Paradise
25.12.2020 13:23
BAGTYÑ ÝOLY

Täsin mukam, ömrüñ ajap aýdymy,
Bagtyñ ýoly, ak dañlarda gözlänim.
Çagalykda gujagynda hüwdüläp,
Ejem eken bagt ýumagyn çözlänem.

Bagt ekeni inen günim jahana,
Bolup öýde perzentleriñ ilkisi.
Bagt hakdaky iñ ajaýyp aýdymym,
Gamsyz geçen çagalygmyñ gülküsi.

Juda ir howlugyp ulygyzlyga,
Bagta tarap assa-assa barýanym.
Duýmandyryn, çakdanaşa näzirgäp,
Çyn aşygym,men diýp bagry girýanym.

Duýmasamam kysmat bakman erkime,
Çyn aşyga baglan güni ömürlik.
Aglapdym, gözümden gözýaşlar dökip.
Şol günler gelsedi ýene öwrülip.

Ýylgyrardym bagtyñ gözlerne bakyp,
Haýyş edip saklanmagny azajyk.
Iñ bagtly, iñ bagtyýar günlemden,
Hiç gaýtmazdym alyslara azaşyp.

Ine şeýdip eläp otyrn geçmişden,
Elek alyp iñ bagtly günlermi.
Geçipdirin bagta barýan ýollaryñ,
Şalyk tagty deýin ençe münberni.

Geljegimden gözläp ýören bagtymyñ,
Aýan boldy alyslarda galany.
Ýöne,dowam etýär şindem bu ýollar,
Bagt bolup hüwdüleýän balamy.

Gyzylgül Annagylyjowa.
33
88
Karaleva_04
25 Dekabr 2020
mlds???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.