KÄTE
Käte uzyn-uzyn goşgy ýazýarys,
Düşýäris-de birje sözüň yzyna.
Suwarýas bir giden ot-çöpleri-de,
Bihuş bolup birje gülüň ysyna.
Kä birje ynsany söýenmiz üçin,
Söýýäs adamzady,
Söýýäs jahany.
Ol ymgyr ummanlar tolkunarmyşyn,
Gökden birje damja inen mahaly.
Bir ýürekdeş dostuň didary diýip,
Näçe ýol geçilýär, menzil aşylýar.
…Göwnüme bolmasa, uzyn ömürler
Belli-belli günler üçin ýaşalýar.
Kakamyrat REJEBOW