Paradise
29.08.2021 01:03
Göwnüm ýaly göwün gördüm, bar eken!
Giň sähraň Asmana degýän ýerinde.
Olam meniň ýaly mähre zar eken,
Hem illere ýagşylyk bar serinde.

Bagtyň bazarynda awara bolup,
Aýralykdan gaýzygypdyr ýüregi.
Uçgunly gözleri gubara dolup,
Kül bolupdyr umydynyň küregi.

Ýöne seri howalaly dag deýin,
Giň sähra kybapdaş takady, sabry.
Sesi kalba siňip gidýär ýag deýin,
Ony höwes bilen ýaratmyş Taňry.

Ojagynda perişdeler, periler,
Perwaz urup gorap ýörler oduny.
Munda gaşlar söýgi bilen gerilen,
Ýetişýärler gamgyn wagtyň dadyňa.

Kalbyn tämiz tutanlara hemişe,
Ýaradanyň özi howandar eken.
Kösençlik hiç, bähbidi bar her işiň,
Göwnüm ýaly göwün gördüm, bar ek
52
207
Paradise
25.07.2021 20:31
JÜMJÜME ÝALY JÜMLELER

Birbada hemmäniň göwnüni awlamak asla mümkin däldir. Hatda Gün hem birbada bütin dünýäni ýagtyldyp bilenok ahyry.

• Ýaşamak üçin ýürekden ygtybarly ýer ýokdyr.

• Sen näçe sypaýysyrasaň hem, sözüňi kesä çekjek, ondan kem tapjak bardyr. Süýji üzümdenem ajy çakyr ýasaýarlar ahyry!

• Iň bärkisi dört setirlik goşguda-da kapyýalaryň ählisi sazlaşyp gitmän, hökman biri üýtgeýändir. Bu durmuşda-da şeýle, hemme günüň sazlaşykly, akgynly gitmegi mümkin däl.

• Biz ýüzümizi suw ýaly ulagymyzyň lowurdysynda däl, aňrybaş öýümiziň kaşaň penjiresinde däl, wyždanymyzyň tozan basyp giden aýnasynda synlamagy başaraýsak...

• Ýürek saçaga meňzeş diýýärler. Hakykatdan-da şeýle, ýürek saçak ýaly mukaddes. Saçagy harlamak, ony boş goýmak näçe gabahat bolsa, bu ýürek babatda şeýledir. Dogry, olaryň arasynda ýekeje tapawut bar. Gije saçak kakmak günä hasaplanylýar. Ýüregi kakmak, ony ak kagyzyň ýüzüne kakmak üçin bolsa, ümsüm gijelerden gowy wagt ýok bolsa gerek.

• Dost adamyň kölegesidir diýýäris. Kölege bolsa, esasan, jyzrama, jokrama yssyda belli bolýar. Dostuň gymmaty hem ýalynly, kynçylykly günlerde belli.

• Gargyş «gar, gyş» diýmekdir. Oňa ýanaşsaň, ömrüňi doňdurar.

• Adamlar maňa elipbiýiň harplaryny ýatladýar. Olar ýeke özlüginde hiç zat. Emma birigip, gowy zatlary-da, erbet zatlary-da döredip bilýärler.

• Hasaply ömür – hasapsyz bagt (elbetde, düşünen üçin).
53
188
Paradise
18.07.2021 20:21

KÄTE

Käte uzyn-uzyn goşgy ýazýarys,
Düşýäris-de birje sözüň yzyna.
Suwarýas bir giden ot-çöpleri-de,
Bihuş bolup birje gülüň ysyna.

Kä birje ynsany söýenmiz üçin,
Söýýäs adamzady,
Söýýäs jahany.
Ol ymgyr ummanlar tolkunarmyşyn,
Gökden birje damja inen mahaly.

Bir ýürekdeş dostuň didary diýip,
Näçe ýol geçilýär, menzil aşylýar.
…Göwnüme bolmasa, uzyn ömürler
Belli-belli günler üçin ýaşalýar.

Kakamyrat REJEBOW
46
125
Paradise
16.07.2021 22:27
UMYT

Durmuş alawynda köýen kalbymyñ,
Kiçijik ýagtylyk ýagtyltdy için.
Belki bu ynamy Alla ýollady,
Meni ýykylamda galdyrmak üçin.

Ýagty umytlarym betbagtlygmyñ,
Batgasyndan çekip aldy dessine.
Señselän kalbymda bagtyñ aýdymyn,
Aýdyp getirdi ol meni essime.

Mähriban käbäm deý,sallançak gurup,
Umyt meni gije-gündiz üwredi.
Göýä,çigitlenen çigit gabyk deý,
Ol bolmasa bu jan bir boş göwredi.

Boş göwräne umyt beren ýagtylyk,
Barýaryn ynamly men saña sary.
Dünýäme nur çaýan şol umyt bilen,
Aýlanýandyr belki beýik ýer şary.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
45
151
Paradise
15.07.2021 18:47
Şeýlemikä munda owaldan gurluş,
Keýigiň kölgesi ýaly-la durmuş.
“Ynha, tutdum” diýen şatlygyň, bagtyň
Häki bir gyryndy, ülşüdir wagtyň.

Begenersiň, okap dostuň hatlaryn,
Emma wagtlaýyn.
Ýar jemalyn görüp, gürsüldär gursak,
Bakydyr öýdersiň,
Pursatdyr, pursat.

Ýeňip bilseň dünýäň ýeke päsgelin,
Monça borsuň, emma bu-da az salym.
Saýalaýyn diýseň — Gün geler birden,
Güneşläýin diýseň — tüm geler birden.

Geler käbir pursatlary saklasyň,
Yrýa bolar ähli eden yhlasyň.
Pursatlar serdäki humar ýaly-la,
Gider bary duman kimin göterlip.
SÖÝGIDEN,
IMANDAN,
UMYTDAN özge
Şatlyk ýokdur bütin ömre ýeterlik.

KAKAMYRAT REJEP
46
156
Paradise
Paradise
14.07.2021 17:36
Guýmenje
Paradise
Paradise
13.07.2021 20:55
Sazlaryñ şirini, sözleñ şekeri, Daglar başy, ak suwlaryñ akary. Señ barlygyñ başlangyjy ekeni, Dünýädäki iñ ajaýyp zatlaryñ. Ajaýyplyk görsem,mysaly senden Manysy, maýasy, hasaby senden. Men nädip
Paradise
01.07.2021 21:59
Ýylgyr oglum!

Ýylgyr oglum! Saz eýle sen dünýäni,
Aňzak gyşlar gyşlygyny unutsyn.
Kalpda gubar baglan gaýgy-gussalar,
Garyň tämiz, päk suwuna ýuwulsyn.

Ýylgyr oglum! Saz eýle sen dünýäni,
Goja dünýä ýaşlygyna dolansyn.
Saýa bilen salgym bilen güýmenen,
Maksadyna-myradyna duwlansyn.

Ýylgyr oglum! Saz eýle sen dünýäni,
Arzuw, alkyş, aýdym bolsun jahanda.
Mähir-muhabbete duwlanan sözler,
Patrak kimin seçelensin dahandan.

Ýylgyr oglum! Saz eýle sen dünýäni,
Hut mukaddes söýgiň özü-de sensiň.
Seni görüp jyda düşen aşyklaň,
Sönüp barýan umydyna ot degsin.

Ýylgyr oglum! Saz eýle sen dünýäni,
Bir arzuwym agy saňa ýat bolsun!
Saňa jümle-jahan gülüp-bakyp dur,
Dünýä gadam basan ýollaň ak bolsun!
32
193
Paradise
17.06.2021 23:27
SURAT

Juda zerur bolup arada bir zat,
Gözläp ýörkäm kitaplaryň arasyn.
Solup giden sahypalaň içinden,
Çykdy meniň bir köneje suratym.

Ynha, meni şo-ol ajaýyp ýyllaryň,
Pursatlaryň gujagyna çagyryp.
Müýnsüz gözlerini dikip dur maňa,
Şo-ol öňküje özüm – tanyş çagalyk.

Şol dem şol suratyň gujagna dolup,
Geldi ýyllaň perdesini serpesim.
Ýöne başarmadym, bozup bilmedim,
Wagtyň aramyza çeken serhedin.

Ähli zady unutdyran suratym,
Sende bütin dünýäň mährini gördüm.
«Ynsan, saňa yza dönme ýok» diýip,
Ýyllaň ömre basan möhrüni gördüm.

...Ah, biziň oýnumyz juda pes gelýär,
Ýüwrük dünýäň şemal kibi badyndan.
Şonuň üçin soňra ökünmez ýaly,
Her bir günüň gadryn biliň, adamlar!
39
319
Paradise
15.06.2021 15:20
Seni hemmäñ söýjek wagtam bor elbet,
Olam janyñ teni terklän mahaly.
Ruhuñ guşlar kimin ganatyn ýaýyp,
Jesediñi ýere örklän mahaly.

Şondan soñ ýigrenýän tapylmaz seni,
Sebäp ne sesiñ bar, ne üýn, ne hiliñ.
Hiç kimiñ şanyna gözüñ dikilmez,
Özüñ bilen gider ýiti zehiniñ.

Böwet däl indi sen ynsan ýoluna,
Hiç kişiniñ abraýyna şärik däl.
Çykasyñ yok "ägirtleriñ" alnyna
Ýa ussatdan ozup barýan şägirt däl.

Çyndan akan göz yaş gymmata düşer,
Ruh, imanyñ barjasyny gadaklar.
"Merhum" bolar iñ bir şöhratly adyñ,
Ýaltananlar "öli" diýip gödeklär.

Üstünlik jan bilen dünýäñden çykar,
Indi anyk oña eýgermejegiñ.
Jesediñe her kim mähirli bakar,
Gömüp durka senin beýgelmejegiñ.

Ýigrenilmegimize özümiz sebäp,
Ýa ylahdan gelen artykmaç ukyp.
Garaz ýalançyda "öli" bolmasañ,
Ýakañy goýbermez basdaşdyr, rakyp......
41
224