Paradise
19.04.2020 14:56
Şeýle bir ýazgyny okapdym ozal,
Güneş iki bolup döräpdir başda.
Asman götermändir olaň ikisin,
Iki telpek oturmaýar bir başda.

Birisin özünde saklapdyr asman,
Beýlekini bolsa alypdyr zemin.
Ýöne zemin yuwaş-ýuwaş gädilip,
Ereýşi dek eräp başlapdyr şemiň.

Aljyrapdyr bütin adamzat kowmy,
Çäre tapman bu oýnuna pelegiñ,
Iki ýana kakypdyrlar pelesañ,
Göýä ujun ýitiren deý kelebiñ.

Soñra seslenipdir bu goja zemin,
Aýñalyp bilmänsoñ uly derdinden
“Diñe keramatly ene ýüregi,
Bu ýükümi alyp biler gerdenden”

Nije eyyam dünýäñ dürli külpetin
Ak pamyk saçyna siñdiren ene.
Bu gezegem bütin yaşaýyş üçin,
Birjik-de ýaýdanman çykypdyr öñe.

Şeýdip alypdyr ol gaýratly ene,
Ýeriň götermedik ýükün özüne.
Şondan bäri güneş kalply ezizler,
Nur paýlaýar bütin ýeriň ýüzüne
44
349
Gülhan
27 Aprel 2020
Awtory: Seýitmämmet Berdimämmedow. Goşgyñ Ady "Ene Yüregi" Men örän haladym şu goşgyny..?
Karaleva
19 Aprel 2020
gaty gowy??
Paradise
19 Aprel 2020
Yok ozuma yazmadym awtoryny bilemok bilsem yazardym
Myhman Myhman
19 Aprel 2020
ozüniz ýazdynyzmy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.