Goja
Arkasynda bir ömürlik ýatlama,
Geçjek ýoly geçeninden az onuň.
Ýatanynda kelemesin gaýtalar,
Tursa “Şükri” dillerine saz onuň.
Çalaran başyna myhmandyr pikir,
Bar zadyň diline düşünýän ýaly
Bir bakan ýerine seredip durýar,
Ýadygärlik surat düşürýän ýaly.
Dem alanda dünýäň ähli howasyn
Ýeke demi bilen gutarýan ýaly.
Her baran ýerine ýaýdanyp barýar,
Bir ýakymsyz habar getirýän ýaly.
Hoşlaşanda çyny bilen hoşlaşýar
Razylaşýar. (Kim bilipmiş ertesin?!)
Tas ähli wagtyny dymyp geçirýär,
Ýazdyrýan deý bu dünýäniň her sesin.
Ýatlap ýaşlyk ýyllaryny, özüniň
Ýygyrtly ýüzüni gyzardyp barýar.
Hem agyr, haýallan ädimi bilen
Ömrüni az-owlak uzaldyp barýar