…Uzak gözýetimiň aňry başynda,
Al şapak kem-kemden barýardy eräp.
…Göräýmäge, bu ýyldyzjyk daşyndan,
Durandyr, Zemine şadyýan garap…
Bir görseň, tutuksy bakýar asmandan,
Ýogsam, öten agşam şadam ýalydy.
Häzir bolsa, öz hasratyn basmarlap,
Ol—ýylgyrjak bolýan adam ýalydy…
Ýyldyzjygyň barha çolaryp daşy,
Diňe ýalňyz özi galdy galpyldap.
Ine, ol hem asman bilen hoşlaşyp,
Süýnüp gitdi…Soňky ýola ýylpyldap.
Onuň Arşda dogup—Ýere inişi,
Nämüçin ynsany howsala salýar?
Ah, muny bu asman giňişliginde,
Belki ýyldyzjygyň bir özi bilýär…
Bu gün onuň ömür örki üzüldi,
Gije ahmyr bilen gözlerin ýumdy.
…Ýyldyzjyk syrygyp asman ýüzünden,
Bir damja gözýaş dek, Zemine damdy