Eje, men bir dünýä düşdüm,
Dünýä diýseň, dünýä eken!
Munda müşkler ilki kükäp,
Gunçalar soň düwýän eken.
Eje, men bir kümä düşdüm,
Sähel ýele yranaýýar.
Şony gören günüm weli,
«Ol — köşk» diýsem, ynanaý-da!
Eje, men bir guýa düşdüm,
Suw guýýaryn gözlerimden...
«Çyk» diýme, çuň ol, eje jan,
Meniň ýaly döz gelerden.
Eje, men bir ýola düşdüm,
Adam ýok, ikijigimiz...
Biri-hä öz gyzyň, eje.
Birem — ogly ejesiniň.
Eje, men bir joşa düşdüm,
Begenjimden aglap, ýöne.
Eje, men bir oda düşdüm,
Ýanýan...
Tenim abat ýöne!