Seni hemmäñ söýjek wagtam bor elbet,
Olam janyñ teni terklän mahaly.
Ruhuñ guşlar kimin ganatyn ýaýyp,
Jesediñi ýere örklän mahaly.
Şondan soñ ýigrenýän tapylmaz seni,
Sebäp ne sesiñ bar, ne üýn, ne hiliñ.
Hiç kimiñ şanyna gözüñ dikilmez,
Özüñ bilen gider ýiti zehiniñ.
Böwet däl indi sen ynsan ýoluna,
Hiç kişiniñ abraýyna şärik däl.
Çykasyñ yok "ägirtleriñ" alnyna
Ýa ussatdan ozup barýan şägirt däl.
Çyndan akan göz yaş gymmata düşer,
Ruh, imanyñ barjasyny gadaklar.
"Merhum" bolar iñ bir şöhratly adyñ,
Ýaltananlar "öli" diýip gödeklär.
Üstünlik jan bilen dünýäñden çykar,
Indi anyk oña eýgermejegiñ.
Jesediñe her kim mähirli bakar,
Gömüp durka senin beýgelmejegiñ.
Ýigrenilmegimize özümiz sebäp,
Ýa ylahdan gelen artykmaç ukyp.
Garaz ýalançyda "öli" bolmasañ,
Ýakañy goýbermez basdaşdyr, rakyp......