Ine,mart geler-de ýagyşa başlar,
Köçeleri daşlar,jaýy pitiklär.
Ýene gaýdyp geler awara guşlar,
Ýene öwşün atar Gündogar bulwar.
Mart geler baglara ýaprak äkeler,
Guş dilinde gürlär ýapraklar bolsa.
Arylar güllere ýok takal okar,
Wah,bu kebelekler gepläpler bilse...
Mart gary deý eräp giden hoş günler,
Çemenli dolanar gamdan ýuwulyp.
–Bu hem-ä gowulyk,
hemem gowulyk!
Leýlisaçy sypar sähraýy şemal,
Şemalda Mežnunyň heseri bardyr.
Hasrat çekmek hata işdir bu mahal
Ölmek dagy bolsa külli günädir.
Seýle geler.
Biz bolmasak,başgalar,
Gündogar bulwary galmaz gugaryp,
Ýene güller dörär,ýagar ýagyşlar,
Süňk hossarym toprak ýatar bugaryp...
Gurbandurdy GELDIÝEW.