PERIM...
11.12.2022 10:00
Eje sözi garylypdyr sögünje.
Ejäniñ gymmatyn bilseñiz eger,
Ol Allanyñ "Söyüñ" diyen ynsany.
Bu gün bolsa goç ýigitleñ dilinde,

Sögünçlere garylypdyr günsaýy.
Han-ha iki yigit ýumruga derek,
Bir-birini urýar ejeñ-ejefiläp
Düşün şol ejeleñ diñe siz üçin,

Büküldi billeri, galdy ejizläp.
Mahrem zenanlary goramak uçin,
Doguldyñyz erkek tajiñiz bilen.
Keramatly söze sögünmä derek,

Çözüñ meseläñiz güýjüñiz bilen.
Yumruk aylamana yüregi yetman,
"Eje" diýen söze dözýär ýüregi.
Şol ýüregi hem-de akylsyz başy,

Gorayandyr ejeleriñ dilegi.
Arlygyñy çalşyp geçen gijeler,
Nalamady, batmady gaygy-ünjā.
Sorayaryn sizden, bu keramatyn,

Ady neneñ garylypdyr sögünje.
Unutman! Agyzdan çykan sözüñiz,
Göreldedir ösüp barýan nesile.
Biz böwet bolmasak öwrüler bu söz,
lñ uly günäli yokanç kesele.
@PERIM.99
23
72
PERIM...
10.12.2022 09:59

Başyñ sypar ýaly

Gel diýmezler gujak açyp duran ýok,
Niçiksi bolsa-da durmuş ahwaly.
Kalba sen deý söýgüñ köşgün guran ýok,
Käbäñ dälmi saña berip bir jany,
Ejeñ ýokdyr mydam baş sypar ýaly.

Perzentlik parzymy ýerine ýetirip,
Müñde şükür edip bilsem bir razy.
Ýerden bu nuruñy arşa göterip,
Ýanyña baraýyn gujaklar ýaly.
Mahmal elleriñden baş sypar ýaly.

Kyýamat gün ajal gelse başyña,
Perişde deý bolup egniñde kazy.
Dözmezem perzendiñ her bir ýaşyna,
Ýaşarsyñ bu dünýe hemmäde pany.
Emma ejeñ bardyr baş sypar ýaly.

Söýdüm, söýýän, baky söýernem,
Gerek bolsa alyñ bar dünýe maly.
Ýöne ýeke keramatymy bermen,
Bolasym gelenok käbämiñ zary.
Wah, mydam bolsady baş sypar ýaly.

Çagalykdan ýörjen yörjen öwreden,
Soñ ulaldyp, il içinde ýer eden,
Öz bagtyny berip Jennede gider,
Şol pursat duýarsyñ çekersiñ agy.
Ejeñ bolmaz bu başyñ sypar ýaly.

Jemşit Hajymämmedow
@Jemsitpoet
15
34
PERIM...
08.12.2022 17:44

Angliýaly bank işgäri Tomas Konneli Humber derýasynyñ kenarynda ýerleşen Kingston şäheriniñ merkezindäki mähelleli köçede ýaşaýardy. 1987-nji ýylda onuñ aýaly Margaret rak keselinden aradan çykyp, iki çagany: ýedi ýaşly Tom bilen on bir ýaşly Brigittany adamsyna goýup gidipdi.
Şol ýylyñ 9-njy iýunynda Tomas öýüne işden giç gaýdyp gelipdi. Ýerine geçip ýatmazdan öñ, ol oglunyñ otagyna aýlanyp görýär, emma ýorganyna dolanyp ýatan oglunyñ temperaturasynyñ galanlygyny, mugallymlarynyñ bolsa ony lukmany çagyrmagy maslahat berip, okuwdan boşadyp goýberendiklerini bolsa bilmän galýar. Sebäbi ogly kakasyna hiç zat aýtmandy. Tomas bolsa oglunyñ kesellänliginden bihabar bolup, ýerine geçip ýatýar.
Gije sagat birde Tomas telefonyñ jañynyñ sesine oýanýar.
- Hawa, aýdyberiñ - diýip, ol ýarym ukyda telefonyñ trubkasyny galdyrýar.
- Tomas, tizräk lukmanlary çagyr-da, Tomyñ otagyna bar. Ol gaty gyzdyryp ýatyr.
- Näme, näme? - diýip, entek doly ukydan oýanmadyk Tomas gaýtadan soraýar.
- Eger-de sen "Tiz kömegi" çagyrmasañ, Tom öler. Haýyş edýän tizräk bol!
Konneli awtomat kimin tizlik bilen oglanjygyñ otagyna ylgap barýar. Tomyñ huşsuz ýatanlygyny görüp, ýene-de telefonyñ ýanyna ylgaýar.
On minutdan soñ gelip ýeten "Tiz kömek" Tomy keselhana alyp gidýär.
Diñe şondan soñ Tomas birnäçe wagt mundan ön telefonda eşidilen sesiñ öz merhum aýalynyñkydygyny bilip galýar.
Tom Konnelini halas etdiler. Ýene-de biraz eglenenliginde, ol demigip öljek ekeni. Üç hepdeden soñ kakasy ogluny keselhanadan alyp gaýdýar.
- Men nämüçin täzeden öýlenmänligimiñ sebäbini gowy bilýärin - diýip, Konneli soñra doktor Gowarda aýdýar.
- Haýsy dünýäde we nädipdigini biljek däl welin, ýöne aýalym ýaşamagyny dowam etdirýär...
Bu wakany doktor Goward 1991-nji ýylyñ güýzünde Rimde geçirilen medisina simpoziumynda beýan edýär. Jedel wagty lukmanlaryñ arasynda şolar ýaly wakalaryñ ýene birnäçesiniñ bolanlygy ýüze çykypdyr.

Sony... (Hakyky bolan waka esasynda)


Like goymagy unutman 👍
28
151
PERIM...
07.12.2022 09:36

Ejäniñ gyzyna haty: "mähriban gyzym, sheÿle gün geler men garraryn, shonda maña dushünjek bol, goldavym boljak bol...
Egerde nahar iÿenimde birden dökäÿsem ÿa-da seniñ kömegiñsiz geÿinip bilmesem sabyrly bol, men sena shu zatlary nache yyllar öwredenimi unutma, egerde seniñ bilen gürleshenimde shol bir zady ÿüz gezek gaytalasamam, meniñ sözümi bölme...
Hacanda sen chagajykkan men sana shol bir ertekini sen uklar ÿaly müñ gezek aÿdyp berÿärdim, hacanda men täze chykan tehnologiyalara düshünmeÿänimi göreniñde, maña gülüp seretme, men saña sheyle köp zatlary ovretdim: nädip dogry iÿmeli, geÿinmeli, gürlemeli, özüñi alyp barmaly...
Egerde birden ikimiz gürleship otyrkak men gürrüñimizi ÿadymdan çykaraÿsam gynanma, iñ esasy zat shol vagt: men seniñ bilen gürleship sen bolsa meni diñläp bilÿänligiñ...
Egerde bir gün meniñ aÿaklarym hereket etmesini goÿaÿsa, maña elleriñi ber, men saña ÿöremegi öwredenimde ellerimi berip öwredishim ÿaly, birdenkä añym gidip meniñ ÿashasym gelenok diyip zeÿrenäÿsem gaharyñ gelmesin, vagty gelende sen maña düshünersin...
Meniñ garrylygymy görüp gynanma, aglama.. men saña durmusha bashda gadam basan vagtlarynda kömek edishim ÿaly, senem maña ömrümi ahyrlamaga kömek ber, meniñ yanymda bol...
Ömrümi sabyrlylyk söÿgi bilen tamamlamaga kömek ber...
Men bolsa saña öz ÿylgyrshymy hemde hich vagt öçmejek ummasyz söÿgimi serpaÿ goÿup giderin, men seni söÿÿän meniñ mahriban, jan gyzym!"

Soňy.
22
130
PERIM...
06.12.2022 01:50
oyünde ýylan saklaýan zenan, gowy görýän ýylanynyń
hiçzat iýmeýänini gördi. Näme etsede 3 metrlik ýylany
hiçzat iýenokdy. Derdine çäre gözläp ýylany weterinere
äkitdi weyylanyñ ýagdayyny oña düşündirdi.
Weteriner lukman oña: Yylan size oraşýarmy, ýanyňyzda
yatýarmy, diýip sorady.
Hawa diýipjogaplady zenan.
Yagdaya düşünen weteriner dowam etdi. Diñläñ siziň
yylanynyz hassa däl ol sizi iýmäge taýýarlanýar. Şol
sebäpden size oraşyp näçe ulalmasy gerekdigini ölçeýär.
liçzat iýmemeginiñ sebäbem siziň üçin garnynda ýer açma
Bu kyssadan bolsa netije: Yanyñyzdaky Ýylanlary gowy
tanañ. Bir ynsan size ýakyn durýan bolsa bu gowy niýetli
bolandygyny görkezmez. Hyýanat mydama gapyda bolup
biler.
25
105
PERIM...
05.12.2022 09:36

👍
Kimi tansa galdyrar,🤨
Kimi namaza💕💝

Kimi haram içirirer,🥺
Kimi zemzem suwy 💕

Kimi uStuni açaf,🤔
Kimi ustuni onter💕

Kimi arkañda men diyer,😔
Kimi onünde namaza durar💕

Kimi hapa sówer,🙂
Kimi dileg eder.💕
20
98
PERIM...
04.12.2022 00:25
Ata enäni razy etmek

Eneñ razy bolsa, jaýyñ jennetdir,
Atañ razy bolsa, Tañry hem razy.
Eger razy etseñ kalba medetdir,
Razy bolmasalar Tañrydyr kazy.


Enäñ her agaran ýeke saçynda,
Bardyr seniñ her pursat alýan demiñ.
Eneñ gezip ýörkä Ýeriñ ýüzünde,
Tagzym bolar bütin Älem, Ýer, Zemin.


Atañ her agaran ýeke saçynda,
Bardyr seniñ her pursat çekýän gamyñ.
Perzendiñ päkligi Atañ kesbinde,
Atañsyz seň üçin bu dünýe zalym.


Eneñ, Atañ gadryn bilmeseñ eger,
Terki dünýä dönüp aglarsyñ meger,
Saña däl, bu sözler ýüregñe deger,
Soñynda puşman deý aglap ne peýda.
18
57
PERIM...
02.12.2022 05:48
Döwür beýle däldir

Dünýe döräp, heniz şeýle
ajaýyp döwür bolan däldir.
Emma käbir naýynsaplar
özleriniň ähli aýyplaryny
döwrüň ustüne atýarlar.
(Ýaşulular Sowetiniň
maslahatynda bir
gojanyň aýdanyndan)

– A-gyz, näme, hanmydyň sen!
Geýinýärsiň beýle gymmat?
Her ýaglygyň – iki goýun.
Her ýüzügiň – bir bedew at.
Her köýnegiň bahasyna
alyp boljak iki sygyr.
– Iller geýýär, menem geýjek.
Döwür şeýle, döwür.


Gelin, näme dänjirýärsiň?
Çüýredimi öňki dişiň?
Altyn seni ýigdeltmändir:
kyrk bolupdyr otuz ýaşyň.
Hem pul seçdiň, hem garradyň,
hem dişiňe berdiň jebir...
– Iller şeýdýär, bizem şeýtdik,
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– A-how ýigit, bu nä boluş!
Ýeňsäň saçy iki gujak!
Bu gün-erte ogluň bolsa,
sallançak hem ýasap boljak.
Hany derrew il görmänkä
sertaraşa tarap ýüwür!
– Iller şeýdýär, menem şeýtdim.
Döwür şeýle, döwür.


– Men-ä seni tanamadym.
Gözleriň-ä örän tanyş
Wiý, wiý, Berdiň gyzymy sen!
Saçyň näme ýarty garyş
Dört örümiň şemal degse
seslenerdi şowur-şowur,
– Iller kesdi, menem kesdim
Döwür şeýle, döwür.


* * *
Goňşym diýdi: «Toýdan bäri
iş edenok oglum Anna
Ogluň Anna iş edermi!
Öýün goşy – dokuz tonna
Ojakda-da öweç eti
bylkyldap dur bygyr-bygyr...
–Wah, şeýdýäs-dä... Biz guraly!
Döwür şeýle, döwür.


–Dur, dur gardaş! Konwertiňi
atma poçta ýaşigine
Işligini görmesem-de,
seredeýin daşlygyna.
Muň yzynda goluň ýok-la!
Näme barka, için çöwür?!
– Çöwürmäge gaýrat ýokdur.
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– Şägirt inim, eserleriň
setir sany çykdy çenden
Kitaplaryň galňadykça,
okalýarsyň günbe-günden!
Setirleriň arasynda
ne ýürek bar, ne-de bagyr...
– Şu günki öýken... besdir maňa.
Döwür şeýle, döwür.


Omzy bilen bir gojany
kakyp geçdi daýaw oglan.
– Ýeri köçä sygaňokmy,
garynjygy doýan oglan?
Degmedige ýylanlaram
degmezmişin ömür-ömür.
O diýýäniň ertekidir.
Döwur şeýle, döwür.


* * *
Aýna bakyp bezenip dur
çynar boýly Ogulsenem.
– Hanha seret, hamyry-da
ýugrup otyr syrkaw eneň.
Hany derrew eliň ýuw-da,
iýjek nanyň özüň ýugur!
– Ejem jandan aýlanaýyn!
Döwür şeýle, döwür.


* * *
Iki mellek ortasynda
gygyrşyp dur iki goňşy.
Ýeke garyş ýer üstünde
turýar «watançylyk» urşy,
– Agam, sen bir parhlyrak bol,
nämä gerek munça wagyr?
– Parhly bolsaň nyrhyň bolmaz.
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– On otagly köşk gurupsyň.
Keşşik aga, berekella!
Ýöne bu on... köpräk dälmi
dört-bäş sany gara kellä?
Görýän weli, bir aýlyk däl:
kisejigiň örän agyr.
– Aýlyk bilen iş bitenok.
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– «Moskwiçli», Žigulili»
köp duşupdyň uly ýolda.
Bu gün bolsa garažyňda
lowurdap dur mele «Wolga».
Bir başyňa nämä gerek
munça rul, munça tigir?
– Satýas, alýas... Alýas, satýas...
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– Köşek, nirä howlugýarsyň?
Ajalamy? Jenaýata?
Kabinaňda – mele gelin.
Özüň bolsa – juwan ata.
Bäş-on minut giç barsaň-da,
toý eýesi eder sabyr...
– Döwre görä sürmek gerek.
Döwür ýyndam, döwür.


* * *
– Aý, goňşy jan jan, aýaklaryň
kesildi-le işigmizden
Ozallar-a tä ýatýançak
düşmezdiňem düşegmizden.
Ýatlaşardyk geçenleri.
Okaşardyk goşgy-şygyr.
– Şygyr-pygyr ýatdan çykdy.
Döwür şeýle, Döwür.


* * *
– Magaziniň takrap ýatyr.
Planyň hem uklap ýatyr.
Gerek zady, geçgel zady
haçan aljak, Mämmet müdir?
Bu gün-bu gün, ertir-ertir.
Gutardy-la takat-sabyr.
– Zat bermeseň – zat berlenok.
Döwür şeýle, Döwür.


* * *
– A-haw, dogan, düýn dälmidi
öz dostuňa wepaň hakda
Güp-güp edip, gant deregne
ant içýärdiň tokga-tokga.
Indem dosta şyltak atyp, dübläp
ýörsüň gübür-gübür
– Işim bitdi. Antym ýitdi.
Döwür şeýle, döwür.


* * *
Öňümden bir ýigit çykdy
ýetmiş ýaşly garry ýaly.
Düýnem daýaw bir ýigitdi
dagda biten gargy ýaly.
Bu gün bolsa garynja dek
zordan ýörýär gybyr-gybyr...
– Şahyr, ýör bir... üçleşeli
Döwür şeýle, döwür.


* * *
Soradym men Döwre bakyp.:
«Dogrudanam, şeýlemiň sen?
Hany antyň? Hany haýaň?
Serhoşmyň, sen? Telbemiň sen?»


Döwür maňa jogap berdi:
«Men hemişe size bagly.
Ulaldýan hem adam ogly,
kiçeldýän hem adam ogly.


Biri çekýär ýagta tarap,
biri çekýär gijä tarap –
Uly çekýär ula tarap,
kiçi çekýär kiçä tarap.


Ýagşylara arka durdum,
ýamanlary gaýgyrmadym.
Dogrulyga çagyrdym men,
egrilige çagyrmadym.


Ýalan gepi diý diýmedim.
Döwlet pulun iý diýmedim.
Iki sygryň bahasyny
köýnek edip geý diýmedim.


Münmek üçin maşyn berdim,
ýüz elliden bas diýmedim.
Daranmaga darak berdim,
dort örümiň kes diýmedim.


Dynç almaga wagt berdim,
okamaga – bagt berdim.
Jübiňizden hak almadym,
öz kisämden mugt berdim.


Bugdaýňyzy orup berdim,
pagtaňyzy ýygyp berdim.
Her gün içjek süýdüňizem
güjürdedip sagyp berdim.


Söýüşseňiz – ýigit berdim,
söýülseňiz – gözel berdim
Lak atmaga söz tapmasaň –
goşgy berdim, gazal berdim.


Dertleseňiz – derman berdim,
işleseňiz – zähmet berdim.


Ýaşamaga al baýdakly,
adalatly Döwlet berdim.
Bezedim men egniňizi,
doýurdym men garnyňyzy.
Ýöne weli käbiriňiz
ýelä tutup burnuňyzy,
Bar garany maňa sürtüp,
Etseňiz-de uly gowur,
Dünýe döräp bolan däldir.
Meniň ýaly Uly döwür...


Siz etmeli ömri ömür,
Siz etmeli döwri döwür!»

Kerim Gurbannepesow
.
18
72
PERIM...
01.12.2022 19:56
30-nji noýabrda «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen üýtgeşme resmi türkmenmetbugatynda çap edildi we güýje girdi.

Täze kabul edilen Kanuna laýyklykda 2013-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasynyň ikinji böleginiň 7-nji bendinde, bäşinji, altynjy we ýedinji böleklerinde «kämillik» we «On sekiz» diýen sözleri degişlilikde «ýigrimi bir» we «Ýigrimi bir» diýen sözlere çalşyryldy.

Ýagny girizilen üýtgeşmä laýyklykda, mundan beýläk temmäki önümleriniň satylýan ýerlerinde, kassa enjamynda ýa-da onuň ýanynda hökmany suratda «Temmäki önümlerini 21 ýaşyna ýetmediklere satmak gadagandyr» diýen ýazgy ýerleşdirilen bolmaly we 21 ýaşa ýetendigine şübhe dörän temmäki önümini alýan şahsa temmäki önümleri satylýan mahalynda satyjy käbir borçlara eýedir. Şeýle ýagdaýda satyjy alyjynyň hakyky ýaşyny kesgitlemek maksady bilen pasportyny (onuň ornuny tutýan resminamany) talap etmäge; eger pasporty (onuň ornuny tutýan resminamasy) görkezilmedik ýagdaýynda, temmäki önümini satmakdan ýüz öwürmäge borçludyr..
20
63