Paradise
06.07.2023 19:42
Sen «Söýgi» diýilse, nämä düşünýäň?!
Şeýle bir bilesim gelýär pikriňi.
Men üçin-ä söýgi — seniň gözleriň,
Söýgi — seniň şol gözleriň kirpigi.

Söýgi — seniň aýaklaryň ädimi.
Söýgi — seniň gol uzadyp durmagyň.
Men dünýäň gurluşyn geň görüp ýörkäm,
Gelip, öz kalbymda dünýä gurmagyň.

Söýgi — seniň oýa batyp oturşyň.
Söýgi — seniň aýdýan, aýtjak sözleňem.
Men «söýgi» diýdim-de, saňa düşündim,
Mümkin, muny geň görýändir özgeler.

Mümkin, olar öz ýanyndan «Söýgi has
beýik ahyr!» diýýändirler,
ähtimal...
Ýöne, menem peseldemok söýgini,
Sen söýgi dek beýge galdyň, mähriban!
44
195
Paradise
06.07.2023 15:39
Eje, men bir dünýä düşdüm,
Dünýä diýseň, dünýä eken!
Munda müşkler ilki kükäp,
Gunçalar soň düwýän eken.

Eje, men bir kümä düşdüm,
Sähel ýele yranaýýar.
Şony gören günüm weli,
«Ol — köşk» diýsem, ynanaý-da!

Eje, men bir guýa düşdüm,
Suw guýýaryn gözlerimden...
«Çyk» diýme, çuň ol, eje jan,
Meniň ýaly döz gelerden.

Eje, men bir ýola düşdüm,
Adam ýok, ikijigimiz...
Biri-hä öz gyzyň, eje.
Birem — ogly ejesiniň.

Eje, men bir joşa düşdüm,
Begenjimden aglap, ýöne.
Eje, men bir oda düşdüm,
Ýanýan...
Tenim abat ýöne!
27
106
Paradise
06.07.2023 12:17
Bagyşla

Şo gün seň gelerňe garaşyp durkam,
Bir gözel gyz bilen sen gidip barýaň.
Ynan, şonda şeýle begendim, bilseň,
Tebigat saklanyp bilmedi, arman…

Şo gün ähli baglar ýapragyn dökdi,
Ähli guşlar gyrdy birden ganatyn.
Ýalan sözläp nämedeýin, özüm-ä,
Ýanyňdaky gözel gyzy haladym.

“Ony edil meň söýşüm deý söý” diýip,
“Edil men deý aýa” diýip hut şo gün,
Seň owadan gözleň saýlan gyzyna,
Sogrup ýüregimi beresim geldi,
Arman…
Arman, ony öz ýerinden tapmadym,
Bagyşla…

Laçyn PÜRJÄÝEWA
17
64
Paradise
06.07.2023 00:08
Inşalla!
Şu gün uzynly gün ýanyňda boljak,
Ähli işleriňi goýup, gel, senem.
Maňa ilki bilen, şo-ol öňkiň ýaly,
Günüň dogşy hakda gürrüň bersene.

Gürrüň ber baglaryň oýanşy hakda,
Hem oýarşy hakda ýazlaryň bizi.
Kä gürrüňler dagy sygmasyn akla,
Nämemiş, jadyly saçaga, hakyt,
Äkidýämişinler ýalbaryp bizi.

Gowy, hä,
Şol köne ýol bilen düýşleň gelişi.
Ýadyňa düşýärmi, öýkeläp gidip,
Soňam ýene öz-özümiň gelişim.

Aýtsana, bilýäň-ä, garlawaçlaryň
Çagalarna aýdýan ertekisini.
Gürlesene, dymma, göresim gelýär,
Men düýnki, şu günki, ertirki Seni!
24
85
Paradise
05.07.2023 19:53
SAŇA AÝDASYM GELEN SÖZLERIM...

«Nireden ýadyma düşdüň?» diýme sen,
«Salam!» diýmek üçin düşdüm ýadyňa...
«Tallaryň boýnuna tama öýmesin
saraý» diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Ýogsa, men böljekmi ünsüň-üşügiň?
Tekepbir bolsamam, bilýän düşünip.
«Gül göwnüňden öýke buldun düşürip,
ýagaý» diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Göwnüňe degenin geň görüp ýören,
Göwnüm nämelere döz gelip ýörer?!
«Men — Adam bolmagy öwrenip ýören
zenan» diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Men maý tapsam, ugramakçy barybir...
Hiç bilemok adamlara garylyp.
«Bir gün ýarpy eser goýsam, ýarysyn
ýazaý» diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Biz bir gelýäs,
kepil ýokmuş ýenäge.
Bigadyrlyk bu gümanyň sebäbem.
Men welin, zat tapman seni deňäre,
«Halal!» diýmek üçin düşdüm ýadyňa

Aygul Garayewa
20
90
Paradise
04.07.2023 19:57
Huzuruňda boýnym buruk buruk mähriban,
Eziz käbäm ýeňletsene dertlerim.
Ýüregimi tüýdüm-tüýdüm tüýtdi-le
Durmuş
çekerimden agyr dert berip.

Bokurdagym dolup geldim ýanyňa,
Aýyplaşma didelemden ýaş aksa!
Men düşünýän, ýazygym kän sanardan,
Ýöne senem düşün, käbäm,
Ýaşlyk-da..!

Dünýäm apy-tupan bolup elenýär,
Ýol-ýodany saýgaramok, ümür kän.
Çynym, halys bezgek boldum,
Bu ömür
şeýdip näçe wagt ýaşaljak ömürkä?

Höweslerim dagap gitdi birmahal,
Birçak tapdan düşdi süýji arzuwlar.
Giç bolsa-da, ahyr menem düşündim,
Bildim, ýok ekeni güýji arzuwlaň.

Bimany günlerden geçip dur göwnüm,
Günälermi ötewersin ýaşlygym!
Eje, ine, şu zatlardan ötri men,
Birwagt gülen gözlerimi ýaşladym.

Ýöne, şükür, umyt gülüm solanok,
Durmuş näçe örtese-de dert berip...
Ak başyňa gurban, kalbyňa gurban,
Käbäm, biraz saýpallady dertlerim

Sapa Hommadow
28
93
Paradise
03.07.2023 18:24
Eje, haçana çen bukup saklaýyn
Söýgi hakda ýazan setirlerimi?
Kän temmi alanym – seniň eliňe,
(Jigim tarapyndan ýetirlenlermi).

Şol gün nokat goýdurypdyň soňuna,
Ýadymda, men jigim bilen jetleşdim.
Eltip okadypdyr goşgularymy,
Şondan soňam söýgüden has çetleşdim.

Başga alajam ýok, kim islär dagy,
Olaryň tutaşdy:r bolmagny peje.
Gyzyň häli çagalykdan saýlandy,
Indi beri garşy bolmagyn, eje!

Bazardan zat satyn almakçy bolup,
Göwnüme ýetýänçä esli aýlamda.
“Kejirligiň galman geçjek” diýerdiň,
Gyzyň şol gylygyn gaýtalar ýene,
Ýalňyşmaz ol asla ýigit saýlanda.
27
97
Paradise
03.07.2023 14:13
Ykbalym!
Men mydam şükür edýärin,
Ýar bolanym üçin sen deý ykbala.
Arkamda sen barkaň gamlanyp bilmen,
Hakym ýokdur saňa gyýa bakmaga.

Ýöne gelip- gelip, yşgymda aldap,
Näme meni dar ýollarda örtediň?!
Dek düýnüň özünde söýeniň
hon-ha
Gidip barýar başa atyp kürtesin...

Hut şu güne çenli,
henize çenli,
Syndyrmandyň meniň umyt- ynamym.
Ýeri, päk söýgime nobat gelende,
Tükendimi täleý ýazýan galamyň?!

Ýa-da halys ýakyn saýyp özüňe,
Meni söýgüden-de gabandyňmy ýa?
Gara gözler köz goýdumy gursakda,
Bu söýgüden halys awundyňmy ýa?

Belki-de, bu söýgi zeruram däldir,
Seň ýaly müň yşkdan zyýat ykbala.
Söýgi meni ýakybersin ataşsyz,
Hakym ýokdur seň göwnüňi ýykmaga...
20
48
Paradise
01.07.2023 22:34
Gijeki oýlar...

Ýene goş ýazdyrdy gijäň göçünde,
Tükeniksiz günleň agyr tirkewi.
Bu geçen gün kime şatlyk eçilse,
Gaýgy-gama duş edendir, gör, kimi?

Gör, kimler şu günde gerendir gujak,
Ömürboýy küýsäp gelen bagtyna.
Gör, niçe enäň ýüzi düşendir,
Bir nurana ak posalak agtyga.

Täsin
Juda täsin
Müňläp ykbala
Berip şowly-şowsuz niçe peşgeşi.
Deregine azajyk wagtyň "ogurlap"
Bu günleriň dem salymda geçmesi.

Belki, şu ahwala uýalandyr ol
Geçen günüň ýasyn tutýandyr ahmal
Gara pürenjegiň atyp başyna
Ýene-de
Tümlüge bürendi asman
24
47
Paradise
30.06.2023 16:14
Durmuş merdiwanyndan çykyp barýarkaňyz gabat gelýän adamlar bilen hoşamaý boluň. Sebäbi aşak düşüp barýarkaňyzam olar bilen gabatlaşaýmagyňyz ahmal.


Akylly adam töweregindäkileriň güýjünem öz hasabyna ulanyp bilýän adamdyr. Akylsyz we emelsizler bolsa, ol güýji ulanmag-a beýlede dursun, gaýta ili günäkärläp gezmekden teselli gözlärler.
30
113