Göwnüm ýaly göwün gördüm, bar eken!
Giň sähraň Asmana degýän ýerinde.
Olam meniň ýaly mähre zar eken,
Hem illere ýagşylyk bar serinde.
Bagtyň bazarynda awara bolup,
Aýralykdan gaýzygypdyr ýüregi.
Uçgunly gözleri gubara dolup,
Kül bolupdyr umydynyň küregi.
Ýöne seri howalaly dag deýin,
Giň sähra kybapdaş takady, sabry.
Sesi kalba siňip gidýär ýag deýin,
Ony höwes bilen ýaratmyş Taňry.
Ojagynda perişdeler, periler,
Perwaz urup gorap ýörler oduny.
Munda gaşlar söýgi bilen gerilen,
Ýetişýärler gamgyn wagtyň dadyňa.
Kalbyn tämiz tutanlara hemişe,
Ýaradanyň özi howandar eken.
Kösençlik hiç, bähbidi bar her işiň,
Göwnüm ýaly göwün gördüm, bar ek