Paradise
06.07.2023 19:42
Sen «Söýgi» diýilse, nämä düşünýäň?!
Şeýle bir bilesim gelýär pikriňi.
Men üçin-ä söýgi — seniň gözleriň,
Söýgi — seniň şol gözleriň kirpigi.

Söýgi — seniň aýaklaryň ädimi.
Söýgi — seniň gol uzadyp durmagyň.
Men dünýäň gurluşyn geň görüp ýörkäm,
Gelip, öz kalbymda dünýä gurmagyň.

Söýgi — seniň oýa batyp oturşyň.
Söýgi — seniň aýdýan, aýtjak sözleňem.
Men «söýgi» diýdim-de, saňa düşündim,
Mümkin, muny geň görýändir özgeler.

Mümkin, olar öz ýanyndan «Söýgi has
beýik ahyr!» diýýändirler,
ähtimal...
Ýöne, menem peseldemok söýgini,
Sen söýgi dek beýge galdyň, mähriban!
44
195
arzuvym_talyp
7 Iýul 2023
Men dünyaň gurlushyn geň görüp yörkäm,gelip meň kalbymda dünya gurmagyň...👏🌹
ylham_gurbanaly
7 Iýul 2023
Sen söýgi dek beýge galdyň, Mähriban!
okan
7 Iýul 2023
Soygi ,👍👍👍
dilo
7 Iýul 2023
👍
mandarin
6 Iýul 2023
Men söýgi diýdimde saña dűşindim👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.