeriň ýüzüne
44
349
Paradise
18.04.2020 18:44
Aýyň ýagtysyndan düşek düşenip,
Ümsümligi bagyrtlapdyr köçeler.
Meger, bu gün duýgularma düşünip,
Aladalam azam bolsa, kiçeler.
Sebäp, demim ýeterimde sen barýaň,
Asyl, uly arzuwymam şudy meň.
Duýýan, häzir kese-kese synlanýan,
Bilýän, häzir bakyşlarmyz deňme-deň.
Gorkup birden synmagyndan çydamyň,
Men bir sözi diýjek bolýan ýaýdana.
Senem halys yş bereňok, gedemim,
Şol bir sözden ýüz bir gezek aýlana,
Gymmat düşjek mertligimden çekinip,
Şu pursaty bagt hasaplap, dymýaryn.
Kä çalt gepläp, kä peltekläp, sakynyp,
Şowhunyny duýman barýan dünýäniň…
50
676
Paradise
18.04.2020 16:14
Her göremde, gözlem bilen gujaklap,
Öpen pursatlarmy nazarym bilen
Gezerin kalbymyň törūnde saklap.
Ah, näme gazandym ýazanym bilen?!
Her gezegem, hyýallara aldanyp,
Ysgap, ysgap, doýup bilmedik çagym,
Gözleriňe jadylanyp, baglanyp,
Ýürekde saklaýşym arzuwlaň baryn
Hem ýene-de gijeleriň darlygna
Hemem gündizleriň giňligne sygman,
Döşümi oýkaşym ýanýan garlyga,
Aýazyň derdimden çekişin arman
Indi şygyrlaryň atman boýnuna —
Olaň bary bolar kalbyma gurban.
Indi ýürek beýni bilen sögüşmez,
Indi aram tapar tebsirän janym,
Gözlerimi çyglap, ýaňagma düşmez
Kalbymdaky yhlas siňen armanym —
Ol bergi däl,
Ondan hiç haçan dynman,
Ol söýgem däl, görgi bolup bilerçe;
Ol öçübem gitmez, suwda-da synmaz,
Ol a:gam däl, aglap bilmän, gülerçe;
Ol Asmandan gaçdy meniň boýnuma,
Men — oňa,
Ol meniň kalbyma gurban.
Ol — meniň kalbymy terk edip bilmän,
Özün gurban eden Ylham perişdäm…
Çary Ataýew
46
371
Paradise
17.04.2020 23:40
Biz – Adam,
Öz elimizde bagtymyz,
Aslynda biz ahyr dünýäň diregi!
Eger biz islesek, islän wagtymyz
Şatlandyryp bilýäs birek-biregi.
Eger-de men saňa hoş sözler aýtsam,
Ýa-da sen başlasaň aýdyma-saza.
Aramyzdan sumat bolar gaýgy-gam,
Dünýäni öwrüp bileris ýaza.
Biz – Adam,
Betbagtlyk öz elimizde,
Bar bela – beteri tapýan özümiz.
Kä gürleşip bilmän öz dilimizde,
Öz münen şahamyz çapýan özümiz!
Eger biz islesek,
Bir-birimiziň
Üstümizden ajal sowrup bileris.
Gorhana öwürdik dünýäniň ýüzün,
Biz ony küle-de öwrüp bileris!
Biz – Adam
Dünýäde aňsat bilen kyn
Boýun egýär kem-kem öz-özi bize.
Ýöne, men bir zada haýran:
Namüçin
Güýjümiz ýetenok öz-özümüze?!
51
445
Paradise
17.04.2020 23:38
Birden bar zat köl suwy deý bulandy,
Oýandyk biz süýjüsinde düýşleriň.
Hoş gal, söýgim, alys ýola barýan men
Goýup saňa ýatlamalaň üýşmegin.
Yzyna getirýär äkiden ýollar,
Diýen umyt bilen bakma ýoluma.
Düşün sen, derýaňam suwy gaýdansoň
Öňki bady bilen akmaýanyna.
Men öz hyýalynyň yzyna düşüp,
Ygan derwüşdirin kowlap salgymy.
Meni öňler asla ünjä goýmazdy,
Günleriň yzymda sessiz galmagy.
Ýöne bu gün kalbym içre ýel turdy,
Hem zaryn ses etdi köňül kirişlem.
Men şeýlebir aýdym aýtdym gussaly,
Wah, özümden başga bolmady eşden.
Golumda ysgyndan gaçan ýüregim,
Ony gapy-gapy hödürledim men.
A soň, salgap golum, gaçyp mejalym,
Gussamy kalbyma möhürledim men.
Şeýdibem, ugradym gözýetim sary,
Hoş gal, söýgim, ömür içre armanym.
Kürekläp salymy bulanyk kölden,
Men öz täleýime gaýdyp barýaryn
49
401
Paradise
16.04.2020 22:39
ÝATLAMA!
Ýok, ýatlama,
ýakmasana bagry bir,
Geçenleri ýatlap didäň ýaşlama.
Ökünç bile,
Ötünç bile, barybir,
Gaýdyp barabilmeris biz ýaşlyga.
Geçmişiň kölgesi gül deý keşbiňe
Ýakal kimin düşüp artmasyn müýnüň.
Ras, düýnüň bagtyndan düşdükmi jyda,
Gamynam unutmak derkardyr düýnüň!
Ähli zatda dolansa bor yzyňa,
Hatda dolansa bor köýdürlen yşga.
Emma hiç zat galan däldir ýylnara,
Ahmyrly, lezzetli gussadan başga.
Gaýdyp maňa ysnyşjagam bolma sen,
Ýadyňa-da salma meni düýbünden.
Çykaryn men uwnup-çydap bilmeseň,
Entek gyz päkligin saklan düýşüňden.
Diňe kä tötänden sataşan pilläň
Endam-janyň jümşüldese, elense,
Özüňi ýitirip, nätjegiň bilmän,
Erk tapmasaň lagşap galan bedende
Şol pursat özüňi serwim saý-da sen,
Kynam bolsa, gitgin arany aç-da.
Birdem bagtyýar bol,
köýen söýgüden
Şondan uly bagta bolsa garaşma!..
Nobatguly Rejepow
43
350