Paradise
28.05.2020 21:55
Durmuşymda her hili kynçylyklar çykanda men hiç haçan ejizlemedim ýöne näme üçindir şu günler özimi has ejis duýyan.Hemme zady terk edip uzak bir ýerlere gidesim gelýar. Aklym bilen ýüregimi diñlap ýetjek menzilime ýetip bagtly bolasym gelyar ýöne namedir bir zat meniñ öñümde päsgelcilik berýan yaly. Esasy namani dinlemeli ýüregimimi ýada aklymy?
46
587
39
Paradise
24.05.2020 23:18
Bu gün mekdep hakda aýdara kän zat,
Hoşlaşmaga bolsa ýekeje pursat.
"SOÑKY JAÑ" ýüzleri ýylgyrtsa sähel,
Üç esse gynanýar öwrenişen gursak.
Bu gün mekdep hakda aýdara kän zat,
Aýtmazlyga bolsa ýekeje sözlem
"Uff ahyry dyndym"- diýmeklik üçin
On bir ýyl okadym, a bu gün diýmen.
Bu gün mekdep hakda aýdara kän zat
Söýmäge mynasyp ondan-da köpdük
Mugallym, direktor, garawul, bagban
Biz size bergidar, eginde köp ýük.
Bu gün mekdep hakda aýdara kän zat
Ýazylmadyk bolsa ýekeje kitap
Onuñ ady "DURMUŞ" ýazmaklyk üçin
Öñ bir bolsa, gerek indi iki tap.
Bu gün mekdep hakda aýdara kän zat
Ýekeje dileg bar bagş etmek üçin
"ÝOLUÑYZ AK BOLSYN KLASDAŞLARYM"
Ömri rowaçlykdyr ýoly ak kişiñ
47
94
2
Paradise
24.05.2020 19:01
Gadyrly uçurymlar
Ýene-de sanlyja sagatlardan sizin durmuşyñyzda ýatdan cykmajak iñ süýji günleriñ biri.Siz ilkinji bilim ojagynyzdan ak kepderi yaly uçup taze durmuşa täze bir güne gadam basýanyz. Mekdep size agy garany saygarmany owretdi.Mekdepde siz ilkinji soygini, hakyky dosty tapdynyz. Indi oglanlaryñ kopisine watan onundaki harby borjunyz, talyp durmuşyñyz garaşýar.
Bu durmuşda size uly ustunlikler arzuw edyan.Bayramynyz bilen gadyrly ucurymlar
45
105
4
Paradise
23.05.2020 11:27
11 ýyl taryhy ýazyp gerdene, Bu gün geçmiş bolup, hoşlaşyas mekdep. Ynam bilen ädim ädip geljege, Seniñ taryhyñdan daşlaşyas mekdep. Ençe ýyl saýañda ser salyp Dünýä, Bu günki gün saýañ gyzyla dönýä,
54
300
55
Paradise
21.05.2020 22:41
Serde senli setirleriň joşguny
Erk berenok ýüregime henizem.
Aňylmadyk bir syr bolup galypdyr,
Duýulmadyk duýgulary «eziziň».
Wagty geler, ýalňyşyňy düşündi:r,
Seni basym dolar ýyllar ýanyma.
Bil, ahmyrdan azap çeken mahalyň,
Men gülerin.
Ynan!
Ýylgyrýanyma
düşünmersiň, belki, düşünersiňem,
Emma giç bor, üýtgedere pursady.
Hyrçyň dişläp, diliň bir söz gaýtalar:
«Ters täleýi wah, täzeden gursadym!».
Dursadyň, wadaňda wepaň bolsady,
(Ygraryňa ygtykadyň ýok seniň!).
Men hem sensiz ýaşamaryn öýderdim,
Ýaşaýan.
Neneň?!..
Terkidünýälige ýüz açan köňlüň
Öz-özüňe haýbat bilen käýiner.
…Wagty geçip, ýaşlygymyz ýatlansa
Gözýaş bilen süpüriler äýnegiň
50
86
2
Paradise
21.05.2020 21:06
Çagalyk
Gaflat perdesini syryp öňümden,
Geçipdirin çagalygyň deňinden.
Çagalygyň neneň süýjüdigini,
Gowusy, deň-duşlar, soramaň menden!
Alada ýok heniz tämiz başyňda,
Hemmeler perwana degre-daşyňda.
Şol perwana adamlaryň köpüsi
Çetleşäýýäň eken juwan ýaşyňda.
Derek deý bolmagy arzuw edersiň,
Ätmesiz ýerlere aýak sekersiň,
Öz özüňden mydam hoşal bolsaň-da,
Özgelere az wagtlyk zepersiň.
Şahyr, bu gün perwaz ursun ýüregiň,
Goý, perwazyň diňlesin ulus-iliň:
Ýagşy günlerde-de, ýaman günde-de
Mydam çagalygyň gadyryn biliň!
45
139
2
Paradise
20.05.2020 22:18
Sahypasyn açyp uly durmuşyň,
Bu gün geljegime seretmekçi men.
Mümkin düşäýmegi başyma gyşyň,
Mümkin ömrüm geçer bahar-ýaz bilen.
Belki-de bir beýik şahyr bolaryn,
Belki ile mätäç-pahyr bolaryn,
Ýa-da öz derdine çäre tapmadyk,
Zöhräniň aşygy-Tahyr bolaryn.
Belli däl ýaş başly,ejiz ömrüme
Durmuşyň nähili derdi berjegi.
Ençeme islegden dolan göwnüme
Ýa şatlygyň ýa-da gaýgyň geljegi.
Emma näme bolsa şatlygym bilen
Ruhlanyp, şatlanyp, ýaşaryn menem..
54
132
9
Paradise
19.05.2020 18:27
Gadyr gijesi türkmençe perman gijesi, sogap gijesi, ýazgytlaryň ýazylýan gijesi, ýa-da sogaplaryň hasaplanýan gijesi. Yslam dinine uýýanlar tarapyndan Gurhanyň Muhammet pygambere goýberilen güni diýilip hasaplanylýar. Bu gün Remezan aýynyň soňky on güniniň içinde bir gün hasaplanýar. Musulmanlar Allanyň rehim edýän we jomart bolýan, özleriniň günälerinden bagyşlanýan, dilegleriniň kabul bolýan, Jebraýyl perişdäniň Gurhan kitaby ýere getiren güni we her ýylyň adamlaryň ýazgytlarynyň täzeden ýazylýan güni diýip hasaplaýarlar.
Goý bu gün her bir adamyñ edýän doga dilegleri hasyl bolsun.Gadyr gijäñiz kabul bolsyn..
55
134
16
Paradise
19.05.2020 18:27
Goja
Arkasynda bir ömürlik ýatlama,
Geçjek ýoly geçeninden az onuň.
Ýatanynda kelemesin gaýtalar,
Tursa “Şükri” dillerine saz onuň.
Çalaran başyna myhmandyr pikir,
Bar zadyň diline düşünýän ýaly
Bir bakan ýerine seredip durýar,
Ýadygärlik surat düşürýän ýaly.
Dem alanda dünýäň ähli howasyn
Ýeke demi bilen gutarýan ýaly.
Her baran ýerine ýaýdanyp barýar,
Bir ýakymsyz habar getirýän ýaly.
Hoşlaşanda çyny bilen hoşlaşýar
Razylaşýar. (Kim bilipmiş ertesin?!)
Tas ähli wagtyny dymyp geçirýär,
Ýazdyrýan deý bu dünýäniň her sesin.
Ýatlap ýaşlyk ýyllaryny, özüniň
Ýygyrtly ýüzüni gyzardyp barýar.
Hem agyr, haýallan ädimi bilen
Ömrüni az-owlak uzaldyp barýar
48
89
0
Paradise
18.05.2020 22:49
Gelip dur atañ öýüñe,
Entek ejeñ dirikä.
Şu dünýede iñ bagtly,
Adamlaryñ birikäñ.
Jan berşi dek, janyndan,
Ruhundan ruh bagyşlar.
Ötünç sora, gujakla,
Hatañ bolsa bagyşlar.
Aýtmasañam barybir
Belentdir ahli zada,
Gözleriñe bir seretse,
Kalbyñ okar şol bada.
Gulpaklyja gyz bolup,
Ýatlarsyñ sen geçeni.
Seni görip ýaşarar,
Tanamarsyñ ejeñi.
Alda delje süýjiden
Atañ öýüñ şirikäñ.
Gelip dur atañ öýüñe
Entek ejeñ dirikä...
57
117
6
Yene yükle