Paradise
16.07.2021 22:27
UMYT

Durmuş alawynda köýen kalbymyñ,
Kiçijik ýagtylyk ýagtyltdy için.
Belki bu ynamy Alla ýollady,
Meni ýykylamda galdyrmak üçin.

Ýagty umytlarym betbagtlygmyñ,
Batgasyndan çekip aldy dessine.
Señselän kalbymda bagtyñ aýdymyn,
Aýdyp getirdi ol meni essime.

Mähriban käbäm deý,sallançak gurup,
Umyt meni gije-gündiz üwredi.
Göýä,çigitlenen çigit gabyk deý,
Ol bolmasa bu jan bir boş göwredi.

Boş göwräne umyt beren ýagtylyk,
Barýaryn ynamly men saña sary.
Dünýäme nur çaýan şol umyt bilen,
Aýlanýandyr belki beýik ýer şary.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
45
151
barlagcy
17 Iýul 2021
Umytly gus kaba yeter
Ovezova_
16 Iýul 2021
Paradise, salam gowy ozuniz nahili?! Ha bolya sagja bol
Paradise
16 Iýul 2021
Ovezova_, salam gowmy yagdaylarynyz sizin soran gyzynyzy soradym gowy diydi hasiyetem ozem
Ovezova_
16 Iýul 2021
👏👏👏👏👍
Paradise
16 Iýul 2021
Umydyň ýekeje dänejigi tutuş bir meýdana bagt ekmek üçin ýeterlikdir.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.