Paradise
21.01.2021 19:44
Sen şeýle bir bagtly ýigit, bilýäňmi?
Daşyň gurşasa-da onlarça gyzlar,
Dünýäň bir künjünde, kalbynda seni
Ezizläp oturan duýguçyl gyz bar.

Sen şeýle bir bagtly ýigit, bilýäňmi?
Günde seň adyňy müň goşga salyp,
Dünýäň bir künjünde galyp ukudan,
Bir gyz otyr, ele galamyn alyp.

Sen şeýle bir bagtly ýigit, bilýäňmi?
"Ezizim" sözüni aýdýarlar müňläp.
Bir gyz bar, belki-de syryn açmadyk,
Dillenmedik, yşgyn kalbynda gizlän.

Sen şeýle bir bagty çüwen, belki-de,
Bilýän dälsiň, bir gülüň bar solmaýan.
Umydyndan ýola bakyp gündizler,
Gijelerne seniň üçin aglaýan.

Dünýäň bir künjünde seni görmezden,
Duýýar bir gyz aglaýanňy, gülýänňi.
Dileg edýär saňa yzyn üzmezden,
Sen şeýle bir bagtly ýigit, bilýäňmi?,
37
233
safia
20 Fewral 2021
Gowy goşgy eken.Sen şeýlebir bagtly ýigit bilýäñmi?.👌
BankerTMB
23 Yanwar 2021
Bah beyle yigidi tanap bolmazmyka?
Myhman Myhman
21 Yanwar 2021
Awtory kimka?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.