Paradise
29.12.2020 14:47
Erkek aglamasyn
Mertlik kemsiler.
Etsete göz ýaşy dammaga ykrar.
Çünki Adam ata ýaradylanda,
Ýazylan mañlaýyna şeýleräk ykbal.

Aglamasyn aýal,
Kemsiner şatlyk.
Bolsada gursakda ýuka ýüregi.
Aýaly agladan näkerde ýigide
Göz ýaşyna büdüräp çykar garagy.

Kemsiner adalat ata aglasa,
Diñe kemsinmek däl ýitmegi ahmal.
Ony agladanlar ata bolanda
Mañlaýyn ýumruklap aýylganç ah-lar.

Dünýäniñ iñ beýik mukadessligi,
Şeýle bir kemsiner aglasa ene.
Enäniñ ýakasyn ýaşa ezmekden
Agyr günä barmy düşündirsene.....


Kerim Hally
39
211
:)han:)gyz:)
30 Dekabr 2020
Goqy
Myhman Myhman
30 Dekabr 2020
????

Gowy manyly
Karaleva_04
29 Dekabr 2020
gaty gowy
Greenleaf
29 Dekabr 2020
Örän manyly ene atamyzyň janlary sag başlary dik bolsun????
barlagcy
29 Dekabr 2020
Yaş bolsada owut nesihata yerlikli yapysya su sahyr kop gosgusy gowy yas sahyrlara nusgalyk bolar kabirleri yaly dosine kakyp yorenok iki sany boguny kapyalasdyryp berekella
guli_
29 Dekabr 2020
????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.