Birden bar zat köl suwy deý bulandy,
Oýandyk biz süýjüsinde düýşleriň.
Hoş gal, söýgim, alys ýola barýan men
Goýup saňa ýatlamalaň üýşmegin.
Yzyna getirýär äkiden ýollar,
Diýen umyt bilen bakma ýoluma.
Düşün sen, derýaňam suwy gaýdansoň
Öňki bady bilen akmaýanyna.
Men öz hyýalynyň yzyna düşüp,
Ygan derwüşdirin kowlap salgymy.
Meni öňler asla ünjä goýmazdy,
Günleriň yzymda sessiz galmagy.
Ýöne bu gün kalbym içre ýel turdy,
Hem zaryn ses etdi köňül kirişlem.
Men şeýlebir aýdym aýtdym gussaly,
Wah, özümden başga bolmady eşden.
Golumda ysgyndan gaçan ýüregim,
Ony gapy-gapy hödürledim men.
A soň, salgap golum, gaçyp mejalym,
Gussamy kalbyma möhürledim men.
Şeýdibem, ugradym gözýetim sary,
Hoş gal, söýgim, ömür içre armanym.
Kürekläp salymy bulanyk kölden,
Men öz täleýime gaýdyp barýaryn