Paradise
28.02.2021 12:36
Ine,mart geler-de ýagyşa başlar,
Köçeleri daşlar,jaýy pitiklär.
Ýene gaýdyp geler awara guşlar,
Ýene öwşün atar Gündogar bulwar.

Mart geler baglara ýaprak äkeler,
Guş dilinde gürlär ýapraklar bolsa.
Arylar güllere ýok takal okar,
Wah,bu kebelekler gepläpler bilse...

Mart gary deý eräp giden hoş günler,
Çemenli dolanar gamdan ýuwulyp.
–Bu hem-ä gowulyk,
hemem gowulyk!

Leýlisaçy sypar sähraýy şemal,
Şemalda Mežnunyň heseri bardyr.
Hasrat çekmek hata işdir bu mahal
Ölmek dagy bolsa külli günädir.

Seýle geler.
Biz bolmasak,başgalar,
Gündogar bulwary galmaz gugaryp,
Ýene güller dörär,ýagar ýagyşlar,
Süňk hossarym toprak ýatar bugaryp...

Gurbandurdy GELDIÝEW.
36
129
Paradise
20.02.2021 18:28
Heniz mekdebi-de tamamlamankak,
Söýüp taýly boldy deňi-duşlarym.
A men weli seň gelerňe garaşyp,
Hiç bir gyza söz gatmadym, Ýaşlygym.

Ne beýle köp garaşdyrdyň sen meni.
/Men senden kän bir zat hantama däl-ä /
Indi bir eglenme, gideli tizräk,
Münüp, mähir atly ullakan gämä.

Müdimilik mekan tutaly indi,
Söýgiň ho-ol görünýän täsin adasyn.
Yşgyň gözleginde ýadamaly biz,
Goý, çyn söýgi gizlenmekden ýadasyn.

Düşünýärmiň, söýgiň didelerinde,
Bir mukaddes heýkel bolup galaly.
Şonda synmaz ömür diläp özüne,
Bize tagzym eder söýgi şalygy...

...Bilýän, bu arzuwma ýeterin ynha,
Ýöne Ýaşlyk, senden haýyşym tenha –
Ýaşlygyňy edip, çapyp salgyma,
Meni aldama!..

Kakamyrat Rejepow
39
185
Paradise
21.01.2021 19:44
Sen şeýle bir bagtly ýigit, bilýäňmi?
Daşyň gurşasa-da onlarça gyzlar,
Dünýäň bir künjünde, kalbynda seni
Ezizläp oturan duýguçyl gyz bar.

Sen şeýle bir bagtly ýigit, bilýäňmi?
Günde seň adyňy müň goşga salyp,
Dünýäň bir künjünde galyp ukudan,
Bir gyz otyr, ele galamyn alyp.

Sen şeýle bir bagtly ýigit, bilýäňmi?
"Ezizim" sözüni aýdýarlar müňläp.
Bir gyz bar, belki-de syryn açmadyk,
Dillenmedik, yşgyn kalbynda gizlän.

Sen şeýle bir bagty çüwen, belki-de,
Bilýän dälsiň, bir gülüň bar solmaýan.
Umydyndan ýola bakyp gündizler,
Gijelerne seniň üçin aglaýan.

Dünýäň bir künjünde seni görmezden,
Duýýar bir gyz aglaýanňy, gülýänňi.
Dileg edýär saňa yzyn üzmezden,
Sen şeýle bir bagtly ýigit, bilýäňmi?,
37
233
Paradise
17.01.2021 14:39
GIJE

Ýene-de dyz epdi gijäň goýnunda,
Tükeniksiz günleň agyr kerweni.
Bu geçen gün kime şatlyk eçilip,
Gaýgy-gussa duş edendir, gör, kimi?!

Gör, kimler şu günde gerendir gujak,
Bütin ömür küýsäp gezen bagtyna.
Gör, niçe enäniň ýüzi düşendir,
Bir nurana, ak posalak agtyga.

Kimi arzuwyna ýetirendir ol,
Bagt bolup syçrap şowly bijede.
Hemem gözýaş bolup buldurandyr ol,
Gör, niçembir gam-gubarly didede.

Täsin, juda täsin, müňläp ykbala,
Berip şowly-şowsyz niçe peşgeşi.
Deregne azayk wagtyň «ogurlap»,
Bu günleriň dem salymda geçmesi.

Belki, şu ahwala kalby gyýlandyr,
Geçen günüň ýasyn tutýandyr ahmal.
Gara pürenjegin atyp başyna,
Ýene-de tümlüge bürendi asman...

Kakamyrat Rejepow
34
245
Paradise
05.01.2021 19:30
Ýaşlyk oýunlaryna gyzmasyn kelle,
Her bir etjek işiň aňyňda belle,
Azapsyz baýlyga, altyndyr tylla
Topluma, ýüzüňi sowmagy başar.

Goňşy arasynda gatnatma gybat,
Hersine al bermek erbetdir-erbet,
Berme pese zakgun, beýige şerbet,
Adamlary deňje görmegi başar.

Köpçülikdr boş gepleme, öwünme,
Aytjak sözüň geňeş mydam göwnüňe,
Sen çybyk däl, sähel zada döwülme,
Kyn işde-de merdem durmagy başar.

Näme utyaň buza öwrüp ýüregňi,
Et ýagşylyk, elden gelse kömegňi,
Çözläp bolmaz çolaşdyrma ýumagňy,
Etjek işiň ilki görmegi başar.

Mähirli bol, bolma hijem bimährem,
Ýüzüň çytsaň, zäher bolar naharam,
Öz ýerinde geler welin gaharam,
Köşeş-de azajyk dymmagy başar.

Etjek bolma iller näme edende,
Bolup biler ulumsy-da, gedem-de,
Senden kömek isläp haýyş gelende
Eliñde baryñy bermegi başar
39
153
Paradise
31.12.2020 13:30
Saýtdakylaryň ählisini Täze ýyl baýramy bilen gutlaýaryn. Täze ýylyň her güni iň ajaýyp duýgularyňyzyň, kalbyňyzyň iň näzik tarlaryny kakyp çalýan owazy bolup gelsin-de, ruhuňyzy güle büresin, gün şöhlesiniň ýagtysy bilen öýüňize bagt girsin! Ýakynlaryňyzyň söýgüsi, mähri bilen ojagyňyz, kalbyňyz ýylasyn! Alla ähliňize jan-saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, agzybirlik bersin! Ýylyňyz bereketli, rysgally, düşümli gelsin! Arzuwlaryñyz ak gäminiñ iñ arzyly portunda hasyl bolsun!!!Täxe ýylynyz gutly bolsun!!!!!!
35
162
Paradise
29.12.2020 14:47
Erkek aglamasyn
Mertlik kemsiler.
Etsete göz ýaşy dammaga ykrar.
Çünki Adam ata ýaradylanda,
Ýazylan mañlaýyna şeýleräk ykbal.

Aglamasyn aýal,
Kemsiner şatlyk.
Bolsada gursakda ýuka ýüregi.
Aýaly agladan näkerde ýigide
Göz ýaşyna büdüräp çykar garagy.

Kemsiner adalat ata aglasa,
Diñe kemsinmek däl ýitmegi ahmal.
Ony agladanlar ata bolanda
Mañlaýyn ýumruklap aýylganç ah-lar.

Dünýäniñ iñ beýik mukadessligi,
Şeýle bir kemsiner aglasa ene.
Enäniñ ýakasyn ýaşa ezmekden
Agyr günä barmy düşündirsene.....


Kerim Hally
39
211
Paradise
25.12.2020 13:23
BAGTYÑ ÝOLY

Täsin mukam, ömrüñ ajap aýdymy,
Bagtyñ ýoly, ak dañlarda gözlänim.
Çagalykda gujagynda hüwdüläp,
Ejem eken bagt ýumagyn çözlänem.

Bagt ekeni inen günim jahana,
Bolup öýde perzentleriñ ilkisi.
Bagt hakdaky iñ ajaýyp aýdymym,
Gamsyz geçen çagalygmyñ gülküsi.

Juda ir howlugyp ulygyzlyga,
Bagta tarap assa-assa barýanym.
Duýmandyryn, çakdanaşa näzirgäp,
Çyn aşygym,men diýp bagry girýanym.

Duýmasamam kysmat bakman erkime,
Çyn aşyga baglan güni ömürlik.
Aglapdym, gözümden gözýaşlar dökip.
Şol günler gelsedi ýene öwrülip.

Ýylgyrardym bagtyñ gözlerne bakyp,
Haýyş edip saklanmagny azajyk.
Iñ bagtly, iñ bagtyýar günlemden,
Hiç gaýtmazdym alyslara azaşyp.

Ine şeýdip eläp otyrn geçmişden,
Elek alyp iñ bagtly günlermi.
Geçipdirin bagta barýan ýollaryñ,
Şalyk tagty deýin ençe münberni.

Geljegimden gözläp ýören bagtymyñ,
Aýan boldy alyslarda galany.
Ýöne,dowam etýär şindem bu ýollar,
Bagt bolup hüwdüleýän balamy.

Gyzylgül Annagylyjowa.
33
88
Paradise
22.12.2020 11:28
Eje, haçana çen bukup saklaýyn
Söýgi hakda ýazan setirlerimi?
Kän temmi alanym – seniň eliňe,
(Jigim tarapyndan ýetirlenlermi).

Şol gün nokat goýdurypdyň soňuna,
Ýadymda, men jigim bilen jetleşdim.
Eltip okadypdyr goşgularymy,
Şondan soňam söýgüden has çetleşdim.

Başga alajam ýok, kim islär dagy,
Olaryň tutaşdy:r bolmagny peje.
Gyzyň häli çagalykdan saýlandy,
Indi beri garşy bolmagyn, eje!

Bazardan zat satyn almakçy bolup,
Göwnüme ýetýänçä esli aýlamda.
“Kejirligiň galman geçjek” diýerdiň,
Gyzyň şol gylygyn gaýtalar ýene,
Ýalňyşmaz ol asla ýigit saýlanda.
35
177
Paradise
16.12.2020 19:26
Urşduñyzmy
Entegem gaharlanýañmy?
Meñki aýtmak özüñ saýla galanyn.
Haçanda birine gaharyñ gelse,
Birje minut oýlan hazir ýoklugyn.

Pikirlen, hiç haçan görmejegiñi
Aýtmak islän zatlañ eşitmejegini,
Kimiñ günalidigin eýýam parhy ýok,
Sebäbi ol eýýam señ durmuşyñda ýok.

Hiç zat bolup galar ol eden dawañ,
Öçen ýaly bolar dünýäniñ reñki.
Eýýam parhy bolmaz näçe aglanyñ
Saña ñäme şu dälmidi isläniñ.

Entegem gaharly öýke saklaýañ
Meñki aýtmak ozüñ saýla galanyn
Haçanda birine gaharyñ gelse,
Birje minut oýlan hazir ýoklugyn.



48
301