Kiçijek ýalňyşlar – ýagyş damjasy,
Güne ylham berer, ýaşamaga güýç.
Olar gutarmaga gowy başlangyç
Ýa-da göräýmäge şeýle bir gülkünç.
Kiçijek ýalňyşlar – penjiresiz öý
Hemem özgermäge bolan ynammyz.
Entek başlamanka aýdymyň sazy,
Iň soňky sözleri aýdyp dymanmyz.
Olara parhy ýok, atarar ýola,
Sorap ýetişmäkäň: boşmy, sowukmy?
Kiçijek ýalňyşlar – eýjejik juda,
Kiçijek ýalňyşlar – juda howply